"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bildiriş

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili karary, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň 2022-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky 412 belgili karary esasynda S.A.Nyýazow adyndaky Hojalygara maldarçylyk daýhan birleşiginiň adynyň üýtgedilip, mundan beýläk Şabat etrap hojalygara maldarçylyk daýhan birleşigi diýlip atlandyrylandygy habar berilýär. * * *

GULBABA ADYNDAKY ÇAGALAR BAÝRAGY

2023-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna paýtagtymyzdan we welaýatlardan baýragyň eýesi bolan zehinli çagalar we çagalar toparlary ýygnandy. Olaryň köpüsi ýaş aýdymçylardyr. Ýeňijilere degişli Şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şu ýyl baýraga ýurdumyzda jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, ýokary döredijilik ukybyny görkezen zehinli çagalar hem-de çagalar döredijilik toparlary mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Arkadagly Ýaşlar»

"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" açyk paýdarlar jemgyýeti size aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär

"Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi" Türkmenbaşy portundan Poti we Türkmenbaşy portundan Mersine konteýner gatnawy üçin fewral aýynyň soňuna çenli dowam edýän ýeňillikli nyrhnamalary hödürleýär. Bu nyrhnama diňe 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli elýeterlidir!  

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, beden hem ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, şeýle hem Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän umumy orta bilimli, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edýändigini habar berýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. 2. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň çäklerinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi 2023-2024-nji okuw ýylynda okamaga isleg bildirýän, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlanda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagat Türkmenistanyň raýatlaryny giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigini habar berýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlary hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant alynýar. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2023-nji ýylda audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan öňdebaryjy we tejribeli kompaniýalar çagyrylýar.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2023—2024-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Bildiriş

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky 336 belgili Kararyna laýyklykda we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2022-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 608 belgili hem-de Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň 2022-nji ýylyň 8-nji dekabryndaky 90-Ö belgili buýruklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň 2022-nji ýylyň 8-nji dekabryndan ýatyrylyp, 9-njy dekabryndan Akdepe etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň garamagyna geçirilýändigi habar berilýär. * * *

Üns beriň, bäsleşik!

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi, maşgala gymmatlyklarymyzy mynasyp dowam etdirmegi üçin uly şert-mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, döredilýän mümkinçiliklerden göwünleri galkynýan ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerini beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda gazetiň okyjylarynyň arasynda «Şu milletiň, şu topragyň nesli biz» atly makalalaryň, oçerkleriň, hekaýalaryň, goşgularyň döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Okyjylar köpçüligi öz ýazan (öň çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik) makalalaryny, oçerklerini, hekaýalaryny, goşgularyny bäsleşige hödürl

Fotosuratçylaryň hem-de suratkeşleriň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar we döredýär. Taryh üçin uzak bolmadyk Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ösüş-özgerişleri, milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaşlaryň göreldeli zähmetini açyp görkezýän ýokary hilli surat eserleriniň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda fotosuratçylaryň hem-de suratkeşleriň arasynda «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşik yglan edildi.

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-023 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Demirýol köprüleri hem-de demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallar

Raýatlaryň we edara-kärhanalaryň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, sizi 2023-nji ýyl üçin şu aşakdaky ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň zerurdygyny ýatladýar. 1. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplarynyň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy;

Bildiriş

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Akdepe etrabynyň düzümine, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş çäk birlikleriniň Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirilýändigi, Daşoguz welaýatynyň  Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Babadaýhan, Şatlyk obalarynyň Daşoguz şäherine birikdirilýändigi sebäpli, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndaky 22 belgili haty esasynda, Andalyp şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-43 ugur kodunyň ýatyrylyp, 003-44 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Gubadag şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-45 ugur kody ýatyrylyp, 003-46 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň öňki Babadaýhan, Şatlyk oba

Üns beriň, bäsleşik!

Bäsleşigiň düzgünnamasy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Uly ruhubelentlik hem-de päk arzuw-niýetler bilen gadam basan täze ýylymyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylyp, şanly ýyl nurana geljegimiz baradaky çäksiz aladalardan gözbaş alýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça:

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi we onuň welaýatlardaky şahamçalary isleg bildirýänleri awtoulag dolandyrmagy öwrenmäge taýýarlyk okuwlaryna çagyrýar. Okuwlaryň möhleti, bahasy we degişli derejeleri şulardan ybarat: