"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Zenanlaryň zehin synagy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry jemlendi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çärelerine özboluşly toý ruhuny çaýan bäsleşigiň bu tapgyry Änew şäherindäki medeniýet öýünde geçirildi. Oňa etrap tapgyrlarynda öňe saýlanan zenanlar gatnaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça guraldy. Gökdepe etrabyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň baş hünärmeni Maral Durdyýewa, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Amanjahan Ataýewa, Kaka etrabynyň medeniýet merkeziniň işgäri Jennet Çaryýewa, Bäherden etrabyndan mährem ene Orazbike Pirmuhammedowa, Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Ogulsuraý Huseýinkuliýewa, Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň arçyny Ogulbibi Dädäýewa, Gökdepe etrabyndan telekeçi zenan Ogulgözel Sapaýewa öňe saýlanyp, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşm

Maglumat

Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlary kömek-maslahatlary we maglumatlary almak üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň telefon belgileri: 

Halk hakyndaky nusgalyk alada

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda badalga berilýän il-ýurt bähbitli işler ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar, guwandyrýar. Şol işlere öz mynasyp goşandyny goşmak hyjuwy her bir türkmenistanlynyň kalbynda joş urýar. Arkadagly Serdarymyz halk üçin, ýurt üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýip nygtady. Örän gysga döwürde amala aşyrylan ägirt uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyryp, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterdi. Her bir adamyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, işlemegi, döretmegi, gurmagy, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin täze eýýamymyzda döredilen şert-mümkinçilikler dünýä nusgalyk bolup, olar raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Adam hukuklarynyň goraglylygy üpjün edilýär

Ýurdumyzda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasaty Diýarymyzyň adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmegine getirdi. Ata Watanymyzda halkara borçnamalary ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen degişli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet häkimiýetiniň ähli edaralary, döwlet gullukçylary adam hukuklaryny üpjün etmäge ýardam berýärler. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, ministrliklerinde guralýan hukuk maslahatlary, hukuk habar beriş işi ýaly çäreler demokratik, hukuk döwletimizde raýatlarymyzyň diňe bir hukuklaryny däl-de, eýsem, borçlaryny amala aşyrmak bilen, olaryň jemgyýetiň döredijilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna ýardam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. Raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli, döwrüň talabyna laýyk kämilleşdiri

Belent sarpanyň eýeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojaklarymyzyň eýeleri bolan zenanlara çäksiz hormat goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladalaryna bagtyýar zenanlar tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýärler. Olar önümçiligiň dürli pudaklarynda göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary we azatlyklary döwlet tarapyndan ygtybarly üpjün edilip, olar demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny has-da berkitmäge işeňňir gatnaşýarlar. Şeýle-de zenanlaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär.

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

Häzirki wagtda döwletimizde jemgyýetçilik bähbitleri bilen şahsy bähbitleriň sazlaşykly utgaşýan ýeri bolan maşgalany goldamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Ýaş maşgalalara döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilip berilmegi olaryň agzybir maşgala bolup, ata Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga uly höwes döredýär. Şeýle-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwrebap kadalar öz beýanyny tapýar.  Maşgala — bu jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini aýgytly derejede kesgitleýän döwletiň düzüm bölegi bolup,  jemgyýetiň özeni hasaplanýar. Ynsanyň ruhubelent, sagdyn bolmagy maşgala abadançylygy bilen baglanyşyklydyr. Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň tutýan orny möhümdir.

Seýis

(Hekaýa) Nepes aga obada sylanýan, hormatlanýan orta ýaşlaryndaky adamdy. Ol ökde seýisdi. Onuň kakasy-da, atasy-da seýisçilik edipdirler. Ol kakasyndan at seýislemegiň inçe tärlerini irmän-arman öwrenipdir. Şeýle bolansoň, onuň seýisleýän atlarynyň baýrak almaýany az-azdy. Seýis bilen goňşy ýaşaýan ýaşytdaşy Sapar aga bolsa hyrsyzrak, göribräk adamdy. Onuň Nepes aganyň at saklaýşyna, seýisleýşine, atynyň çapyşyklarda köplenç ozuşyna gözi gidýärdi we bu ýagdaý onuň özünde-de at saklamak höwesini döretdi. Bir gün ol Nepes agadan bir bedew almaga kömek etmegini haýyş etdi. Hiç kimden kömegini gaýgyrmaýan seýis oňa tohum at alyp berdi, ony saklamaga-da, seýislemäge-de ýardam etdi.

Yhlasly zähmet üstünlige ýetirýär

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ykdysady strategiýasyna laýyklykda täze, döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary gurulýar, öňden barlarynyň durky täzelenilýär. Önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy täze derejelere göterilýär. Öňdebaryjy senagat kärhanalarynyň arasynda Türkmenabadyň tikin fabrigi hem bar. Bu kärhana bazar ykdysadyýeti şertlerinde girdejili işlemegiň ýoluna düşmegiň hötdesinden geldi. Munuň özi hut täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde gazanyldy. Bu ýerde durkuny täzeleýiş işleri durmuşa geçirildi. Fabrigiň giň we ýagty iş sehlerinde tikinçiler yhlasly zähmet çekýärler. Olar ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan tikin maşynlaryndan peýdalanyp ugradylar. Şolaryň netijesinde zähmet öndürijiligi-de we önümleriň hili-de barha ýokarlandy. Içerki bazarda fabrigiň önümlerine isleg bildirýän hyrydarlar hem artyp ugrady. Önümleriň elýeterli bahalarynyň, şeýle hem ýokary hiliniň bolmagy şu döwürde has-da tapawutlandyryjy tarapyna öwrüldi. Önümçilikde işleýä

Arkadag şäheri — şäherleriň göwheri

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Biz «akylly» şäher we «akylly» ýaşaýyş jaý taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledik.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edeliň!

Edara-kärhanalarda, öýlerde geçirilýän çäreleriň partlama we ýangyna howplusy kebşirleýiş işleridir. Bu işler esasan, açyk oduň ulanylmagy, uçgunlaryň emele gelmegi, ýokary temperatura çenli gyzdyrylmagy bilen baglanyşykly bolup, ol taýýar önümleriň, önümçilik to zanlarynyň we galyndylarynyň, gurluşyk materiallarynyň ýanmagyna getirip bilýär. Kebşirleýiş işleriniň iň howplusy demri kebşirlemek we kesmek bolup durýar. Edara-kärhanalaryň çäklerinde kebşirleýiş işlerini geçirmek üçin ýörite ýerler bölünip berilmelidir we şol ýerlerden başga ýerlerde kebşirleýiş işlerini geçirmek gadagandyr. Ýörite taýýarlyk okuwlaryny geçip, synag tabşyran we güwänamasy bolan adamlara kebşirleýiş işlerini geçirmäge rugsat berilýär.

Bagtyýarlyk mekany

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen asyryň kämil sungat eserine öwrülen mähriban paýtagtymyz bu gün Ýer ýüzünde halkara işewürlik, parahatçylyk merkezi hökmünde giňden tanalýar. Özüniň ak mermere beslenen kaşaň binalary, aýna ýaly tekiz, giň şaýollarydyr köçeleri, seýranly seýilgähleri, Gün nuruna lowurdaýan şirin mukamly suw çüwdürimleri bilen görenleri haýran galdyrýan gözel paýtagtymyzyň her bir binasy özboluşly binagärlik dürdänesi. Şeýle ajaýyp desgalaryň ençemesi täsin aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň barha giňeýän çäginde gurluşyk işleriniň ençemesi batly depginler bilen alnyp barylýar. Bu iri möçberli gurluşyklar Aşgabadyň mundan beýläkki ösüşiniň möhüm şerti bolmak bilen bir hatarda, ata Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň barha rowaçlanýandygynyň hem aýdyň mysaly bolup durýar. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň şeýle hemmetaraplaýyn ösen binagärlik keşbiniň kemala gelmeginde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilip, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň gözbaşynda Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz aladalary, durmuşa geçirýän ýurt ähmiýetli beýik işleri d

Belent mertebe

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly şäheri Çunsin şäheri tutýan meýdany boýunça dünýäde birinji orundadyr. Onuň eýeleýän meýdany Awstriýanyňky bilen deň diýen ýalydyr. Ýansyzy derýasynyň ýokary akymlarynda ýerleşýän bu şäheriň ilatynyň sany bolsa 30 milliona golaýlaýar. Daş-töwereginde baýyrlyklaryň agdyklyk edýändigi sebäpli Çunsine daglyk şäher hem diýilýär. Hytaýyň iň gadymy şäherleriniň sanawynda hem durýan bu çäklerde taryhy we medeni ýadygärliklere köp duş gelinýär. Onuň taryhy birnäçe müňýyllyklara uzaýar. Gaýalarda ýazylan gadymy ýazgylardyr suratlar, uly jeňňellikler, «daş tokaýlyklary», goraghanalar şäheriň has irki döwründen söz açýar. Orta asyrlarda bu şäher dünýäniň esasy gatnaw merkezine öwrülip, onuň üstünden söwda kerwenleri geçipdir. Bu sebitde subtropiki howanyň höküm sürýändigi sebäpli şäherde çabgaly ýagyşlar köp ýagýar.

Watan genji-känimizdir

Watan — bize ata-babalarymyzyň bagyş eden bahasyz baýlygy. Bu mukaddesligi gözümiziň göreji deý gymmatly saýyp, oňa ak ýürekden hyzmat etmek, ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, biziň her birimiziň öňümizdäki gaýragoýulmasyz borçdur. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Watany özgertmegiň hatyrasyna rowaçlandyrylan döwletli işler mertebeli ýaşaýşymyzyň beýanydyr. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr. Watany goramak borjy Watanyň gadyr-gymmatyna çensiz uly sarpa goýýan il-halkymyzyň emer-damarynda ýaşaýar. Munuň şeýledigine taryh gözli şaýatdyr. Watan goragy diýlen düşünje, watan goragçysy diýlen belent borç öz içine juda köp zatlary alýar. Watan goragynyň belli bir wagty ýa-da möhleti ýok. Sen tä ömrüň ötünçä, Watanyňy goramaga, gerek bolsa, janyňdan hem geçip goramaga borçly. Ol borç bolsa, diňe gylyç syryp, galkan tutmagy, at münüp, ok çekmegi talap etmeýär. Watanyňy ýeri gelende Keýmir serdar ýaly ýiti paýhasly iki agyz söz bilen, ýa-da bolmasa Şükür bagşy ýaly sungatyň jadyly dili bolan sa

Şanly wakanyň buýsanjy

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Bagtyýarlyk medeniýet öýünde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahat şu ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegine bagyşlandy. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bagtyýar raýatlarymyzyň arzuw-islegi, köpsanly teklipleri esasynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde kanun taýdan ykrar edilmegi ýurdumyzyň täze taryhynyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Munuň özi halkymyzyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şeýle şanly wakalar bilen başlanylmagy ähli ildeşlerimiziň ýüreklerindäki buýsanç duýgularyny goşalandyrdy. Dabaraly maslahatyň dowamy joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde belentden ýaňlanan joşgunly aýdymlarda il-ýurt bähbitli beýik işleriň, eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň waspy ýetirildi.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäherinde döredilen saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri we araçäkleri barada MAGLUMAT

Berkararlyk etraby boýunça 1-nji saýlaw uçastogy

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallar geljek hepdäni birnäçe üýtgeşik wakalar bilen garşylarlar. Maddy ýagdaýyňyzy gowulandyrmak üçin edýän hereketleriňiziň, meýilleşdirýän işleriňiziň sizi biraz ýadatmagy mümkin. Biraz tijenseňiz, geljek hepdelerde özüňizi has arkaýyn duýarsyňyz.

Dabaraly maslahat

Ýakynda podpolkownik Eziz Aşyrowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şeýle-de şäher jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Onda KA-nyň şäher birleşmesiniň başlygy Aşyrmämmet Bezirgenow, TMÝG-niň şäher geňeşiniň wekili Gurbanmyrat Abdylweliýew, garnizonyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, kapitan Mekan Jumalyýew, şeýle-de çagyryş boýunça harby gullukçylar Watan mukaddesligi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Onuň dowamy şäheriň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar harby gullukçylara döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp, janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Umyt BAÝHANOW,TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy.

Ýaş nesil hakynda alada — ertirki güne ynam

Bizi belent üstünlikler bilen öňe alyp barýan şanly ýylymyzyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, belent maksatlar bilen röwşen geljege tarap ynamly gadam urýan türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň biri boldy. Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Şundan ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hem öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine, işjeň agzalaryna uly jogapkärçilik düşýär. Şeýlelikde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek olaryň ýokary hilli bilim almaklary, döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmaklary üçin ähli şertleri döretmek giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň ýaş nesliniň kema

Bagtyýar maşgala — bagta ýar geljek

Göwünleriň bezegi — ýagşy niýet, ömürleriň bezegi bolsa, asylly gylyk-häsiýetlerdir. Bu babatda ata-babalarymyzyň asyrlaryň paýhas eleginden geçirip, biziň şu günlerimize ýetiren nakyllaryndadyr aýtgylarynda «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan», «Adam bir ýaşar, edebi — iki», «Adamynyň özüne bakma, sözüne bak», «Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz» ýaly jümlelere gabat geleniňde, bu günki türkmen nesillerini terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işleriň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Watan ykbaly ösüp gelýän ýaş nesle bagly. Şoňa laýyklykda-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däp-dessurlarymyza eýerilip, nesil terbiýesine örän uly üns berilýär. Şonuň netijesinde hem, her bir türkmen perzendi maşgalada milletiň millilik ruhunda terbiýelenýär. Maşgalada jemgyýete ygrarly perzentleriň terbiýelenýändigi üçin halkymyz maşgala mukaddesligini Watan mukaddesligine deňeýär. Terbiýe meselesinde bolsa, aýratynam maşgaladaky zenanlar möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýdanymyzda, türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlara görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň, döwletliligiň eýesidir.