Şähergurluşyk maksatnamasy: Binagärligiň hem bezegiň sazlaşygy
Iri gurluşyklarda ýaşlaryň täzeçil çemeleşmeleri Ýakynda, 4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda saklanyp, degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. Şunda şäherleriň bezeg işlerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyňdyr mugallymlarynyň hem teklipleriniň öwrenilmelidigi bellenildi. Bu bolsa olaryň ýaşlarymyzyň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny has-da artdyryp, täze üstünliklere, döredijilikli gözleglere ruhlandyrdy.