"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bagtly çagalygyň mekany

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bagtly çagalygyň mekanydyr. Berkarar ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy bilen baglanyşykly aladalar şeýle diýmäge esas berýär. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň hereket etmegi röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz hakdaky aladanyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Çagalar bagynda bagtyýar körpelere döwrebap bilim, terbiýe berilýär, olarda milli mirasymyza, daşky gurşawa söýgi döredilýär. Munuň özi çagalaryň watansöýüji, päk ahlakly, giň gözýetimli nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.

Buýsançly hem bagtyýar ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň — ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär, ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy- -enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Biz hem ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň bildirýän ynamyny ödemek üçin yhlas bilen okarys, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak üçin zehinimizi gaýgyrmarys.

Ruhubelentleriň işi ileri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň paýyna uly wezipeler düşýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen şygarynda hem ýurdumyzyň geljegi hasaplanylýan ýaşlara bildirilen uly ynam öz beýanyny tapýar. Çünki ýaşlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmegi, Watanymyzyň şan-şöhratyny belent derejelere götermek üçin yhlasly zähmet çekýärler. Biz — ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni ukyp-başarnyklarymyz, zehinimiz bilen şöhratlandyrmaga çalyşýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz — ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.

Aýdyň maksatly ýörelge

Her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen baglanyşdyrylýar. Irki döwürlerden bäri ata-babalarymyz ylym-bilimiň adamzadyň aň-düşünjesini hem-de durmuşyny özgerdýändigini belläp, ýaşlara köp okamagy, kämil bilim almagy sargyt edipdirler. Jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadynyň ylym-bilime esaslanýandygy üçin hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatynyň esasy maksady hem hemmetaraplaýyn kämil, arassa ahlakly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekden ybarat bolup durýar. Şuňa görä Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklige aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgesine eýerip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ulus-ilimiziň erk-islegine gör

Abraýly menzillere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen döwletimiz dünýä ýaň salýan uly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ähli ugurlarynda ýokary sepgitleriň gazanylmagy ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokary galdyrýar. Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwaty günsaýyn artýar. Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän tutumly başlangyçlarynda halkyň bähbidi, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we öz çekýän zähmetiniň hözirini görmegi baradaky aladalar ileri tutulýar. Şu babatda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň öňküden-de ýokarlanmagyna, iş şertleriniň gowulanmagyna itergi berýär. Oba-şäherlerimiziň barha özgerýän keşbi, ekerançylyk meýdanlaryndaky joşgunly zähmet, maşgalalaryň abadançylygy, çagalaryň bagtyýarlygy döwrümiziň we göwnümiziň galkynyşyny, ýurdumyzyň rowaçly ösüş-özgerişlerini äşgär edýär.

Bilim daragtynyň miweleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörelgelerinden badalga alýan bilim strategiýasy dünýä döwletleriniň ösen tejribelerine, innowasion tehnologiýalaryna, bilim ulgamynda täzelikleri ornaşdyrmagyň döwrebap usullaryna we halk pedagogikasynyň milli ýörelgelerine daýanýar. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen türkmen halkynyň milli pedagogikasy ýaş nesilleri ylmy nukdaýnazardan okatmagyň dürli görnüşlerini peýdalanmak arkaly netijeli okuw sapaklaryny guramaga ýykgyn edýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň mähriban pederi, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly her bir harby okuwçy üçin görelde mekdebi bolup durýandyr. Berdimuhamet aganyň çagalary terbiýelemekde, olara bilim bermekde, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda peýdalanan ýörelgeleri we usullary şu günki günde hem nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak döwrüň wajyp ýörelgeleriniň hataryna girýär.Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýan harby okuwçylaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynda

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmek maksady bilen, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem bilim portaly döredildi. Bu portal özünde elektron okuw-usulyýet toplumyny, elektron žurnaly we elektron kitaphanany jemleýär. Şeýle hem, bu portalyň üsti bilen gündelik durmuşdaky, ýurdumyzyň we dünýä syýasatyndaky habarlary, sport täzeliklerini harby talyplara we mugallymlara ýetirmek mümkinçiligi bar. Bu bilim portaly ýokary harby okuw mekdebiniň Awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary kafedrasynyň mugallymlary we harby talyplary tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki wagtda bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalaryň täsiri uludyr. Mugallymlar özleriniň okadýan derslerine degişli okuw gollanmalary, suratdyr wideoýazgylary, programma üpjünçiligini we wideosapaklaryny elektron görnüşinde bilim portalyna goýup, ähli harby talyplara elýeterli bolmagyny gazandylar. Harby talyplar okuw sapaklaryndan boş wagtlary kitaphanalara baryp, ýa bolmasa özleriniň okuw otaglaryndaky kompýuterlerden peýdalanyp, sapaga degişli goşmaça maglumatlary alyp bilýärler.

ÄHLI MÜMKINÇILIKLERIŇ DILI ÝA-DA BIZ IŇLIS DILINI NÄME ÜÇIN ÖWRENMELI?

Internet maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ugradylýan poçtalaryň 75 göterimi, telefon jaňlarynyň 60 göterimi iňlis dilinde, 400 milliondan gowrak ýerli ilat iňlis dilinde gürleýär. Iňlis dili Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Irlandiýanyň, Günorta Amerikanyň resmi dili we Kanadanyň resmi dilleriniň biri. Hindistanyň, Pakistanyň, Singapuryň we beýleki birnäçe ýurduň ikinji dili. Häzirki wagtda ýerli däl iňlis dilinde gürleýänleriň sany 1,5 milliard töweregidir. Munuň özi iňlis diliniň, hakykatdan-da, dünýäde giňden ulanylýan dile öwrülýändigini görkezýär. Eýsem, näme üçin dünýädäki 1,5 milliard adam iňlis dilinde gürleýärkä? Näme üçin olaryň diňe 25 göterimi ýerli iňlis dilinde gürleýärler? Biz näme üçin iňlis dilini öwrenýäris? Geliň, bular barada gysgaça durup geçeliň:

Kämil nesil kemala gelýär

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan gelýän milli medeniýetimize, milli mirasymyza uly sarpa goýýar. Türkmen däp-dessurlaryny içgin öwrenmek, wagyz etmek, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şol gymmatlyklarymyzy ösüp gelýän nesillere dogry we doly düşündirip, ony geljekki nesillere ýetirmek her birimiziň ynsanlyk borjumyz bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen, bagtyýar nesillerimiziň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, asylly edep-terbiýe almagy, döwrebap bilim almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hemme amatlyklar bar. Çaga, perzent — durmuşymyzyň güli, röwşen geljegimiziň eýesi, her bir öýüň altyn aşyjagy.

Bilim özgertmeleriniň miweleri

Döwlet derejesinde kabul edilýän möhüm maksatnamalar we beýleki zerur resminamalar ýaşlaryň ylym-bilim babatdaky mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işgärleri taýýarlamak işlerini işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek, zehinli okuwçylarydyr talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki, döredijilik, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaş alymlaryň gazanan netijelerini wagyz etmek, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, daşary ýurtlaryň ýaşlaryň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralary we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýaly möhüm wezipeler kesgitlenendir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlarymyz üçin mynasyp geljegi gurmak, olaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, işlerimizi döwrebap şertlerde guramak örän ähmiýetlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem, inženerçilik ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ta

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda tebigy we takyk ylymlara degişli dersleri, şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak, ýaş nesilleri ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmeklige ruhlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznany döretmek maksady bilen alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary hem-de matematika, informatika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili dersleri boýunça integrirlenen olimpiadanyň geçirilýändigi habar berlipdi. Häzirki wagtda etrap, welaýat we döwlet derejesinde — üç tapgyrda geçirilýän olimpiadanyň birinji tapgyry tamamlandy.

Ýaş­lar we dö­wür

«Ýaş­lar we dö­wür» di­ýen sö­züň özün­de çuňňur ma­ny-maz­mun bar. Ýur­du­my­zyň ösüp gel­ýän ýaş nes­li dö­wür bi­len aýak­daş bar­ýar. Ýy­lyň-ýy­ly­na ata Wa­ta­ny­myz üs­tün­lik­li ne­ti­je­le­re eýe bol­ýar, ýaş­lar bol­sa şol ösüş­le­re my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Has dog­ru­sy, ýaş­lar ta­ry­hy ösüş­le­riň we öz­gert­me­le­riň şa­ýa­dy bo­lup, eş­ret­li za­ma­na­my­za gu­wa­nyp, buý­sa­nyp ýa­şa­ýar­lar. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, ata Wa­ta­ny­my­zyň ýag­ty we röw­şen gel­je­gi ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ra bag­ly­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýaş­la­ry he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lap, her bir işe ola­ryň iş­jeň gat­naş­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lynda durmuşa geçirilýän beýik işler hem aýdyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eziz Di­ýa­ry­my­zyň gel­je­gi­ni ýaş­lar­da gör­ýär. Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry bol­sa hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly we döw­re­bap ýaş­lar­dyr. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­l

Röw­şen gel­je­gi­miziň binýady

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş nes­li­mi­ziň ýag­ty gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şun­da ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­mak­la­ry, sag­dyn, ru­hu­be­lent adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­n­da ýaş­lar ha­kyn­da­ky ala­da ýur­du­myz­da ýö­re­dil­ýän sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu gün­ki gün­de ýaş­la­ry­my­zyň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym-bi­lim­li bol­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler, giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şo­nuň üçin hem ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim­li bol­mak­la­ry, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra dü­şün­mek­le­ri üçin ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şun­da ýaş­la­ra döw­re­bap bi­lim ber­mek, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dü­şün­dir­mek, dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ret­mek, mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­r

Bilimli nesil buýsanjymyzdyr

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de kä­mil ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Ýur­du­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän mek­de­be çen­li ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň aja­ýyp bi­na­la­ry­nyň, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri­niň we beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýaş­la­ryň ylym­ly, bi­lim­li bol­ma­gy­nda hem-de türk­men spor­tu­nyň has-da ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gin­de özü­niň oňat ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň bar­ha gül­läp ös­me­gin­de, Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­nyň, at-ab­ra­ýy­nyň has-da be­lent de­re­je­le­re gö­te­ril­me­gin­de bag­ty­ýar ýaş­la­ryň my­na­syp pa­ýy bar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi röw­şen gel­je­giň eýe­le­ri bo­lan ýaş­la­ryň kä­mil bi­lim al­ma­gyna, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­g

Bagtyýarlygyň şuglasy

Ýaş­la­ra ylym öw­ret­mek, bi­lim­li hü­när­men­ler edip ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da hem ylym-bi­lim ba­ra­da aý­ra­tyn du­rlup ge­çil­ýär. Ki­ta­byň «Ylym-bi­lim dur­mu­şa ýag­ty saç­ýar» at­ly bö­lü­min­de çuň­ňur yl­my ga­ra­ýyş­lar, aja­ýyp paý­has­lar be­ýan edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» ki­ta­byn­da: «Iň gym­mat­ly mi­ras ter­bi­ýe­dir, ter­bi­ýä­niň öze­ni bol­sa ylym-bi­lim­dir» di­ýip bel­le­nil­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň ylym öw­ren­mek­le­ri, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bol­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu gün­ki gün­de or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­lerin­de döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan okuw otag­la­ry bi­lim ber­mek­de äh­li ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär. Hä­zir­ki döw­rüň yl­my­ny öw­ren­mek­de, dün­ýä­niň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny öz­leş­dir­mek­de da­şa­ry ýurt di

Kä­mil­lik tej­ri­be­den top­lan­ýar

Kör­pe­le­rde ha­sap­la­ma en­dik­le­ri­ni kemala getirmek

Çagalar baglarynda gurnak işleri

Gy­zyk­ly ge­çen bäs­le­şik

Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry­nyň ara­syn­da do­wam eden wo­leý­bol ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. Je­mi 22 to­pa­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bu ýa­ryş gy­zyk­ly pur­sat­la­ra baý bol­dy. Öz­le­ri­niň zäh­met ýol­la­ry­ny hor­mat­ly kä­re ba­gyş eden mu­gal­lym­la­ryň sag­lyk çeş­me­si bo­lan spor­ta ýa­kyn­laş­mak­la­ry­na uly iter­gi ber­ýän we her ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­şyň düz­gün­na­ma­sy­na gö­rä, öň­dä­ki orun­la­ra dü­şen 6 to­par in­di­ki ýa­ryş­da, des­lap­ky oýun­la­ra gat­naş­maz­dan, ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Des­lap­ky oýun­la­ryň ne­ti­je­si bo­ýun­ça bol­sa öň­de­li­gi eýe­län 2 to­par şol 6 to­pa­ra go­şul­ýar we 8 to­pa­ryň ara­syn­da fi­nal tap­gy­ry aý­law gör­nü­şin­de ge­çi­ril­ýär. Fi­nal tap­gy­ryň ne­ti­je­si bo­ýun­ça, soň­ky 2 or­na dü­şen to­par­lar bol­sa in­di­ki ýa­ry­şyň des­lap­ky oýun­la­ryn­da hem öz taý­ýar­lyk­la­ry­ny gör­kez­me­li bol­ýar­lar. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da geçirilen

Hü­nä­r öwrenmek asylly ýörelgedir

Adam­zat dö­rä­li bä­ri bir­nä­çe hü­när dö­räp­dir. Ola­ryň äh­li­si-de go­wy, hem­me­si-de peý­da­ly. Adam özü­ni we özü­niň ýa­kyn­la­ry­ny ýa­şa­ýyş dur­mu­şyn­da gün­de­lik ze­rur zat­lar bi­len üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len zäh­met çek­ýär. Ir­ki dö­wür­ler­de san­ly­ja hü­när bo­lup­dyr. Em­ma döw­rüň, aňyň, ýa­şa­ýyş de­re­jä­mi­ziň ös­me­gi bi­len ylym­dyr teh­ni­ka ös­ýär. Ne­ti­je­de, dür­li kär­ler, hü­när­ler ýü­ze çyk­ýar. Hut şo­nuň üçin-de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­rin­de her ýyl­da di­ýen ýa­ly tä­ze hü­när­ler açyl­ýar. Tä­ze hü­när­le­riň açyl­ma­gy ýur­du­my­zyň ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler­den ha­bar ber­ýär. Ko­wus­na­ma­da şeý­le se­tir­le­re duş gel­ýä­ris: «Yn­san nä­me bi­len meş­gul­lan­ýan bol­sa, ola­ryň ba­ry kär­dir. Yn­san öz kä­ri­ne ök­de bol­ma­ly­dyr».