"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

Ulag-kommunikasiýa ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna bardy

Aşgabat, 8-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna geldi we Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, doganlyk halklar üçin şeýle agyr pursatlarda olara duýgudaşlyk bildirmegiň türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridigini belledi. Medet beriji sözleriň ynsan ruhuny götermekde örän ýerliklidigini uzak ýyllaryň durmuş tejribesi subut etdi diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Başlyk! Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Rowaç geljegiň berk binýady

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Watanymyzyň asudalygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Şonuň esasynda hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, eziz Watanymyz halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, bütin dünýäde parahatçylygy, özara ynanyşmagy has-da berkitmek biziň esasy maksatlarymyz bolup durýar. Goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem-de beýleki harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly çäreler yzygiderli durmuşa ge

Il-ýurt bähbitli möhüm aladalar

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Arkadagly Serdarymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýýär. Şu pähim-paýhasdan ugur alyp, ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleler Arkadagly Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.

Arkadag şäheri paýtagtymyz bilen özara utgaşýar

Bereketli gelen gyşyň soňky aýynyň ilkinji hepdesinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň baş şäherini we Arkadag şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini belläp geçdi. Biri-birine örän ýakyn bolan bu iki şäher geografik, gurluşyk-binagärlik we ekologik aýratynlyklary boýunça özara utgaşýar. Maglumat eýýamy hasaplanýan döwrümizde syýasy, ykdysady, durmuş ugurlary boýunça täze çemeleşmeler tebigy ýagdaýda ýüze çykýar. Senagat eýýamynda ykdysady peýda we adamlaryň durmuş üpjünçiligi esasy üns merkezinde durýan bolsa, häzirki döwürde daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyna ilkinji hatarda üns berilýär. Çaklamalara görä, dünýäde 2050-nji ýyla çenli şäherlerde ýaşaýan ilat sanynyň has köp artmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý şäherleşmek derejesiniň ösüşine maksatnamalaýyn we ekologik, binagärlik nukdaýnazaryndan köpugurly çemeleşmegi talap edýär

Zerewşan taryhyň menzilleri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji aýlary türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik işleri bilen has-da üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, belent maksatlaryndan bina bolýan Arkadag şäheri bu gün ösüşde, özgerişde. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gurýan ajaýyp şäherini görmäge göz gerek. Aklyk, päklik, döwrebaplyk, millilik, kaşaňlyk, asudalyk, abadanlyk jemlenen şäher — bu Arkadag şäheri. Geçen hepdäniň şenbe güni — 4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Ine, döwrüň esasy söhbedi şeýle baý mazmunly işlerden gözbaş alýar. Türkmen halky öňem, häzirem Beýik Ynsanlaryň beýik işlerine guwanyp, buýsanyp, olary hormatlaýar, sarpalaýar, arzylaýar, kalbynda bu işlere uly ynamy ýaşadýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Welaýat häkimliginde geçen maslahat

Möhüm waka bagyşlanyldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy wakalar giň gerime eýe bolýar. Şeýle wakalaryň birem şu ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisidir. Bu taryhy mejlis jemgyýetimizde uly gyzyklanma döretdi.

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça Mary welaýatynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň belgileri, merkezleri we araçäkleri barada m a g l u m a t

Mary şäheri boýunça 1-nji saýlaw uçastogy

Telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edilýär

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary A.Ýazmyradowyň, Ç.Purçekowyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabatlary diňledi.

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Türkiýe Respublikasynda bolup geçen tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2023-nji ýylyň fewral aýynda dostlukly türk halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Dokma senagaty ministrligine derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de harydy ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edildi.

ARKADAG ŞÄHERI – BAKY BAGTYÝARLYGYŇ MEKANY

«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işlere, ajaýyp özgertmelere, eziz Diýarymyzyň her gününi bezeýän şanly wakalara halkymyz tüýs ýürekden guwanýar hem-de buýsanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Mary welaýaty, 7-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda hemme ugurlarda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistan Türkiýäniň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegini iberdi

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen başy başlanan we häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy ulgamdaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn bellenildi.