"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Taryhy tapyndylarda sekizburçluk şekiller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny ylmy esasda öwrenmäge möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şähryslamda alnyp barylýan arheologik barlaglaryň dowamynda maddy medeniýetimize degişli ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda metal önümler aýratyn orun tutýar. Geçmişde bu ýerde metaldan dürli görnüşdäki gaplary, bezeg şaý-seplerini hem-de durmuş esbaplaryny ýasapdyrlar. Demirden, esasan, çüý, petle, nal, gulp, gapan, gaýçy, pyçak ýaly hojalykda ulanylýan önümler, misden we bürünçden bolsa nepis bezelen gaplar, öý hojalyk esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýasalypdyr. Bu tapyndylaryň arasynda çyradanyň ýokarky bölegi hem bolup, onuň ýüzünde sekiz burçly şekil ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, Şähryslam ýadygärliginde geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijesinde, diwar bezeginde ulanylan plitajyk ýüze çykarylypdyr. Onuň ýüzündäki sekizburçlugyň ortasynda tegelek zolak ýasalyp, içinde dört sany goçbuýnuz şekili ýerleşdirilipdir.

Taryhy gollanma

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly  türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan kitaby giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgat boldy. Taryhymyza nazar aýlasak, türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat sallançagy boldy. Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyrlar. Olardan miras galan baýlyklarymyzyň biri hem kitapdyr. Çünki kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr, genji-hazynadyr. Adamlar kitap okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetirýärler. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylym baýlykdan haýyrlyrakdyr.

Soltan Sanjaryň ylma sarpasy

Halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, baý mirasyny öwrenmekde bize nusgalyk mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Bir hakykat milletimiziň buýsanjyny goşalandyrýar: dünýäniň medeniýetleşmegine, bir gez ýokary göterilmegine itergi beren orta asyr Gündogar medeniýeti hut türkmenleriň agalyk eden, yklymlary dolandyran döwrüne gabat gelýär. Sebäbi türkmenler baran ýerini abat-abadan eden, medreseleri, ylym-bilim ojaklaryny gurduran, ylymly, düşünjeli, garadangaýtmaz halk hökmünde gadymy taryhy ýazuw çeşmelerinde orun alypdyr» diýip, buýsanç bilen belleýär. Munuň özi Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlerde ençeme güýçli döwletleriň bolup geçendigi, bu çäkleriň gadymyýetden bäri ylmyň mizemez ojagy bolandygy, esasan hem orta asyrlarda Beýik Seljuk döwletiniň ylmy-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandygy baradaky taryhy maglumatlary ýene bir gezek subut edýär. Ylym ýoluna baş goýan alym-ulamalara, müritlerdir sopulara hormat goýmak Seljuk soltanlarynyň ählisine hem mahsus häsiýet bolupdyr. Aýratyn-da, Soltan Sanjaryň döwründe bu işler has hem ýörgünli bolup, ylmy ösdürmekde düýpli tapawutlanypdyr. Soltan Sanjar döwletiň paýtagtyny Merw şäherine geçirip, gadymy Merwi Horasanyň ylym-bilim merkezine öwrüpdir. Bu

Dünýä belli alymlaryň durmuşyndan

“Nobel” baýragynyň eýesi, italýan radiotehnigi we telekeçisi Gulelmo Markoni 21 ýaşyndaka “simsiz telegrafy” oýlap tapýar. Eýýäm 22 ýaşynda bu açyşyna tassyknama alyp, “Markoni K” atly läheň paýdarlar jemgyýetini esaslandyrýar. ***

Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Has iri bölekleýin gurmak-gurnamak işleriniň ýokary netijeliligi Şatlyk gazkondensat käninde subut edilenden soň, bu usul gorlarynyň göwrümi boýunça ägirt uly gaz känleriniň hataryna girýän Döwletabat — Dönmez gazkondensat käninde hem ulanyldy we onuň netijesinde käni özleşdirmek işleriniň wagty iki esse diýen ýaly gysgaldyldy. Bu bolsa halk hojalygyna onlarça million manatlyk peýda getirdi. Känleri özleşdirmegiň bu usuly Üçajy, Seýrap, Malaý, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy hem-de ulanyşa taýýarlanylýan beýleki gaz we gazkondensat känlerinde ulanyldy. Döwletabat gazkondensat käni 1974-nji ýylyň ýanwar aýynda 1-nji belgili ölçeg (parametriki) guýudan 2 müň 292 metr çuňlukdan synag işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen açyldy. Döwletabat gurluşy (strukturasy) 1969 — 1971-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Gaz ýatagy tektoniki taýdan Gümmezli-Döwletabat gemiantiklinalyna we Bathyz-Garabil monoklinal ýapgydyna degişlidir.

Änew medeniýeti: gadymy dünýäniň sahypalary açylýar

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi milli taryhy-medeni mirasymyza goýulýan sarpanyň, ony düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda edilýän işleriň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Munuň özi gadymy Änew medeniýetine, onuň arheologik ýadygärliklerine dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy. Şanly ýylda gadymy Änew şäheri bilen bagly gyzyklanmalar diňe daşary ýurtlularda däl, ildeşlerimizde, şol sanda mende hem döredi. Şoňa görä, irki döwürlerde ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleriniň tapylan, adamzat taryhynda gadymy ekerançylyk medeniýetiniň dörän sebitinde — Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp görmegi maksat edindim. Sebäbi öz ýurduň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak, olary gözüň bilen görmek, bu barada geň, täze maglumatlary bilmek hemişe-de gyzykly.

Amul — Merw aralygyndaky kerwensaraýlar

Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde Merkezi Aziýanyň çäginde Amyderýanyň goşandy bolan Zerewşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Amul galasy bu üç ýurduň «Beýik Ýüpek ýoly: «Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasy esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun alan 31 sany taryhy ýadygärligiň biridir. Şu mynasybetli ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-26-njy aprelinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasynyň, Amul — Merw ugrundaky kerwensaraýlaryň taryhyny hem-de beýleki gadymy ýadygärliklerimizi öwrenmäge ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Orta asyrlarda Merkezi Aziýanyň iň möhüm şäherleri Amul hem-de Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, olaryň ilaty ussaçylyk, dokmaçylyk we bu önümleriň söwdasy bilen meşgullanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Gündogardan Günbatara gidýän ýollaryň esasy ygtybarly geçelgesi, şeýle-de Buharadan Merwe barýan iň gysga ýol Amulyň üstünde

Günbatar Türkmenistanyň gaz senagatynyň düýni we şu güni

2011-nji ýylyň iýul aýynda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň türkmen böleginden ilkinji tebigy gazyň alnyp başlanmagyna we Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherinde ýerleşýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabaralar bolupdy. Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň barlygy kesgitlenen. XX asyryň ikinji ýarymynda Ojak, Naýyp, Kükürtli, Şatlyk gaz ýataklarynyň açylmagy täze gazly ýerleriň işe girizilmegine, Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1966-njy ýylyň oktýabrynda Ojak käni tejribe-senagat ulanyşynyň düzümine girizildi, şol ýylyň noýabrynda tebigy gazyň ilkinji kub metrleri Buhara-Ural gaz geçirijisine iberilip başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi.

Şöhratly taryh, şanly ýeňişler, şuglaly geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen sahawatly işlerini uly üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan halk bähbitli özgertmeleri agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly we döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdep.   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly çuňňur paýhasa we parasada beslenen dürdäne eserini okanyňda bolsa, ýaşlary terbiýäniň täsirine salmakda taryhyň ähmiýetiniň juda uludygyna düşünýärsiň.

«Türkmen kalby» dünýämiziň bezegi

1941-nji ýylyň başlarydy. Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk görülýärdi. Onda Türkmenistan tarapyndan türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärini dünýä ýaýjak äpet halyny dokamak teklip edilýär. Äpet haly Moskwanyň Uly teatrynyň sahnasyny bezemelidi. Maslahaty makul bilip, halyny dokamak üçin iň ökde halyçylary saýlamaly bolanda, Gyzylarbadyň halyçylarynyň 36-sy saýlanylyp, Aşgabada getirilýär. Olaryň arasyndan Käbe Wasowa halyçylara ýolbaşçy edilip goýulýar. Äpet halyny dokamaly halyçylaryň arasynda Käbe Wasowanyň gyzy Ogulgözelem bardy. Ýerli hünärmenler tarapyndan umumy meýdany 193 inedördül metr haly üçin adaty halylara salynýan gölleri, gyra nagyşlary ulaldylýar. Emma uly ölçegdäki halyny ýüwürtmäge laýyk jaý bolmanlygy üçin, ol häzirki «Ylham» seýilgähiniň ýerleşýän ýerinde çadyryň içinde ýüwürdilýär.

Taryhyň syry hem aýany munda, gadymy Änewiň beýany munda

ALP ARSLAN

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: — Beýik Seljuk türkmenleriň nesilşalygynyň ikinji hökümdary, oguz kowumynyň gaýduwsyz gahrymany, beýik soltan hem strateg serkerde Alp Arslan Türkmeniň durmuş beýany watanperwerligiň nusgasydyr.

Taryhy-medeni gymmatlyklar: ylmy barlaglar, açyşlar, rejeleýiş-berkidiş işleri

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat toparynyň Paryzdepe taryhy ýadygärligine baryp, ol ýerde geçirilýän işler bilen tanyşmaklary aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň dowamynda «Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty hem guraldy.

Taryhyň ajaýyp ýadygärligi

Orta asyr binagärliginiň gaýtalanmajak nusgasy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy baradaky gymmatly maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaba uly hormat goýýan halkymyzyň eline gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hem taryhy gadymy, şöhraty müdimi Änew şäherine bagyşlanylan ajaýyp eserdir. Bu kitap ýaşlarda şöhratly taryhymyza buýsanç döredip, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Adamzadyň gadymy medeni-taryhy ähmiýetli merkezleriniň biri bolan Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy dünýäniň täsin binagärlik-arheologik mirasy hasaplanýar. Bu ýadygärlik orta asyr binagärlik desgalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Seýit Jemaleddin taryhy ýadygärlikler toplumy XV asyrda bina edilip, gurluşy boýunça ajaýyp binagärlik sazlaşygyny emele getiripdir.

Türkmenistanyň gaz senagaty:

Günbatar Türkmenistanyň gazy, onuň taryhy we şu günki ýagdaýy hakynda 139 müň kwadrat kilometr giňişligi tutýan Balkan welaýatyny «baýlyklaryň mesgeni» diýip atlandyrmaga doly esas bar. Bu ýerde aýagyňy basan ýeriň nebitiň we gazyň mesgeni.

Togrul beg

Geldi Poşa pälwan

(So­ňy. Baş­lan­gy­jy ga­ze­tiň ge­çen sa­nyn­da). Toý göreşine ýygnanan mähelle bu ýagdaýa haýran galýar. Ýykylan pälwan ýerinden turjak bolanda märekeden: «Turjak bolup azara galma, Geldi Poşa seni öňki ýeriňde oturtdy. Indi arkaýyn dynjyňy al» diýen sesler eşidilýär. Geldi pälwan ýeňiş gazanyp, goýlan baýragyň eýesi bolýar. Soňra toý pälwanyny kesgitlemek üçin Geldi Poşa bilen Çopan ajy göreşe çykarýarlar. Gökdepeli pälwan gumly pälwany çepine göterip uranda, märekäniň şowhuny artýar. Agyr garşydaşyny çepine göterip uran Geldi Poşanyň dyzy ýere degýär. Muny kän bir aňan adam bolmasa-da, ol mertlik bilen, ýeňlendigini bekewüle aýan edýär.

Änew depelerini öwrenen serkerde

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrün­de baý türk­men taryhymy­zy öw­ren­mek, mil­li mi­ra­sy­my­zy hem-de ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri­mi­zi go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça mak­satna­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ga­dy­my Änew şähe­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paýtag­ty» diý­lip yg­lan edilmegi hem berka­rar Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny, me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny has-da belen­de gö­ter­ýär. Ga­dy­my Änew­den söz aç­ýan gym­mat­ly ki­tap

Gymmatly gazna

Asylly ýörelgämize laýyklykda, ýyllarymyzyň her biri mynasyp atlandyrylýar we gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ýylyň ady bilen şöhratlanýar. Mälim bolşy ýaly,   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem her bir güni şanly wakalara, beýik ösüşlere we uly rowaçlyklara beslenýär.  Golaýda biz Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bolup, «Taryhyňy bilmek — borç, öwrenmek — sogap» diýen halk pähimine eýerip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp gördük. Muzeý gymmatlyklarynyň arasynda ýakynda ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan gadymy Daşoguz topragyndan ýerli ýaşaýjylar tarapyndan tapylan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňelerini, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň böleklerini, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylary  ýakyndan görmek juda täsirli boldy.

Daýahatyn — kerwen ýolunyň dessany

Beýik Ýüpek ýolunyň uzak wagtlap hyzmat etmeginde kerwensaraýlar uly orny eýeläpdir. Olaryň döreýiş taryhy Türkmenistanyň çäklerinde yslam dini ýaýramazyndan has öňki döwürler bilen senelenilýär. Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwdagärleriň goş ýazdyrmaklary üçin ýapyk diwarly jaýlar gurlupdyr. Jaýlaryň aralyklary 3-4 kilometrden ybarat bolupdyr. Kerwen gurap gelýän söwdagärler üçin bu jaýlaryň hemişelik düşelgä öwrülmegi netijesinde soňy bilen olara kerwensaraý diýlipdir. Bu baradaky maglumatlara ХIII — ХIV asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Nasyreddin Rabguzynyň «Kysasy Rabguzy», XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň «Baharystan», görnükli döwlet işgäri, serkerde Babyryň «Diwan» atly eserlerinde duş gelmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Kerwensaraýlarda adaty durmuş gaýnap joşupdyr, bu ýerde söwda şertnamasy baglaşylypdyr, ýük mallarynyň eýeleri kerwenbaşa işleşmek hakyndaky teklip bilen hem gelipdirler. Gepleşiklerini hem-de özara jedellerini birýüzli edip, adamlar dynç alypdyrlar».