Ykdysady ösüşiň ýokary depgini
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda, 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň turuwbaşdan ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýandygyny tassyklady. Bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, häzirki zaman düzümleri kemala gelýär, dürli maksatly täze binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Iri möçberli sebit we milli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklaýar.