Ýurdumyza şanly ösüş, ilatymyza eşretli ýaşaýyş
Bizi ekleýji we saklaýjy keremli türkmen topragyndan dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümlerini köp öndürmek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýän daýhanlarymyzyň yhlaslary ýerine düşýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda nygmat bolçulygy döredilýär. Bu il-ýurt bähbitli işde lebaply babadaýhanlaryň we maldarlaryň gazanýan netijeleri barha saldamly bolýar. Munuň şeýledigine tamamlanan ýylyň görkezijilerine ser salanyňda hem doly göz ýetirmek bolýar. Geçen ýylda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 270,1 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 150,9 müň tonnasy, ýeralmanyň 125,1 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 46,1 müň tonnasy, üzümiň hem 19,8 müň tonnasy öndürildi. Bu görkezijiler öňki ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr.