Tebigat — umumy öýümiz
Fewral aýynyň gelmegi bilen Lebap welaýatyndaky Amyderýa döwlet tebigy we Repetek döwlet biosfera goraghanalaryndaky nahalhanalarda çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ekmek işlerine badalga berildi. Ýyllyk meýilnama görä alnyp barylýan bu işler Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsiniň durnukly bolmagynda uly ähmiýete eýedir. — Geçen ýylyň noýabr aýynda sazagyň, sözeniň we igdäniň tohumlarynyň 1 tonnasyny ýygnadyk. Şu günler bu tohumlary ekmek işini gyzgalaňly alyp barýarys. Mundan üç ýyl ozal ekilip, gowy boý alan nahallary bolsa ýylyň dowamynda sähra giňişliklerinde oturdarys. Biziň goraghanamyz boýunça Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sazak nahallarynyň on müň, sözeniň üç müň, igdäniň bolsa bir müň düýbüni Garagumuň giňişliklerinde oturtmak meýilleşdirilýär — diýip, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Umitjan Hüseýinow gürrüň berýär.