"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

Syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Durdiýew bilen Syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Maržikpaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Tengrinews internet neşiri habar berdi. Türkmen diplomaty Türkmenistanda sport we syýahatçylyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän birnäçe başlangyçlar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Gadymy ýadygärlik

Biziň eýýamymyzdan öňki 3000-nji ýyllara degişli Skara Breý ýadygärligi Şotlandiýanyň Orkneý adasynda ýerleşýär. Ýadygärlik 70-den gowrak adany özünde jemläp, Şotlandiýanyň demirgazygynda 10 mile çenli uzalyp gidýär. Bu ýerden köpsanly ýaşaýyş ýerleriniň yzlary we ybadathanalar tapyldy. Adamlar ir döwürlerde, esasan, «Meýnland» atly adada topar bolup ýaşapdyrlar. Iki sany daş aýlawy bilen bilelikde, Skara Breýiň ýadygärligi we obasy ÝUNESKO-nyň Maddy gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu ýadygärligiň taryhyny öwrenmek boýunça ekspedisiýalaryň netijesinde Stromnessdäki duralga şäherçesi we Kirkwall şäheri dynç almak üçin meşhur şäherleriň hatarynda tanalyp ugrady.

Jümle-jahan habarlary

Gadymy tapyndy ýüze çykaryldy

Awaza — ajaýyp mekan

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň sany artýar. Ol şypaly kenary, ynsan saglygyna melhem bolýan ajaýyp howasy bilen her birimiziň ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen özgerdilýän Awaza ildeşlerimiziň dynç alýan arzyly mekanydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde sapaly dynç almaga, saglygyňy berkitmäge ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir. Munuň özi her bir ildeşlerimizde ajaýyp döwrümize, beýik ösüşlerimize buýsanjy döredýär. Awaza gaýtalanmajak gözelligi, döwrebap mümkinçilikleri bilen her birimiziň köňlümizde orun alan mekandyr. Bu ajaýyp mekanda saglygyňy berkitmekde «Awaza» şypahanasy, dynç almak üçin birnäçe myhmanhanalar iň döwrebap görnüşleri, hyzmatlary bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň suwy hem, deňziň howasy hem ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Deňiz suwy bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem ýokarlandyrýar. Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap naharhanalar göz öňünde tutulandyr. Bir söz bilen aýdylanda, myhmanhanalar dynç almaga gelýänler üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär. Bularyň ählisi bolsa, adam hakyndaky edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Turkish Airlines tomsuň ahyryna çenli Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň biletlerini arzanladýar

Turkish Airlines awiakompaniýasy 31-nji awgusta çenli Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça awiabiletleriniň bahalaryny arzanlatdy. Arzanlaşygyň çäklerinde ekonom klasyň biletleriniň bahasy ABŞ-nyň 525 dollaryndan, biznes klasyň biletleriniň bahasy ABŞ-nyň 1250 dollaryndan başlanar.

Beýik desgalar

Hytaýyň Şanhaý şäherinde beýikligi 632 metre barabar bolan 128 gatly «Shangai Tower» binasy dünýädäki uly desgalaryň ilkinjileriniň hatarynda tanalýar. Bu ajaýyp desga ýurduň iň beýik, dünýäniň bolsa üçünji beýik binasydyr. Hytaýyň buýsanjy hasaplanýan binada edara binalary, söwda merkezleri, myhmanhana, howuzlar we beýlekiler ýerleşýär. 2015-nji ýylyň 2-nji fewralynda açylyp ulanylmaga berlen desganyň synlaýyş merkezi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Halkara dizaýn firmasy tarapyndan döredilen binanyň aýnadan ýasalan diwary gijelerine dürli yşyklandyryş aýratynlygy bilen özüne çekýär. Şanhaý şäher häkimligine degişli bolan desga özüne ýanaşyk ýerleşýän Jin Mao diňinden we Şanhaý Bütindünýä Maliýe Merkezinden beýikligi boýunça aýratyn tapawutlanýar.

Jümle-jahan habarlary

Geljegiň şäheri gurulýar

Awaza — gözellik mekany

Gojaman Hazaryň türkmen kenary Diýarymyzyň iň gözel künjeklerniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu ajaýyp ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen deňiz kenary has özgerdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Awaza» taslamasy Türkmenistanyň ýakyn onýyllyklar üçin geljekki meýilnamalarynda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem bu taslama dünýäniň binagärçilik we inženerçilik pikiriniň iň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär. Geçen ýyllarda bu täsin künjekde häzirki zaman myhmanhanalary, sagaldyş merkezleri, kottežler, sport maksatly desgalar, seýilgähler, suw çüwdürimleri we beýleki ençeme desgalar guruldy. Bu ajaýyplyklar göreniň aklyny haýrana goýýar hem-de maşgala dynç alşy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bagtyýar çagalar «Ýaşlygyň» goýnunda

Biz bu gün sizi bagtyýar çagalygyň höküm sürýän ýerine syýahata çagyrýarys. Siz eýýäm gürrüňiň näme hakda boljakdygyny aňan bolsaňyz gerek. Hawa, gözel görnüşli Gökderäniň goýny – ine, çagalygyň iň ajap çagtynyň üýtgeşik, gyzykly, täsin ýatlamalara beslenýän ýeri. Dag eteginiň tämiz howaly ýerine gelýärkäň, ýolugra ýurdumyzyň iň owadan ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde ýaş nesilleriň dynç almagy üçin çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň birentegini görüp, şeýle bir hakykat aňyňda aýlanýar. Ynsan hemişe özüniň iň ajaýyp, gowy zadyny perzendine bagyşlaýar. Ine, ýolugra synlap gelýän görnüşiň, ýagny diňe hut şu eşretiň özem muny aňryýany bilen tassyklaýar. Ata Watanymyzda körpe nesliň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli hem gyzykly geçirmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Nurana geljegimiziň bagtdan paýly eýeleri dowam edýän möwsümde ýurdumyzyň dürli künjeginde: «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, gözel Gökderäniň goýnunda, şeýle-de welaýatlarymyzda salnan döwrebap merkezlerde özleriniň wagtyny şadyýan geçirýärler. Olaryň nurana ýüzlerinde şatlyk, bagt pürepür gözlerinde umyt uçgunjyklary bar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» dynç alyş we sagaldyş merkezi hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynda özüniň kiçijik myhmanlaryny aýratyn hezzetleý

Awaza — hazaryň merjeni

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ha­za­ryň gö­zel ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ok­gun­ly gül­läp ös­ýär, öz­ger­ýär. Gün-gün­den öz­ger­ýän Wa­ta­ny­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­ri, şol san­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy hä­zir­ki wagt­da di­ňe bir il­deş­le­ri­mi­ziň däl, dün­ýä ja­han­keş­de­le­ri­niň hem ge­lim-gi­dim­li ýe­ri­ne öw­rül­di.

Älemiň täsin aýnasy

(Oýlanma) Tomsuň mährem ýüregiň yssysyna meňzeş howaly günleriniň birinde iş otagymyň penjiresinden daşaryny synlap oturyşyma, dünýäni gelşigine getirýän pasyllar hakda oýlanýaryn. Ynha aýdaly, «gyş» diýilse, eliň tozgalap duran ýumşajyk ak gara degen ýaly bolýar, «güýz» diýilse, hamana, gaýyp gelýän sary ýapraklaryň biri egniňe düşen ýaly, ýakymly tisginýärsiň, «bahar» diýilse, burnuňa elwan gülleriň hoşboý ysy gelip, gulagyňa-da guşlaryň saýrak nagmasy eşidilýär, «tomus» diýilse bolsa...

Dünýä uzaýan ýollar

He JIN, Hytaý Halk Respublikasynyň «Hainan Weidu Internasional Travel Co., Ltd» syýahatçylyk kompaniýasynyň prezidenti:

Jümle-jahan habarlary

«Akylly» gerdejikler

Saz binasy

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde ýerleşýän aýdym-saz merkezi özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen köpleri haýran galdyrýar. Bu bina ýapon arhitektory Sou Fujimoto tarapyndan taýýarlanyp, 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda açylyp ulanylmaga berilýär. Ol paýtagtyň merkezindäki ajaýyp gür baglyga bürenen şäher seýilgähinde ýerleşýär. Binanyň täsin üçegi has-da özüne çekijidir. Bu Wengriýanyň aýdym-sazynyň taryhyny şöhlelendirýär we onda sergiler, okuw sapaklary geçirilýär. Binanyň umumy tutýan meýdany 9000 inedördül metr bolup, onuň dizaýn işlerinde saz bilen tebigatyň özboluşly sazlaşygyna aýratyn üns berlipdir. Mundan başga-da, bu binada 2 sany konsert zaly hem ýerleşýär.

Güneşli Türkmenistan: syýahatçylaryň höwes edýän mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden kemala gelen  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi. Ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iň möhüm düzüm bölegi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny  barha giňeltmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýan taryhy gymmatlyklaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, gadymy Köneürgenç şäheri, köne we täze Nusaý galalary hem-de beýleki taryhy ýerler bar.

«Dört paslyň» gözelligi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde ýerleşýän «Dört pasyl» myhmanhanasy 1989-njy ýylyň 10-njy martynda açylyp ulanylmaga berilýär. 46 gatdan ybarat bolan bu binada ähli amatlyklary bolan giň we ýagty otaglaryň 345 sanysy ýerleşýär. Häzirki wagtda myhmanlaryny güler ýüz bilen garşylap, ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän bu kaşaň myhmanhanada birnäçe çaýhana we ajaýyp restoran bar. Özüniň owadanlygy we rahatlygy bilen tapawutlanýan myhmanhananyň gijeki görnüşi has hem owadan bolýar. Hususy myhmanhanalaryň iň ajaýyplarynyň biri hökmünde tanalýan bu binanyň her bir işgäri myhmansöýerdir. Bu ajaýyp myhmanhana ýylda 60 milliondan gowrak syýahatçyny kabul edýär.

Jümle-jahan habarlary

Aýyň arka tarapyndan toprak getirildi

Awaza — Ar­zy­ly mekan

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de sa­gal­dyş-dynç alyş we eko­lo­gi­ki sy­ýa­hat­çy­ly­gyny ös­dür­mek­ ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lyk Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tiniň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk hem ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.

Tomus dynç alşyny «Awazada» geçirmekçi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 To­mus pas­ly diý­len­de il­ki bi­len dynç alyş möw­sü­mi göz öňü­mi­ze gel­ýär. Bu pa­syl­da mek­dep okuw­çy­la­ry dynç alyş möw­sü­mi­ne, iş­gär­ler bol­sa zäh­met rug­sa­dy­na çyk­ýar­lar. Şol dynç alyş möw­sü­mi­ni gyz­ga­laň­ly, şa­dy­ýan ge­çir­mek hem­me­le­ri­ňem is­le­gi bol­sa ge­rek. Şo­nuň üçin mu­ňa öňün­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar

“Türkmenhowaýollary” agentligi 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýulmagy meýilleşdirýär. Agentligiň çarşenbe güni habar bermegine görä, bu çözgüt müşderileriň isleginiň artýandygy nazara alnyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.