Ýaşlykda geljek bar
Danalaryň birinde: «Ýaşlyk geljegi bolany üçin ajaýypdyr» diýen jümle bar. Dogrudan-da, ýaşlykda güýç-kuwwat, hyjuw, geljek bar. Hut şonuň üçin-de, geljek ýaşlarda, ýaşlykda görülýär, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny yzygiderli goldamaga we kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Muny şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem 28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň geçirilmegi nobatdaky gezek tekrarlady. Ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny uly üstünlikler bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy, döredijilik, oýlap tapyş başlangyçlarynyň, ýaşlar telekeçiliginiň, ýaş maşgalalaryň, ýaşlaryň bilim almagynyň, hünär öwrenmeginiň yzygiderli goldanylýandygyny, munuň üçin, amatly hukuk-kanunçylyk şertleriniň döredilýändigini aýtmalydyrys. Şunda geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýeti diýseň uludyr. Çünki Kanunda ýaşlar telekeçiligine döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen, mekdep uçurymlary üçin harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly ençeme ýeňillikler göz öňünde tutulandyr.