"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Telekeçilige — giň ýol!

Üstünlikli menziller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriň bady artýar. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda ykdysady, syýasy, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen giň möçberli wezipeleri amala aşyrmakda tutumly işleriň gerimi giňeýär.

Islegli önümler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ak bazarlarda we söwda nokatlarynda ýerli önümleriň agdyklyk etmeginde türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bardyr. Olar döwlet Baştutanymyzyň ýurtda hususy ulgamy ösdürmekdäki döwletli başlangyçlaryndan ruhlanyp, täze önümçilikleri açmakda, halkyň gündelik sarp edýän azyklyk we senagat önümlerini öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Şeýle hususyýetçileriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Samandar Mustafakulowyň alyp barýan işleri-de bellärliklidir. Hususyýetçi Kerki şäherindäki kiçi kärhanasynda indi on ýyldan bäri «Awaza», «Hazar», «Daşrabat» ýaly ýurdumyzda meşhur haryt nyşanly gaýnadylan, kakadylan we ýarym kakadylan şöhlat önümlerini öndürip gelýär. Şöhlat önümçiligi et kabul ediji, sowadyjy, taýýarlaýjydyr gaplaýjy we barlaghana bölümlerinden ybarat. Olarda Russiýa Federasiýasynda öndürilen ýokary hilli et dograýjydyr garyjy, üweýji, mal süňküni kesiji we beýleki zerur enjamlar bökdençsiz işledilýär. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan önümçilikde 10-a golaý işçi-hünärmeniň zähmeti bilen, datly şöhlat önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada geçen ýyl şöhladyň 6 tonnadan gowragy taýýarlanyp, içerki bazarlara ugradyldy. Ýokary hil derejesini we geçginliligi gazanmagy baş maksat edinýän hususyýetçi Samanda

Zähmet çekseň, bereket ýagar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat Herremow bilen söhbetdeşlik. Täze ýyla gadam basyldy. Şunda hökman «geçilen ýola, ýetilen sepgide» — nazar aýlanýar. Sebäbi, öňdäki amal edilmeli işler bitirilen işlerden badalga alýar. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde bolsa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bitirýän işleri tüýs «Tüweleme!» diýerlik.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 3-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan we Türkiýeden gelen telekeçiler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 883 müň 475 dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdesine Hindistandan gelen işewürler Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen, jemi bahasy 1 million 684 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýokary hil, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

Hususy pudagyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe türkmen telekeçileriniň işlemekleri, döretmekleri, dürli harytlary öndürip, olary içerki hem daşarky bazarlara çykarmaklary ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş ýagdaýlary göz öňünde tutulandyr. Bu günki gün türkmen işewürleri iri gurluşyklara-da batyrgaý gatnaşýarlar. Dürli görnüşli, ilhalar harytlary öndürip, bazar bolçulygyna goşant goşýarlar. Bu asylly işlerde «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hem saldamly goşandy bar. «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýyldan bäri hereket edýär. Şu döwrüň içinde kärhana dürli binalardyr desgalary gurup, şäher gurluşygy boýunça baý tejribe toplady. Şunda bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilip, halkyň hyzmatyna berlen desgalaryň käbirini mysal getirsek, maksadalaýyk bolar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şol awtomenzilleriň gurluşygy bolsa «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Awtomenzilleriň her biri bir gije-gündiziň dowamynda 700 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Aşgabat — Daşoguz awto

Baldan datly täze önümler

Ýo­ka­ry hil­li önü­mi ön­dür­mek­de il­kin­ji bas­gan­çak, şo­ko­lad­ly, süý­jü­lik önüm­le­riň gyz­gyn­lyk hem-de so­wat­ma tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň saz­la­nyl­ma­gy­dyr. «Ak na­bat» ha­ryt ny­şan­ly kon­di­ter önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na bu ugur­da jo­gap­kär­li iş alyp bar­ýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususyýetçilere berýän giň goldawynyň netijesinde, importyň ornuny tutýan ýokary hilli konditer önümlerini öndürýän hususy taraplaryň sany barha artýar. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümlerimizi ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Şeýle ýokary hilli önümleri halkymyza ýetirýän kärhanalaryň biri-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ak nabat» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanasydyr. Telekeçi Aknabat Nurmämmedowanyň ýolbaşçylygynda bu ýerde dürli görnüşli konditer önümlerini öndürmek boýunça onlarça iş alnyp barylýar.

«Akja telpek başynda»...

Her gezek bazarlara aýlananyňda, tekjelere aýratyn bezeg berýän, «başlary akja telpekli» gelin kömeleklerinde nazaryň eglenýär. Çünki olaryň ýanyndan biparh geçip bolmaýar. Bu täsin iýmit owadan harytlyk görnüşi hem-de hoşboý ysy bilen özüne çekýär. Onuň tagamyny diýsene! Kömelekden taýýarlanylýan işleklidir gutabyň, dürli işdäaçarlaryň tagamy bir başga. Hut şonuň üçin-de, ol mydama islegli, müşderisi-de ýeterlik. Türkmen telekeçileriniň yhlasly zähmeti bilen bazarlardan, söwda dükanlaryndan akja kömelekleri ýylyň ähli paslynda satyn almak bolýar. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýär. Telekeçi Babasadyk Çüriýewiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki, «Altyn nur zamany» hususy kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki, «Ter kömelek» hojalyk jemgyýetiniň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky, «Tiz hyzmat» hususy kärhanasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýyladyşhanalarynda we başga-da hususy işewürleriň onlarçasy tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän kömelekler halkymyzyň bereketli saçaklaryny bezeýär.

Öňdebaryjy kärhanada

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn bürgüt» kiçi kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşanyňda, işleriň göwnejaý guralandygynyň şaýady bolýarsyň. Baýram Jumaýewiň ýolbaşçylyk edýän bu toplumy 6 sany ýyladyşhanadan ybarat bolup, olaryň her biri 1,3 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde pomidoryň «Marmelans» görnüşiniň jemi 200 müň şitili oturdylyp, olardan 2 müň tonna pomidor hasyly alynýar. Öndürilen önümler Alyjylar jemgyýetiniň we telekeçiler birleşmesiniň üsti bilen söwda merkezlerine, ak bazarlara çykarylýar. Artykmaç önümler ýörite sowadyjyly döwrebap awtoulaglar bilen Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana ugradylýar.

«Cvdent» — sadap dişleriň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçiligi goldamak boýunça tagallalaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň üçin hususyýetçiler tarapyndan täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikler özleşdirilip, ýokary hilli önümleriň öndürilişi ýola goýulýar. Şeýle hususy düzümleriň biri-de, telekeçi Nazar Ýazgylyjowyň esaslandyran «Täze saba» hojalyk jemgyýetidir. Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän kärhanasynda gündelik durmuşda ulanylýan möhüm arassaçylyk serişdesi bolan diş arassalaýjy çotgalaryň önümçiligi alnyp barylýar. Şeýle önümçilik üçin telekeçilere çylşyrymly tehnikalary özleşdirip, ençeme täzelikleri işe girizmek, dürli tehnologik düzümleriň sazlaşygyny üpjün etmek gerek bolýar.

Gülleýän Diýaryň görkli binalary

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda: «Biz geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmelidiris... Şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis» diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny döretmek, adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň we hususyýetçiligiň bilelikdäki kärhanalarynyň döredilmegi babatda amala aşyrylýan beýik işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady we telekeçilik pudagynyň ösüşlerine uly goşant goşýan abraýly kärhanalaryň biri hem «Parahat» hususy kärhanasydyr. Ol 1993-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleri öndürip gelýär. Kärhana ýokary hilli miwe içgilerini, şokoladlary, süýt önümlerini, çaýlaryň dürli görnüşlerini, gazlandyrylan içgileri, çaga pýurelerini, ketçuplardyr beýleki iýmitlik önümleri öndürip, halkymyza elýeter bahadan hödürleýär. Kärhanada bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Parahat» hususy kärhanasynyň ussat hünärmeni Selim Amandurdyýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň barha kuwwatlanmagy diýseň buýsandyryjydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeş önümleri öndürmek we halkymyzyň isleglerini kanagatlandyryp, gerekli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Kärhanamyz alyjylaryň islegini öwrenip, zerur bolan önümleri öndürmek üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlarynda biziň önümlerimiz alyjylara hödürlenýär. Yh

Toýlar toýa ulaşsyn!

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýakymly ýatlamalara, göwün galkyndyryjy wakalara baý boldy. Geçen ýylda bolup geçen ösüşler, üstünlikler, başlangyçlar barada näçe aýtsaň aýdybermeli. Her bir ýyl adamyň ömründe ýatda galyjy möhrüni goýýar. Şeýle ajaýyp duýgular hakda gürrüň etmek maksady bilen, «Altyn» toý mekany hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Şadurdy Sähedowa ýüzlendik. — Şadurdy aga, jemgyýetçilik hyzmatlarynda işe başlaýşyňyz, «Altyn» toý mekany hojalyk jemgyýetiniň esaslandyrylyşy barada gürrüň beräýseňiz.

Saçaklarda — lezzetli balyklar

Türkmeniň her bir baýramçylykda saçak bezeýşi üýtgeşik. Täze ýyl baýramçylygynda hem dürli tagamlardyr naz-nygmatlar bilen birlikde balyk we balykdan taýýarlanylan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär. «Lebapbalyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylary şu günler ilatyň balyga bolan islegini kanagatlandyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Balykçy toparlaryň 167-si Lebap welaýatynyň çägindäki «Düýeboýun», «Soltandag» köllerinde we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda balyk tutmak işlerini alyp barýarlar. Welaýatyň etraplarynda we Türkmenabat şäherindäki balyk dükanlarynda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Her günde balyk dükanlaryndaky dürli görnüşli balyklaryň üsti ýene-de täzeleri bilen ýetirilip durulýar. Ilatyň köp isleg bildirýän balyklaryndan lakga, tüňňümaňlaý, ak amur, çapak ýaly balyklar Kerki etrabynyň çägindäki «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu howdanda balyk ösdürip ýetişdirmek we balyk tutmak işlerini «Myradym» hususy kärhanasy amala aşyrýar. Dürli torlar we motorly gaýyklar bilen üpjün edilen balykçylar toparlarynyň her günki tutýan balyklary ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň kömegi bilen dessine degişli ýerlere ugradylýar.

Şirin-şeker nygmatlar

Paýtagtymyzyň şaýollarydyr köçelerinde we seýilgählerinde üýtgeşik bezelen Täze ýyl arçalary hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygymyzyň has-da golaýlaýandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän Täze ýyl baýramçylygyny ähli ildeşlerimiz bilen birlikde, telekeçiler hem ajaýyp toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçilerimiziň öndürýän önümleri mähriban halkymyzyň şatlygyny goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan kän. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjylaryň biridir. Häzirki döwürde şokolad önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän kärhana Belgiýanyň meşhurlyk gazanan kompaniýalarynyň usullaryndan we tehnologiýalaryndan işjeň peýdalanýar. Söhbetdeşimiz «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň direktory Maksat Öwezowyň aýtmagyna görä, kärhana Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyga bagyşlap, sowgatlyk gapda süýjülikleriň tutuş tapgyryny çykardy. Olaryň arasynda öýjükli süýtli şokoladlar, «Sowgat» we «Çempion» atly süýjülikler, Aýazbabanyň, Garpamygyň, şeýle hem ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşany — towşanyň şokoladdan taýýarlanan şekiljikleri hem bar.

Täze bazar Täze ýylyň sowgady

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde durky täzelenilen Merkezi daýhan bazarynyň ile hyzmat edip başlamagy ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze desganyň keşbinde ilki bilen Täze ýylyň gelendigini buşlaýan göwün göteriji bezeglerdir yşyklara, önümleriň bolçulygyna gözüň düşýär. Bu ýakymly görnüşler Täze ýylyň türkmen topragyna toý sowgatlarynyň hem ýeterlidigini buşlaýar. Täze bazaryň açylyşy mynasybetli guralan dabaralar hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Il sylagly ýaşulularymyz we jemgyýetçilik wekilleri şäheriň ýaşaýjylaryny bu şanly waka bilen gutladylar. Gutlag sözleri bilen çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlarynyň eşretli we bolelin durmuşda ýaşamaklary ugrunda amala aşyrýan işlerine alkyş sözlerini aýtdylar. Bazaryň durkuny täzelemek işlerini «Mizemez Watan» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. Bu kärhana welaýatymyzyň çägindäki gurluşyklara işjeň gatnaşýar. Gurluşygyň iş öndürijisi Nurgeldi Nurgeldiýew taslama boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin agzybirlikli zähmet çekilendigini aýdýar. Täze bazaryň tutýan umumy meýdany 3 gektara golaýdyr. Bu desganyň taslamasyny «Sagadat» hususy kärhanasy taýýarlady. Döwrebap bazaryň çäginde söwda dükanlarynyň 283-si guruldy. Dükanlardan başga hem jemi 880 satyjy-orunlyk uly bassyrmalaryň 4-siniň aşagynda ýörite söwda tekjelerinde azyklyk önümleriň söwdasy guralýar. Bir satyjy-orunly

«Titi» — saçaklaryň bezegi

Del haryt ýa-da üýtgeşik her bir söz adamyň ünsüni özüne çekýär. Muňa gowy düşünýän haryt öndürijiler önümlerini täsin atlar bilen atlandyrmaga çalyşýarlar. Şu nukdaýnazardan «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň ady hem tüýs ýerine düşüpdir. Sebäbi oňa gözüň düşeninden, türkmen diline mahsus bolmadyk bu sözüň nähili manysynyň bardygy barada oýlanýarsyň. Hut şu gyzyklanma hem meni «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileri öndürýän hususy kärhananyň gapysyndan eltdi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu hususy kärhana 2020-nji ýylda öz işine başlapdyr. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Baratow tarapyndan döredilipdir. Işini sazlaşykly guramagy başarýan ussat telekeçi kärhananyň önümçiligi barada şeýle gürrüň berdi:

Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

Almadyklaryňyz az-azdyr, meger. Çünki ýurdumyzda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleri bireýýäm başlanyp, bazarlarda, marketlerde, dükanlarda söwda şeýle bir gyzyşdy welin, olar baradaky şirin söhbetler has-da gyzyşýar. Şu günler iki adamyň başy birikse, bazarlardaky haryt bolçulygy, azyk önümleriniň bahalarynyň elýeterliligi barada gürrüň edilýändigi hakykat. Onda-da uly buýsanç bilen! Bu hakykata göz ýetirmek üçin, paýtagtymyzdaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezine, esasan-da, onuň daş ýüzünde guralan baýramçylyk söwda ýarmarkasyna aýlanyp görmegem ýeterlik. Bu ýere gelseň, ilki bilen, her söwda diwarlygynyň öňündäki Täze ýyl arçalaryna, Aýazbabadyr Garpamygyň, şeýle-de geljek ýylyň aňlatmasy bolan towşanjyklaryň şekillerine gözüň düşýär. Ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky Täze ýyl sowgatlarynyň, dürli sowgatlyk önümleriň hatary nazaryňy egleýär. Olaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Söwda ýarmarkasyny öz milli önümlerimiz — «Hasar», «Ýunus», «Mekan», «Täze Aý», «Ak gar», «Bars», «Misgär» ýaly dürli haryt nyşanly süýjüliklerdir sowgatlyklaryň bezeýändigi bolsa has-da buýsançlydyr. Täze ýyl sowgatlarynyň içinden körpeleriň ilki bilen gözleýäni ýumurtganyň şekilindäki içi oýnawaçly şokoladlardyr. Şokolad önümçiligi bilen adygan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy bolsa olaryň «Eggi» we «Bubu» diýlip atlandyrylan iki görnüşini öndürýär. Eýs

Hyrydarly hem lezzetli harytlar

Dekabryň soňky günleri ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljerip, belent maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwür. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga baryp, birek-biregi gutlamak, sowgat bermek baýramçylygyň ýatdan çykmajak duýgulara beslenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň söwda edaralary, önümçilik kärhanalarydyr hususy telekeçileri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyny artdyrmaga goşant goşmak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi gözüňi dokundyrýar. Täze ýyl mynasybetli amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň hem-de adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň görkezijisidir. «Hasar», «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Oguzhan», «Mekan», «Bars» ýaly hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň, şeýle hem beýleki telekeçileriň konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri we olardan taýýarlanylan sowgatlar baýramçylyk bazarlarynyň iň geçginli harytlarynyň hataryndadyr.

«Alp» haryt nyşanly dokma önümleri we egin-eşikler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Hojageldi Annagurbanowyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda dokma önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň Ýaponiýa döwletiniň enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her aýda dokma önümleriniň müňlerçesini öndürmäge mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda işe girizilen kärhanada häzirki wagtda 60-dan gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik üçin ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän dokma önümleri her möwsümde, pasla görä, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenendir. Olaryň arasynda erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenen başgaplar, köýnek, sport egin-eşikleri, dürli kärler üçin ýörite niýetlenen eşikler, zenanlar üçin torbalar bar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde kärhanada erkek adamlar, zenanlar, çagalar üçin niýetlenen possun, keltekçe, ýeňsiz ýaly gyşky egin-eşikleriň önümçiligi hem üstünlikli ýola goýuldy. Önümler «Alp» haryt nyşany bilen paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Kärhanada erkek adamlar üçin niýetlenen deriden aýakgaplaryň dürli görnüşleri hem öndürilip başlandy. Geljekde kärhana zenanlar we çagalar üçin hem aýakgaplary öndürmegi, dokma önümlerini öndürmek üçin gerek bolan ýüplüg

«Täç hil» HK hoşboý ysly zibil paketlerini öndürip başlady

Ýakynda «Täç hil» HK ýurdumyzda ilkinji bolup zibil salmak üçin niýetlenilen polietilen paketleriň ýüpli görnüşiniň önümçiligine başlady. Üstesine-de zibiliň ysyny ýok etmek maksady bilen, polietilen gaplara limonyň, narpyzyň hoşboý ysyny goşdular. Polietilen paketleriniň önümçiligi müşderiniň buýurmalary esasynda islendik reňkde, galyňlykda, ölçeglerde alnyp barylýar. Şeýle-de zähmet ýolunda ilkinji bolmagy maksat edinen «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen torbalara surat çap edýän Türkiýe Respublikasynyň iň täze tehnologiýasyny ornaşdyrdy. Onuň esasynda kärhanada öndürilýän polietilen torbalara islendik suraty, ýazgyny dury, arassa görnüşde çap edip bolýar. Hatda täze ornaşdyrylan enjam has kiçi suratdyr hatlary has aýdyň çap etmäge ukyply. Bu bolsa kärhanada öndürilýän önümleriň müşderileriň arasynda has işjeň ulanylmagyna ýardam berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen gaplaryň önümçiligine 2009-njy ýylda başlady. Bu günki günde içerki bazarda bu ugurda liderligini saklaýan kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2400 tonna barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde marketlere, dükanlara, senagat, iýmit, azyk önümlerine niýetlenilen, şeýle-de restoran, kafe, toý hyzmatlary üçin ýöriteleşdirilen tutawaçly we tutawaçsyz polietilen torbalar öndürilýär.