"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Saglyk burçy

D wi­ta­mi­niň peý­da­sy Adam sag­ly­gy gym­mat­ly baý­lyk­dyr. Ada­myň sag­dyn, ru­hu­be­lent bol­ma­gy, şa­dy­ýan ýa­şa­ma­gy üçin el­my­da­ma onuň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­me­gi, wi­ta­min­le­re baý önüm­le­ri gün­de­lik dur­muş­da yzy­gi­der­li peý­da­lan­ma­gy ze­rur­dyr. Çün­ki wi­ta­min­ler adam sy­na­la­ry­nyň işi­ni ka­da­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Olar mad­da çal­şyk ha­dy­sa­la­ry­ny saz­la­mak­dan baş­gada, bir­nä­çe bio­hi­mi­ki tä­sir­leş­me­le­riň amala aş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän fer­ment­le­riň hem mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Adam be­de­nin­de şeý­le wa­jyp bio­hi­mi­ki äh­mi­ýe­te eýe bo­lan wi­ta­min­le­riň bi­ride D wi­ta­mi­ni­dir. Ol wi­ta­min­le­riň ýag­da ere­ýän to­pa­ry­na de­giş­li­dir.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Halkyň saglygy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygydyr. Şol sebäpden hem, döwletimizde ynsan saglygyna berilýän üns dünýä nusgalykdyr. Çünki ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Ilatyň saglygyny goramak döwletiň köp jähtli işi bolup, diňe bir keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça çäreleriň geçirilmegi bilen çäklenmeýär. Ol ilatyň durmuş goraglylygyny, sagdyn durmuşy ornaşdyrmagy, sportuň köpçülikleýin häsiýetini gazanmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hem öz içine alýar.

Gara sazak, ojar

Häsiýeti. Çöl derman ösümligi. Gara sazak, ojar — selmeler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 7-8 metr gyrymsy ýa-da agaç wekili. Baldagy kese ýerleşýär. Ýapragy ösmedik ýa-da teňňe görnüşli, tümmejik şekilli doly redusirlenen. Gül saklaýjy şahalary geçen ýylky garry pudaklaryndan ösüp çykýar. Birýyllyk şahajyklary bogunly.

Sorag-jogap

Görüş peselen bolsa... Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň gözüň öňki gatlaklarynyň keselleri bölüminiň oftalmolog lukmany Gülşat Gurbanowa habarçymyzyň haýyşy boýunça okyjylaryň soraglaryna jogap berýär.

Bronhitiň bejergisi gijikdirilende...

Habarçymyz dünýä ýaşaýjylarynyň aglabasynda duş gelýän sowuklama keseli barada gürrüň bermegi S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň pulmonologiýa bölüminiň müdiri Taýly Açylowdan haýyş etdi. Öýkenlerdäki «dem alyş turbajyklary» diýlip atlandyrylýan bronhlaryň keseli — bronhit iň howply keselleriň hataryna girmeýär. Sebäbi, ýiti alamatlar bilen ilkinji gezek ýüze çykanda lukman tarapyndan doly bejeriş geçirilen halatlarynda bu keselden ymykly gutulmak mümkindir. Ýöne, eger, wagtynda bejeriş geçirilmese ýa-da näsag lukman bilen maslahatlaşman, derman serişdelerini (onda-da antibiotikleri) özbaşdak kabul etse, onda ýiti bronhitiň dowamly görnüşe geçmegi mümkindir. Dowamly bronhit yzygiderli gaýtalanyp duranda bolsa, keseliň ýene bir görnüşi — obstruktiw bronhit döreýär.

Antibiotikleri haçan kabul etmeli?

Antibiotikler ýeke öýjükli mikroorganizmlere degişli bolan bakteriýalara garşy güýçli täsire eýe bolan derman serişdeleridir. Bu topara girýän dermanlar öz öýjüklerinde ýaşap, köpelmäge ukyply bolan bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edýärler. Antibiotikler diňe bir bakteriýalara däl, eýsem, ýönekeýjelere we beýleki kesel dörediji mikroorganizmlere, çiş öýjüklerine garşy hem täsir edýärler. Olar dürli gaýnaglamaly hadysalarda, ýokanç we iriňli kesellerde, zäherlenmede kesel alamatlaryny çalt aýyrmaga, gysga wagtda näsagyň saglygyny dikeltmäge kömek edýär. Munuň özi antibiotikleri hirurgiýada, dem alyş ulgamynyň, boýnuň, döşüň, içki agzalaryň, peşew-jyns ýollarynyň, deriniň, nemli bardalaryň, damarlaryň gaýnaglamasynda we iriňli kesellerinde (tonzillit, öýken sowuklama, plewrit, mastit, piýelonefrit, furunkulýoz) üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Siz çagaňyzyň ukyp-başarnyklaryna beletmi?

Çaganyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly näçe ir aladalanyp başlasaň, şonça-da gowy. Aýratyn-da, çaganyň nämä ukyplydygyny, ony haýsy ugra ugrukdyrmalydygyny nädip bilmeli? Ol siziň göwün islän ugruňyzmy ýa-da bu meselede çaganyň erk-islegine uly ähmiýet berýärsiňizmi? Intellektleriň dürlüligi

Miokardit nähili kesel?

Ýürek myşsasynyň (miokard) gaýnaglamagy bilen häsiýetlendirilýän kesel «miokardit» diýlip atlandyrylýar. Bu keseliň döremegi köplenç rewmatizm bilen baglanyşykly bolýar. Sebäbi soňky agzalan keselde diňe bir bogunlar däl-de, eýsem, miokard, endokard, perikard (ýüregiň içki we daşky gabyklary), ýürek gabsajyklary (klapan) hem zeperlenýär. Şu jähtden aglaba ýagdaýda endokardit bilen utgaşyp gelýän rewmatiki miokardit (rewmokardit) tapawutlandyrylýar.

Dişleriň sagdynlygy

Dişleriň sagdynlygy, olaryň hatarlarynyň gönüligi ynsanyň görküne görk goşýar. Şeýle-de dişleriň sagdynlygy umumy bedeniň saglygy üçin örän möhümdir. Şol sebäpli çagalykdan başlap, yzygiderli dişleriň saglygy barada aladalanmak gerekdir. Lukmançylykda ortodont lukmany, esasan-da, dişleriň ýokarky we aşaky hatarlarynyň biri-birine sazlaşykly durmagyna, olaryň hatarlarynyň gönüligine zeper ýetirýän hadysalary aradan aýyrmak boýunça bejergi işlerini alyp barýar. Aýratyn-da, dişleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin çagalykdan ortodont lukmanyna ýüz tutmaly.

Aşgazanda agyry dörände...

Gastrit — aşgazan-içege ulgamynyň köp ýaýran keseli bolup, ol, aýratyn-da, mekdep ýaşly çagalarda ýygy duş gelýär. Kesel aşgazanyň nemli bardasynda gaýnaglama ojagynyň ýüze çykýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Onuň döremegine içki we daşky täsirleriň sebäp bolup bilýändigini bellemek gerek. Kesel alamatlary ýiti hem-de dowamly görnüşde ýüze çykyp bilýär. Gastrit keseli wagtynda bejerilmese, ol dowamly häsiýete geçýär.

Saglyk barada gyzykly maglumatlar

Öz saglygy barada talabalaýyk alada etmegi her bir adamyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanmagyna, gabat gelýän meseleleri netijeli çözmäge hem-de kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik döredýär. Dünýä tejribesinde saglygy goramaga degişli peýdaly endikleri özüne gündelik düzgün-kada edýän adamlaryň köpdügine göz ýetirýärsiň. Geliň, saglyk üçin peýdaly bolan käbir durmuş endikleri bilen tanşalyň. Dünýäde sagdyn adamlaryň köp ýaşaýan ýeri Ýaponiýanyň Okinawa adasy hasaplanylýar. Bu ýerde resmi taýdan bellige alnan 450-den gowrak uzak ýaşly adamlar ýaşaýar. Olaryň her biri 100 ýaşdan geçen.

Kädi

Bu önüm bedene oňyn täsir edip, bir tarapdan, içki agzalaryň işine itergi berse, beýleki bir tarapdan, deriniň maýyşgaklygy üçin jogap berýän kollagen süýümleriniň öndürilişini işjeňleşdirýär, derini ultramelewşe Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goraýar. Içki täsiri

Süýjüli diabet

14-nji noýabr — Bütindünýä diabete garşy göreş güni. Ilatyň arasynda Ýer ýüzünde giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň biri bolan süýjüli diabet hakynda dürli pikirler bolup, olaryň hemmesi hakykata laýyk gelip durmaýar. Žurnalist Narjan Kasymowa bu kesel baradaky pikirlere dogry baha bermegi, olaryň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny seljermegi Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň umumy endokrinologiýa bölüminiň lukmany Ogulsona Babaýewadan haýyş etdi.

Bejerginiň esasy şerti

Sistit — peşew çykaryjy ulgamyň keseli bolup, peşew haltasynyň gaýnaglamasy bilen häsiýetlendirilýär. Çagalarda bu keseliň ýüze çykmak ähtimallygyny barlamak hem-de ony bejermek bilen urolog lukmany meşgullanýar. Keseliň alamatlary

Arka näme üçin agyrýar?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa arkadaky agyrynyň esasy sebäpleriniň biri bolan oňurga ingisi bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewadan haýyş etdi. — Ilki bilen arkada agyrynyň döremeginiň mümkin bolan sebäpleri barada gysgaça gürrüň beräýiň!

Oňurga üçin bejeriş maşklary

Skolioz süňk-myşsa ulgamynyň keseli bolup, oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmagy bilen häsiýetlendirilýär. oňurga sütüniniň gyşarmagy dogabitdi, metaboliki bozulmalarda ýa-da şikesden soň döräp bilýär. Bu ýagdaý, köplenç, ýetginjeklik döwründe ýüze çykýar. oňurga sütüniniň gowşak gyşarmasynda dowamly fiziki ýüklenmeden ýa-da pyýada ýörelenden soň arkada, aýaklarda agyrylar döreýär, hat-da bedende guruşmalar ýüze çykýar, hereket çäklenýär. Bejeriş bedenterbiýesi islendik derejeli oňurga sütüniniň gyşarmasynyň toplumlaýyn bejergisinde esasy bejergi bolup durýar. oňurga sütüniniň gyşarmasynyň başlangyç döwründe yzygiderli bejeriş maşklary ýerine ýetirilende bu nogsanlygyň öňüni alyp bolýar. Hünärmenler tarapyndan teklip edilen bejeriş bedenterbiýesini oňurga sütüniniň gyşarmasynyň islendik derejesinde lukman bilen maslahatlaşyp ýerine ýetirmelidir. Oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmasynda ýerine ýetirilýän maşklar toplumy

Saglygymyzy goralyň!

Bu düzgünler size beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşamaga, hemişe işjeň hem-de şähdaçyk ýagdaýynda bolmaga, kesellerden goranmaga ýardam eder: ◊ ir ýatyp, ir turuň;

Sapaly durmuşyň sakasy

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda yzygiderli durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. Adamlaryň saglygyny goramakda, keselçiligiň öňüni almakda lukman nesihatlarynyň ähmiýetiniň uludygyny nazarda tutup, ildeşlerimize öz maslahatlarymyzy ýetirýäris.

Adam hakynda alada

ILATYŇ SAGLYGYNYŇ YGTYBARLY GORAGYNYŇ KEPILI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ynsan saglygyny goramak babatda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagynyň kepili bolup, keselleriň öňüni almakda we olary netijeli bejermekde uly ähmiýete eýedir. Ilatyň saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün edýän saglyk öýleriniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda oba ýerlerinde hem ulanylmaga berilmegi halkymyzyň buýsanjyny has hem artdyrýar.

Hormatly adamlar!

Döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň! Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň!