"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Zehin uçgunlary

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bir hatarda medeniýet ulgamynda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda açyldy. 1965-nji ýylda mekdebe Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň ady dakylýar. Şu geçen ýyllaryň içinde mekdebimizde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň ençemesi bilim aldy.

«Magtymguly» operasy sahnada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toý-dabarasyna türkmen saz sungatynyň wekilleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan düzülen aýdym-saz topary hem opera eserini döretmekde uly tejribesi bolan, kompozitorlar Aşyr Kulyýew bilen «Abadan», Daňatar Öwezow bilen «Leýli-Mejnun» operalaryny döretmäge gatnaşan Ýuliý Meýtus akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» operasyny halkyň dykgatyna ýetirdi. «Magtymguly» operasynyň librettosyny 1962-nji ýylda belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen ussat režissýor Alty Garlyýew ýazýar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu saz eserine dirižýorlyk etmegi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew öz üstüne alýar. Golaýda bu opera barada gürrüň bermegini haýyş edip, ussat dirižýor Gurban Babaýewe ýüz tutduk. Ol şonda şeýle diýdi:

Halypa heýkeltaraşyň sergisi

«Daragt kökünden suw içýär»

Bagşy Mukamlar möwç urar meňzäp ummana,Ylham hyruç alyp, gaýnanda bagşy.Arzuwa ganatdyr, melhemdir jana,Nagmalaň çar ýana ýaýranda, bagşy!

Çyn-Ma­çyn­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň to­ýy

Ýakynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem gatnaşdy. Bu döredijilik çäresi dostlukly ýurduň jemgyýetçilik köpçüligini halkymyzyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy Pe­ki­niň Týan Szýao teat­ryn­da ge­çi­ril­di. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­la­ryn­da sak­lan­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ryň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ga­dy­my ly­bas­la­ryň, zer­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň, dün­ýä­de şöh­rat ga­za­nan türk­men ha­ly­la­ry­nyň ne­pis­li­gi, öz­bo­luş­ly­ly­gy ser­gä gaý­ta­lan­ma­jak mil­li öwüş­gin çaý­dy. Bu gym­mat­lyk­lar aja­ýyp­ly­gy, reňk­le­ri­niň we be­zeg iş­le­ri­niň saz­la­şy­gy bi­len hal­ky­my­zyň köp­ta­rap­ly ze­hi­ni­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Hu­su­san-da, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri, ga­dy­my kü­müş şaý-sep­ler, dür­li gör­nüş­dä­ki zer­gär­çi­lik önüm­le­ri, ola­ryň reň­ki­niň, be­zeg daş­la­ry­nyň saz­la­şy­gy, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň kü­müş şaý-sep­le­ri da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy.

«Gal­ky­nyş» folk­lor to­pa­ryn­dan kü­müş me­dal

Ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) we dost­luk­ly ýur­duň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň gu­ra­ma­gyn­da «Al­tyn ga­ra­göz» at­ly halk tans­la­ry­nyň 36-njy hal­ka­ra bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. On­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik eden «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň Me­de­ni-işe­wür­lik mer­ke­zi­niň «Gal­ky­nyş» tans, aý­dym-saz, folk­lor to­pa­ry ikin­ji baý­rak­ly or­na, kü­müş ku­bo­ga we ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. 7 — 12-nji iýul ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra bäs­le­şi­ge gat­na­şan ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry me­de­ni fo­ru­myň düz­gün­na­ma­syn­da gör­ke­zi­len şert­ler bo­ýun­ça çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, hal­ky­my­zyň öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny saz we tans sun­ga­tyn­da us­sat­lyk bi­len gör­kez­me­gi ba­şar­dy. Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi şöh­le­len­dir­ýän çy­kyş­lar bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar­da we emin ag­za­la­ryn­da tu­ruw­baş­dan uly tä­sir gal­dyr­dy. Tans­çy­la­ry­my­zyň ne­pis na­gyş­lar bi­len be­ze­len mil­li ly­bas­la­ry, şaý-sep­le­ri ola­ryň çy­kyş­la­ry­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.

Ady dünýä dolan akyldar

Magtymguly Pyragy — türkmeniň akyldar şahyry, dünýä meşhur söz ussady. Özüniň gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän beýik şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky beýik söz ussadynyň sarpasyny belent tutýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary asynda geçmegi, şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, Aşgabadyň ajaýyp künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurlup, dabaraly ýagdaýda açylmagy, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy, şahyryň eserlerini özünde jemleýän “Magtymguly” atly kitabyň neşir edilmegi şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarydyr.

Şygryýeti — owaz, sazy — şahyrana

Magtymgulynyň poeziýasynyň many-mazmuna, obrazlara baýlygy, şeýle hem ýokary estetiki gymmaty Nury Halmämmedowyň duýgur ruhuna ýakyn bolup çykypdyr. Türkmen diliniň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän we halk döredijiliginiň ruhy siňen Magtymgulynyň goşgulary öz gözelligi, dogruçyllygy, akgynlylygy, çeýeligi, pelsepesi bilen kompozitoryň döredijiliginiň geljekki ykbalyny we dünýägaraýşynyň giňligini kesgitläpdir. Onuň baý wokal mirasynda beýik Pyragynyň goşgularyna döreden wokal toplumy milliligi bilen göze ilýär. N.Halmämmedow Magtymgulynyň goşgularyna toplum ýazan ilkinji kompozitordyr. Ol bu toplumy baryp talyplyk ýyllary — 1959-njy ýylda başlap, 1963-nji ýylda tamamlapdyr. Awtor şahyryň şygyrlarynyň sekiz sanysyny saýlap, şolardan hem toplum döredýär. Bu ýerde biz mazmuny boýunça dürli-dürli, söýgi lirikasyndan başlap, filosofik we watançylyk temalaryna degişli goşgulary tapyp bileris.

«Döwrümiz bar, döwürlerden sapaly...»

Arkadag şäheriniň gurulmagy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir subuty boldy. Şu döwri, şu eşretli zamany gören her bir döredijilik adamynyň joşubermegini tebigy ýagdaý hasaplasa bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň mundan buýanky ösüşlerine hem giň gerim berilýär. Şeýle bolansoň il-halk bähbitli, haýyrly işleri alyp barýan her bir döredijilik adamynyň zähmeti hem yrýa gidenok. Ýurdumyzda olaryň sarpasy-sylagy ýeterlik. Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy. Halypa bagşy sözlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan uly işlere buýsançdan başlady.

Il sylamyş ol halypa hormatyn

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli mirasynyň täze belentliklere göterilen döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hut soňky birnäçe ýylyň içinde gadymy ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Olaryň arasynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri belent sarpa goýup gelen dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty hem bar. Halkara derejesinde ähladamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungatynyň ýurdumyzyň gündogar sebitindäki ösüşli ýollary barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow bilen söhbetdeş bolduk. — Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň we bagşyçylyk sungatynyň dünýä içre meşhurlygynyň artmagy bu kesbi öwrenmek isleýänleriň has-da köpelmegine hem, bagşyçylyga ýykgyn edýänleriň artmagyna hem uly itergi berdi. Söhbedimiziň başyny şu dogrusyndaky gürrüňden başlaýsak!

Alymlara uýsaň, açylar gözüň

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Dünýädäki ähli syrlaryň açary ylymda jemlenýär. Parasatly pederlerimiziň «Alym — ylym eýesi, jemgyýet — alym eýesidir» diýip belleýişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri jemgyýeti ösdürmekde, kämilleşdirmekde alymlaryň hyzmatyna uly orun berlipdir. Olara uly sylag-sarpa goýlupdyr. Muňa halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlardyr hekaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. Aýdyşlaryna görä, kyýamatda Haktagala adamlardan hasap soranmyşyn. Şonda bir bendäniň günäsi sogapdan agyr gelipdir. Haktagala şonda Jebraýyldan sorapdyr:

Sungat äleminde

Zehin sazlaşygy(Opera-wokal aýdymçysy, artist Didar Sarykow bilen söhbetdeşlik) Ir säher bilen awtobusda işe barýardym. Sürüji adatdakysy ýaly, ýene radionyň burmasyny towlap, söýgüli ýaýlymymyň tolkunlaryny sazlady. Alypbaryjy zenanyň mahmal sesi indiki ýaňlanjak aýdymy ýerine ýetirjek aýdymçy bilen tanyşdyrdy:

Elektron kitaphanalar — döwrüň derwaýyslygy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ösüşlere beslenýän täze taryhy eýýamda ýurdumyzda kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň... işini kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşmagy bilen, kitaphanalaryň işinde hem bu ugurda zerur çäreleriň görlendigini bellemek gerek. Ylmy we çeper eserleriň elektron nusgalaryny elýeterli etmek işleri häzirki wagtda giň gerimde dowam etdirilýär. Dürli edebiýatlaryň giň toplumyna eýe bolan elektron kitaphanalaryň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň resmi saýtlarynyň binýadynda hereket edýändigi hem guwandyryjydyr. Şeýle kitaphanalaryň maglumat bermek hyzmatyny doly üpjün etmäge we seýrek kitaplaryň elýeterli bolmagyna ýardamy uludyr. Medeniýetimizi, milli mirasymyzy ösdürmekde, kitaphana işini kämilleşdirmekde, sagdyn ruhly, maksada okgunly ýaşlary terbiýelemekde olaryň orny örän ýokarydyr. Maglumatlaryň bir bitewi elektron binýady bolsa ýurdumyzdaky merkezi kitaphanalary birleşdirýär. Okyjylar hem Diýarymyzyň islendik künjeginde olaryň gaznasyndan peýdalanyp bilýärler.

Umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasy

Halkymyzyň gadymdan gelýän baý milli mirasy, taryhy, edebiýaty bar. Şol gymmatlyklaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýän nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary her bir okyjynyň kalbyny nurlandyrýar. Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işleri bitiren şahyrdyr. Akyldar tutuş adamzada gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýupdyr. Onuň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Olar okyjylaryň ürç edip okaýan kitaplarynyň hatarynda durýar. Magtymguly Pyragy — özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgelden şahyr. Onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem altyn hazynasydyr.

Sahnada — aýdymçy ýaşlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde ýurdumyzyň höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasyna we baý aýdym-saz medeniýetine aralaşmaklaryna ýardam bermek babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu telebäsleşigiň meşhurlygy ýylyň-ýylyna barha artýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu bäsleşigiň aýratyn uly ruhubelentlige beslenýändigine onuň Ahal welaýaty boýunça jemleýji tapgyry aýdyň şaýatlyk etdi. Üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýän Änew şäheriniň görküne görk goşýan medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen aýdymçy ýaşlaryň onusy gatnaşyp, döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açyp görkezdi. Olaryň belent owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary owadan sahnanyň bezegini artdyrdy. Aýdym-saz sungatynyň köp sanly muşdaklary ýaşlaryň ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetiren çykyşlaryna uly höwes we gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Milli sungatymyzyň rowaç menzillerini açyp görkezen bäsleşigiň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda beýik döwrümiziň, berkarar Watanymyzyň

Merkezi Aziýanyň Şekspiri

Onuň iş otagynda Magtymgulynyň esli möçberdäki haly portreti dur. Portretiň sag ýüzündäki çarçuwa salnan Hormat hatynda onuň «Magtymgulynyň dostlary» halkara jemgyýeti tarapyndan sowgat berlendigi ýazylypdyr. — Men her sapar şu ýazgylara gözüm düşende hyýalymda ilkinji sapar Magtymgulynyň ruhy älemine aralaşyşym, soňra ol älemiň bendiwany bolup galyşym bilen baglanyşykly wakalara dolanýaryn. Şol mahal kalbymy adaty bolmadyk ruhy galkynmalar gurşap alýar... — diýip, Su Woldram aýdýar.

«Türkmengaz» DK-nyň döredijilik topary «Altyn Garagöz» atly halkara bäsleşiginiň kümüş baýragyna mynasyp boldy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» topary Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen «Altyn Garagöz» atly folklor tansynyň 36-njy halkara bäsleşiginde 2 orny eýelemegi başardy. Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 24 ýurdundan tansçylaryň 720-si gatnaşdy, bu bolsa, türkmen döredijilik toparynyň gazanan ýeňşiniň örän ähmiýetlidigini tassyklady. «Galkynyş» döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Allaberdi Nazarowyň gürrüň berşi ýaly, «Altyn Garagöz» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmagyň özi üstünlik getirmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki ýurtlardan bolan kärdeşler bilen tejribe alyşmak we gatnaşyklary ösdürmek babatda hem örän peýdaly boldy.

Bagtdan paýly ýaşlar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi kalplarda ýagşy ýatlamalary galdyrdy. Ýylyň-ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu möhüm çäräniň uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam eden günlerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolup geçdi. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen yglan edilen bu bäsleşik zehinli ýaşlaryň bir toparyny ýüze çykardy. Şa serpaýyna mynasyp bolan, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwranow buýsanjyny biziň bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi:

Ahalda ýaňlanan bagtyýarlyk owazlary

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Änew şä­he­ri­niň me­de­ni­ýet öýü­niň öňün­dä­ki da­ba­ra­lar meý­dan­ça­syn­da geçirilen «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» at­ly te­le­bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len te­le­bäs­le­şi­giň bu tap­gy­ry­na we­la­ýa­tyň şä­her­dir et­rap­la­ryn­dan hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaşlaryň ençemesi gat­naş­dy. Türkmenistanyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän te­le­bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan aý­dym­çy ýaş­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny diň­le­mek, syn­la­mak üçin toý meý­dan­ça­sy­na we­la­ýa­tyň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry ýyg­nan­dy. Hö­wes­jeň aý­dym­çy­lar te­le­bäs­le­şi­giň şert­le­ri esa­syn­da est­ra­da, halk we nus­ga­wy aý­dym­la­ry us­sat­lar­ça ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

Kalplary joşduran owazlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry hem egsilmez joşguna beslendi. Änew şäheriniň medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşige welaýatyň etraplaryndan gelen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän telebäsleşige höwesjeň aýdymçylar ýokary taýýarlykly gelipdirler. Gezekli-gezegine sahna çykan ýaşlaryň ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetiren çykyşlarynyň tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanylmagy hem olaryň yhlasynyň ýerine düşendiginiň, zehininiň ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy. Olaryň estrada we halk aýdymlaryny ýokary ussatlykda ýerine ýetirmekleri tomaşaçylaryň ruhuny belende göterdi.