"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Döwrebap bilim – oňyn tejribe

         Bilşimiz ýaly, 29-njy sentýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda boldy. Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda alnyp barylan Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen bu köptaraply duşuşykda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Köptaraplaýyn duşuşyklaryň hatarynda bilim we medeniýet ulgamy şu duşuşyga gatnaşan ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda wajyp orny eýelemek bilen, bu ulgamlar boýunça bilelikdäki işleriň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistan ýurdumyzda nemes dilini öwrenmäge isleg bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny nygtap, bu ugurda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge taýýardygyny belledi. Häzirki wagtda ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdeplerinde nemes dilini öwrenmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Bu dili öwrenmek boýunça okuwlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilýändigi, okuwçylar hem-de talyplar üçin ýörite degişli saýtlarda wideo ýazgylar arkaly onlaýn sapaklaryň goýulýandygy guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde nemes dili boýunça synplaryň arasynda soragnamalar arkaly bäsleşikler, gündelik ulanylýan gepleşikleri nemes dilinde gürlemekde, pikiriňi beýan etmek

Akyl akyldan zyýada

Ýakynda Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli Bilim ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda okuwçylaryň arasynda robototehnika boýunça bäsleşik geçirildi. Mekdep howlusynda innowasiýa tehnikasyny ulanmak arkaly, okuwçylaryň taýýarlan emeli robot enjamlarynyň nusgalarynyň we şekilleriniň sergisi guraldy. Bäsleşik «taslama», «race», «sumo», «awto sumo», «line follower», «marsrower» atly 6 görnüş boýunça geçirilip, arakesme wagtynda aýdym-sazly çykyşlara, sergidir ýarmarkalara, gyzykly oýunlara giň orun berildi. Iki günläp dowam eden bäsleşik 254 gatnaşyjyny özünde jemledi. Okuwçylaryň tehnologiýa we sanly ulgam bilen baglanyşykly taýýarlan taslamalary eminler tarapyndan gözden geçirilip, mynasyp baha berildi. Gazanylan utuklaryň netijesi boýunça ýokarda agzalan mekdebiň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň, şeýle-de 70-nji orta mekdebiň okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň barşynda okuwçylar öz taýýarlan robot enjamlarynda dürli päsgelçiliklerden geçip, pellehana ilkinji gelmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Şunda Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň okuwçylary öňdeligi eýelediler.

Beýik ösüşlere buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan buýsandyryjy ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar we durmuşa geçirilýär.

Bilimli ýaşlar — röwşen geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim hem ösdürilýär, täze mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri barha rowaçlanýar, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredilýär. Şeýle beýik işleriň netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýokary bilimli ussat hünärmenler ýetişdirilýär. Şu täze okuw ýyly hem taryhy wakalara baý boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy taryhy waka boldy. Munuň özi diňe bir ýaşlar üçin däl, eýsem, biziň her birimiz üçin ýol-ýörelgedir. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, Watanymyzyň ösüşleri hakynda parasatly sözleriň beýan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, bäsleşige ukyply şahsyýeti kemala getirmek wezipeleri esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw-ylmy binýadynyň dö

Belent maksatlar rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi gurmak hem döretmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşmak hyjuwy bilen ruhlanýan ýaşlarymyzyň geljekki täze üstünliklerine badalga bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm meseleler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar. Bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna düýpli täsirini ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi döredildi, ozal bar bolanlarynyň täze binalary guruldy. Talyp orunlary artdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýaly beýik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowamat dowam tapýandygy gurmagyň we döretmegiň ýolunda täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Başlangyç synplarda okuwçylarda okamak endigini kemala getirmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesilleriň röwşen geljegi üçin amala aşyrylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler buýsandyryjydyr. Häzirki döwürde başlangyç bilimiň dogry guralmagy dünýä jemgyýetçiligindäki bilimde täze gazanylanlary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmagy çaltlandyrmakda we döwrebaplaşdyrmakda, çagalaryň kadaly bilim almagyny, beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Milli aýratynlygymyza laýyklykda dünýä derejesinde bilim bermek mugallymlaryň ukyp-başarnyklarynyň ýokary derejede bolmagyny talap edýär. Başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň pikirlenişiniň ýollaryny öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Başlangyç synp okuwçylarynda öwrenmek endikleriniň kemala getirilmegi olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklary üçin zerurdyr. Okuwçylaryň pikirlenmesini ösdürmekde harplary öwretmek, okamak endigini kemala getirmek ýaly usullaryň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Munuň üçin başlangyç synplarda ertekilerden, nakyllardan, sanawaçlardan peýdalanylýar.

Sapakda nakyllardan we atalar sözünden peýdalanmagyň usullary

Türkmen halk döredijiliginiň žanrlaryny, şol sanda nakyllary, atalar sözüni okuwçylara öwretmekde mugallymlara jogapkärli orun degişlidir. Başlangyç synplaryň okuw we ýazuw sapaklarynda nakyllardan, atalar sözünden peýdalanylanda, olarda aýdylýan öwütler, paýhas dürdäneleri okuwçylaryň ýadynda gowy galýar. Bu işde biziň ýakyn gollanmamyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdyr. Okuwçylara nakyllary, atalar sözüni öwredende her mugallym öz iş usulyna daýanýar. Men öz usulym barada aýdanymda, multimedia tagtasynda nakyllary görkezýärin. Soňra ony synp bolup okaýarys we nakylyň many-mazmuny barada ilki okuwçylaryň pikirini soraýaryn, olar bilen pikir alyşýaryn. Soňra ony sada dilde özüm giňişleýin beýan edýärin.

Bilim — rowaçlyga badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, ylym öwrenip, durmuşa geçiriljek beýik işlere ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar. Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdirler. Bu gün türkmen halky berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçen umumy sapagynda bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip belledi.

Il alkyşynyň eýesi

Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr» diýmek bilen, ýaş nesle uly ynam bildirýär. Özlerine bildirilýän şeýle belent ynamdan ruhlanan ýaşlar hem okuwda, zähmetde uly üstünlikleri gazanýarlar. Olar şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ýaş hünärmen Bahargül Rejebowa hem öz işine yhlasly çemeleşip, halka medeniýetli hyzmat etmegi, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplaryň many-mazmunyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ilhalar syýasatyny köpçülige ýetirmegi özüne belent borç hasaplaýar.

Ildeşimiz — halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

Üstümizdäki ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň döredilenine 30 ýyl doldy. Şanly sene mynasybetli bu gurama agza bolup durýan döwletleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar, bäsleşikler geçirildi. «TÜRKSOÝ — türki dünýäniň altyn köprüsi» diýen mowzukda düzme ýazmak boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan bäsleşik hem şanly senä bagyşlandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşige Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Akpamyk Maksadowa hem gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýurdumyza wekilçilik eden maryly, ahally ýaşlar bolsa, degişlilikde, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan türkmenabatly Akpamyk Maksadowa dabara mahalynda Hormat haty, altyn medal we kompýuter gowşuryldy. Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanmak bilen naýbaşy baýramymyza sowgatly gelmek zehinli ildeşimizde çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara TÜRKSOÝ-a agza bolup durýan döwletleriň mekdep okuwçylarynyň bilelikdäki tejribe sapaklarynyň, dabaralaryň geçirilmegi bilen utgaşdy. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň gatnaşmaklarynda bir hepdäniň dowamynda Türkiýäniň Ankara, Stambul şäher

Bilim — geljege şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz uly ösüşlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Ýaşlygyň hyjuwy möwç urýan joşguny bolup gelen bu ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, biziň geljegimiz bolan ýaş nesli sagdyn, ylymly-bilimli, aň-düşünjeli kemala getirmek babatda amala aşyrýan beýik işleri ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýakynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylmagy, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagy aýratyn taryhy waka bolup kalbymyzda orun aldy. Elbetde, munuň özi ýaşlaryň ylma-bilime bolan dünýägaraýşyny giňeltmäge, kitaba, kitaphanalara bolan höwesini artdyrmaga uly ýardam berýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ähli babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe berýän bilim işgärleri şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp işleýärler. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sakarçäge etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen 45-nji orta mekdepde yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň ýürekleri buýsançdan doly. Mekdebiň başlangyç synp mugallymy Gyzylgül Çaryýewa ýaşlygyna garamazdan, çagalara bilim-terbiýe bermekde döredijilikli zähmet çekýär. Ol ýaş nesillere bilim bermekde görkezme esbaplaryndan peýdalanýar we okuwçylaryň sowatly bolup ýetişmeklerini gazanýar.

Tä­ze bi­lim oja­gy il­kin­ji ta­lyp­la­ry­na gu­ja­gy­ny giň­den aç­dy

Tä­ze okuw ýy­ly mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Al­tyn güý­züň il­kin­ji gü­nün­de, ýag­ny Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de Arka­dag şä­he­rin­de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de bi­lim al­ma­ga how­lug­ýan bag­ty­ýar ýaş­lar ýo­ka­ry okuw­la­ry­na oku­wa baş­la­dy­lar. Aka­de­mi­ýa­da okuw­lar tö­leg­siz esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. Je­mi 9 hü­när — at­çy­lyk, we­te­ri­nar luk­man­çy­ly­gy hü­när­le­ri bo­ýun­ça hü­när­men mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da okuw al­nyp ba­ryl­sa, se­ýis­çi­lik, we­te­ri­nar we sa­ni­tar eks­per­ti­za­sy, mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­lar, at­ly sport we at­ly sy­ýa­hat­çy­lyk, sirk sun­ga­ty, oba ho­ja­ly­gy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we do­lan­dy­ry­ly­şy, buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit (oba ho­ja­ly­gyn­da) ugur­la­ryn­dan ta­lyp­la­ra ba­ka­lawr mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da bi­lim be­ril­ýär.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna ruhubelentlik bilen barýarys. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen bilim ojaklary, orta mekdepler toýly günlerimiziň dabarasyny has-da belende göterdi. Şeýle hem altyn güýzüň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Munuň özi bilim işgärlerini, mugallymlary döredijilikli işlemäge, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Bagtyýar Watanyň daýanjy ýaşlar

Türkmenabat şäher häkimliginde «Bilim-terbiýeli türkmen ýaşlary — ata Watanymyzyň buýsanjy» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagynyň taryhy ähmiýetine bagyşlandy. Oňa il sylagly ýaşulular, syýasy partiýalaryň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olar şanly ýylymyzda bagtyýar ýaşlaryň durmuşyny özgerdýän taryhy wakalar, ýaş nesliň durmuş goraglylygyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli işler dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Ildeşlerimiz türkmen ýaşlarynyň ak ertirlere gönükdirilen nurana ýollarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady we ylymly-bilimli, çuň gözýetimli şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky beýik tutumlary bilen baglanyşyklydygyny nygtadylar. Mährem enelerimiz bolsa Milli Liderimiziň geçen umumy sapagynda eden çuň mazmunly çykyşynyň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Türkmenabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Ýaşlar — nurana geljegimiz

Täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde gojaman Köpetdagy etekläp oturan Arkadag şäheriniň bilim ojaklarynyň täze binalarynyň açylmagy toý şatlygyny goşalandyryp, köňüllere üýtgeşik ýakym çaýdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepleriň we çagalar baglarynyň onlarçasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlaryna, körpe nesline giňden gujak açdy. Täze binalaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy has-da buýsançlydyr.

Maksadyň myrat tapmagy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň çäginde hem şu ýyl giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, ýokary okuw mekdeplerimiziň bagtyýar talyby bolan ýaşlarymyzyň buýsanjynyň çäksizdigini görmek bolýar. Biz hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň deňizçi harby talyby bolmak bagty miýesser eden Ýakup AGADURDYÝEWIŇ ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň harby talyby bolup okuwa kabul edilmegim, durmuşymda buýsançly waka boldy. Deňizçi serkerde bolmak höwesi çagalyk döwrümde döredi. Kakam bilen teleýaýlymlaryň birinde harby talyplaryň uçurym dabarasyna tomaşa edenimde, şeýle-de kyblamyň maňa «Esger» gazetini okamaga bermegi, bular deňizçi bolmak umydyny oýaran wakalardyr. Üstesine-de, kakamyň harby gullukçydygyny nazarda tutsak, «Ata kesbi ogla halal» diýleni-dä! Öz öňümde deňizçi serkerde bolmak maksadyny goýupdym. Elbetde, maksada ýetmek üçin oňa ymtylyş, höwes, şeýle beýik duýgynyň ugrunda jan çekmek gerek bolup durýar. Şeýlelik bilen, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, harby okuwçy bolupdym. Diýmek, çagalykdaky

Bagtyň çyragy

Ýurdumyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim-terbiýe bermek, dürli hünärleri öwretmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgelerini, zähmet endiklerini terbiýelemek bilim işgärleriniň öňünde mukaddes borç bolup durýar. Şol borjy amal etmek maksady bilen, häzirki wagtda ähli amatlyklar we okatmagyň häzirki zaman wezipelerine jogap berýän şertler bilen üpjün edilen mekdeplerde ýaşlara bilim bermek, sowat öwretmek işleri maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şoňa laýyklykda, bu günki gün türkmen ýaşlary dünýä ýaşlary bilen deň gadam urýar. Ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynyň hatarynda welaýat merkezimizdäki 26-njy orta mekdebiň ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulmagy ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryna dünýä tejribesiniň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylandygynyň aýdyň alamatlaryny görkezýär. Bilim işgärlerine, okuwçy ýaşlara bilim bermek bilen bir hatarda, başarnyklaryny açyp görkezmäge hem mümkinçilikleriň döredilmegi ulgamda işleriň sazlaşykly guralýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşigiň ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülip, ol bilim işgäriniň ulgamda zähmet çekmek babatdaky tejribesiniň näderejededigini aýan etmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Başlangyç bilimiň ähmiýeti ýokary Bilim ojaklarynda iş tejribesinden ýüki ýetik mugallymlar yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar diňe bir körpe nesillerimize sapak bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw jaýlaryny gutaryp gelýän ýaş mugallymlara hem halypalyk edýärler. Eýýäm ençeme ýyl bäri bilim ulgamynda zähmet çekip, işgärleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri hem Altyn Nurberdiýewadyr.

Röwşen geljegi nazarlap

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, watansöýüji, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin taryhy işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw işine okatmagyň döwrebap usullary, ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalaryň netijeleri giňden ornaşdyrylýar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplardyr obalarymyzda iň häzirki zaman bilim edaralary gurlup ulanylmaga berildi. Has takygy, şol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumy uly şatlyk-şowhuna beslenip, dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Şeýle hem Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, baýramçylyk güni Sahy Jepbarow