"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Abadan durmuşyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-biregi hormatlamaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirjekdigini aýdyp: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip belläpdi. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işler hem öz mynasyp netijelerini berýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bolsa bu ugurda kesgitlenen anyk wezipeleri özünde jemleýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýleriniň açylmagy uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Moskwa we Kazan şäherlerinde, Minskde, Stambulda hereket edýän bilelikdäki söwda öýleri dürli harytlary

Dost-doganlyk daragtynyň miweleri

Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi dowam edýär Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Onuň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabaranyň başynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ýöriteleşdirilen sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Doganlyk halklaryň hyzmatdaşlygy

Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen-türk hyzmatdaşlygy häzirki döwürde has-da berkidilip, yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýledigine, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda dowam edýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Bu forumyň iki doganlyk döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. Häzirki wagtda öz işini dowam edýän bu foruma Türkiýe Respublikasynda dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan ençeme kompaniýalary, şol sanda bu kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri hem gatnaşýarlar. Olaryň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri aýratyn nygtarlyklydyr. Bu ýerde görkezilýän harytlaryň ählisi Türkiýede öndürilýän ýokary hilli eksport harytlary bolup durýar. Sergide senagat pudaklary, oba hojalygy, dokma önümçiligi, hojalyk harytlary ýaly birnäçe pudaklara degişli önümleri görmek bolýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Täze döwrüň basgançagynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde uly ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Şanly ýylymyzyň taryhy wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem ähli ugurlarda bolşy ýaly, ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösüşleri hem uly üstünliklere, zähmet ýeňişlerine beslenýär.

Demir ýol we gümrük edaralarynyň arasynda özara baglanyşyk kämilleşdirilýär

Mary welaýat gümrükhanasy tarapyndan «Ýurdumyzyň gümrük çäginden gümrük üpjünçiligi bilen demir ýol ulaglarynda daşalýan harytlaryň wagonlaryndaky kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň) ýok edilmegi, zaýalanmagy, üzülmegi, goparylmagy bilen bagly düzgün bozmalaryň öňüni almak» atly pudagara maslahat geçirildi. Maslahata Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri hem-de «Demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň degişli şahamçasynyň hünärmenleri işjeň gatnaşdylar. Demir ýol ulaglaryndaky wagonlarda ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçýän ýüklerde wagonlardaky kybaplaýyş serişdeleriniň (plombalaryň) talaba laýyk saklanylmagy zerur şertleriň biri bolup durýar.

Ykdysady ösüşleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi ugrunda köpugurly işler alnyp barylýar. Bu işler halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ykdysady ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty innowasiýalara, bazar gatnaşyklary şertlerinde dolandyryşyň döwrebap, has täsirli usullaryny yzygiderli ornaşdyrmaga daýanýar. Pudaklar toplumlaýyn, durnukly ösdürmäge gönükdirilip, ýaş nesliň bilim kämilligini, hünär başarnygyny ýokarlandyrmak bilen, degişli hünärmenleri taýýarlamagy nazarlaýar. Ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy, jemgyýetiň okgunly özgerişlere eýe bolmagy, halkyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we ýokary hilli hünär başarnygyna bagly bolup durýar. Çünki ýurdumyz innowasion ýörelgeleri we hojalyk usullaryny ornaşdyrmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşýar. Ýurdumyz ygtybarly ykdysady hyzmatdaş, yklym derejesinde iri energetika we üstaşyr geçiriji döwlet hökmünde tanalýar. Daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyklar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geografiýasynyň giňeldilmegine, täze bazarlaryň özleşdiri

Türkmenistana «Boenig-777-300ER» täze ýolagçy howa gämisi getirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, raýat awiasiýasyny ösdürmek üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap howa menzilleri gurulýar we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, şeýle hem ýurdumyzyň howa gämileriniň parkyny giňeldip, dürli görnüşli ýokary amatlyklary bolan täze döwrebap ýolagçy howa gämilerini yzygiderli satyn almak göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boenig» kompaniýasynyň «Boenig-777-300ER» iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn alyndy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

«Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly ýük daşamagyň möçberi düýpli ýokarlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu ulag şahasy arkaly ýük geçirilişiň ösüşi 26 göterime deň boldy. Şu ýyl Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçlegesiniň ähli şahalary boýunça konteýner ýük daşamagyň möçberi iki esse artdy. Bu öz gezeginde halkara ulag geçelgesine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezýär.

«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi

Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde ýene-de bir ulanyş gaz guýusy önümçilige girizildi. Şeýlelikde, gaz käniniň tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodynyň önüm berýän gazly guýularynyň sany otuza ýetdi. Şol 238-nji belgili ulanyş gaz guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy bolup ýerine ýetirdiler. Gaz guýusyndan tebigy gazy ilkinji arassalaýan desga çenli aralykda gurlan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşygynda turbalary kebşirlemek, seplemek aýratyn hünär ussatlygyny talap edýän işler. Şoňa görä, bu işler tejribeli kebşirleýjiler tarapyndan ýokary hilli ýerine ýetirildi.

Baýlyk gory ýene artar

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda olaryň tutumlary has uly, maksatlary has belent. — Ýerine ýetirýän işimiziň örüsi örän giň. Ol ýurdumyzyň Balkan, Lebap welaýatlarynyň geljegi uly bolan meýdançalaryny öz içine alýar. Şanly ýylda hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarys. Bu möhüm işde biz hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly buraw enjamlaryna giňden daýanýarys — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow gürrüň berýär.

«Nebitgazçykaryş» trestiniň gazly düzümini ulanmagyň aýratynlyklary

Günbatar Türkmenistanda özleşdirilýän känlerde hereket edýän guýulardan çykarylýan ýokary basyşly gazyň Körpeje, Altyguýy, Günorta Gamyşlyja, Ekerem, Şatut, Keýmir, Akpatlawuk, Kemer ýaly uglewodorod gorly känlerden gazly göterijili usulda nebit çykarmakda işçi gaz hökmünde peýdalanylmagy bu sebitiň uglewodorod gorly känlerini ulanmagyň aýratynlyklarynyň biridir. Sebitde ilkinjileriň hatarynda ulanyşa girizilen Körpeje käninden «Gamyşlyja» pes temperaturaly saýlaýyş desgasyna çenli gaz geçirijiniň gurulmagy bilen, 1985-nji ýylda käni işläp geçmäge girişilýär we 1997-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Eýran (Körpeje — Gurtguýy) halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanyşa girizilmegi netijesinde kän doly kuwwatlygynda özleşdirilip başlanylýar. Körpejede 2000-nji ýylda önümçilik kuwwaty gije-gündizde 24 million m3 tebigy gazy arassalamaga ukyply bolan gazy toplumlaýyn taýýarlaýyş desgasynyň gurlup işe girizilmegi käni işläp geçmegiň taryhynda täze sahypany açýar.

Gyşy göwnejaý garşylaýan gazçylar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz gojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri güýz-gyş möwsüminiň işlerini ýokary guramaçylykly dowam edýärler. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şäheriň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde häzirki günlerde alyp barýan derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gazçylaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Daşoguz şäheriniň ilatynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyçdan» bolelin peýdalanmaklary gazanylýar.

Ak ýollara ak uçarlar ýaraşar

Şu gün — 4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili baýramçylyk ruhuna beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň  degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasyndan iki sany täze ýolagçy howa gämileri satyn almak  barada baglaşylan şertnama laýyklykda,  ilkinji  täze ýolagçy  howa gämisi paýtagtymyzyň Halkara howa menziline  gelip gowuşdy.

Ösüp barýan bazarlar global sowadyjy ulaglaryň ähmiýetini artdyrar

«Transport Intelligence» konsalting kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, 2022-nji ýylda sowadyjy logistika bazarynyň gymmaty 764,2 milliard ýewro ýetdi, Munuň özi bu görkezijiniň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5% ösendigini aňladýar. Ykdysady çökgünlige garamazdan, bu ugurdaky netijeleriň şu ýyl has çalt ösjekdigi çaklanylýar. Garaz, bazar ýene 1,6 % ösmeli. Sowadyjy logistikanyň giňelmeginde esasy faktorlaryň biri-de, indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän dünýäde azyk önümçiliginiň we sarp edilişiniň ösüşi bolup durýar. Bu tendensiýanyň esasy hereketlendirijisi ösüp barýan bazarlardyr. Dünýäde azyk önümlerini iň ýokary derejede import ediji bolan Hytaý bazara iň uly täsirini ýetirýän ýurtdyr. Mysal üçin bellesek, 2021-nji ýylda Hytaý daşary ýurtlardan 4 million tonnadan gowrak doňuz etini satyn aldy. Bu görkeziji 2014-nji ýylda bary-ýogy 1 million tonnadan ybaratdy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine portlandsement, tüýjümek önümler, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 857 müň 180 dollaryna deň boldy.

Plastmassa önümçiligi

Dünýä bazary ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň plastmassa bazary 712 milliard amerikan dollary möçberinde bolar. Bu görkeziji 2020-nji ýylda 580 milliard amerikan dollaryna deňdi. Degişli hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2028-nji ýyla çenli bu görkeziji 750 milliard amerikan dollaryna ýeter. Şeýle-de 2023-nji ýyldan 2033-nji ýyla çenli bazaryň ýyllyk ösüş depgininiň 4 göterim ýokarlanyp, 1 trillion 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolmagyna garaşylýar.

Braziliýa diňe futbolyň ýurdy däl

Aslynda, Braziliýa diýilse, köpimiziň göz öňümizde futbol janlanýar. Emma Latyn Amerikasynda ýerleşen bu döwlet futboldan başga-da köp ugurlarda dünýäniň öňdebaryjysy hasaplanýar. Meselem, azyk senagatynda. Has anyk aýtsak, Braziliýa şeker, soýa we kofe öndürmekde dünýä lideridir. Şeker

Daşogzuň we Lebabyň şalyçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ekerançylarynyň şaly hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini döwlet Baştutanymyza habar berdi.

Russiýa Federasiýasy rekord mukdarda galla eksport eder

Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministrliginiň habar bermegine görä, ýurtda galla ekilen meýdanlaryň 98 göteriminde hasyly ýygnamak işleri tamamlandy. Russiýaly ýer eýeleri şu ýyl gallanyň 151 million tonna hasylyny aldylar. Bellenilişi ýaly, howa şertleriniň çylşyrymly bolandygyna garamazdan, şu ýyl Russiýada dänelik ekinler bol hasyl berdi. Mysal üçin, ýurtda 99 million tonna bugdaý hasyly ýygnaldy. Şalynyň bolsa 1,1 million tonnasy ýygnalyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 24 göterim ýokarydyr.

Özbegistan 951 million amerikan dollarlyk miwe we gök önümleri eksport etdi

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistan 145,9 müň tonna gawun we garpyz eksport etdi. Bu ugurda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 8 göterim ösüş gazanyldy. Ýurduň gawun we garpyz eksportynyň umumy bahasy 39,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu ýurduň taryhyndaky iň ýokary görkezijidir. Mundan başga-da, goňşy döwlet şu ýylyň 10 aýynda umumy bahasy 53,5 million amerikan dollaryna deň bolan 260,2 müň tonna sogany (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 65,3 göterim ýokary), umumy bahasy 52,9 million amerikan dollaryna barabar 45 müň tonna üljäni (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 58,9 göterim ýokary) eksport etdi.