Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary syýasat üstünlikleri bilen täze belentliklere tarap barýar
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 32 ýylyň dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar. Türkmen döwletiniň häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň, tagallalary jebisleşdirmek bilen gatnaşmagy, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen oňyn halkara dialogyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni esasy döwlet baýramy bolmak bilen, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda durmuş-syýasy ulgamda, diplomatiýada uly üstünliklere ýetildi, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler netijeli dowam edýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi barha ýokarlanýar, durmuş-ykdysady ösüşde giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, toplumlaýyn milli maksatnamalar, taslamalar amala aşyrylýar. “Ber