"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Daglar we ýollar

Eger gudrat göreý diýseň... Zeminde suwam bar, çölem bar, buzlugam bar, dagam bar. Hersi öz ýerinde gözelem, ýowuzam. Ýöne, näme üçindir, olaryň arasynda adamy dag ýaly özüne çekýän zat az. Dag bilen suwy şekillendirýän hytaý «şan-şuýy» dünýäde meşhur. Bu peýzaž kompozisiýasyndan dagyň şekilini aýryp, diňe suwy goýsak, häzirki meşhurlygyndan yz galar öýdemok.

Tebigat — biziň öýümiz

Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tokaý, Türkmenistanyň Sanitariýa, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri, «Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyk hakyndaky», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki degişli hukuk namalary kabul edildi.

Gözel tebigatyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny düşündirmek, ýaşlaryň garaýyşlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çärelere, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-durmuş wakalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky möhüm işleriň biri boldy. Şu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanylan hazynalar çeşmesidir». Munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, baýlaşdyrmak, olary öwrenmekligi ylmy esaslarda alyp barmak babatdaky goşandyny anyk kesgitleýär.

Gyzyl kitaba girizilen çomuçlar

Çomuç derman, tehniki çig mal we iým serişdesi hökmünde gymmatly ösümlikdir. Onuň kökünde 20 — 30 göterime çenli sakyz saklanýar. Çomujyň ýagy, şepbigi senagatyň dürli pudaklarynda hem-de lukmançylykda ulanmak üçin himiki maddalary almakda peýdalanylýar. Biologik işjeň maddalar ösümligiň kökünde hem-de baldagynda saklanýar. Ysly we täjik çomuçlary (Ferula foetida, F.tadshikorum) — saýawanlylar maşgalasyna degişli bolan, boýy 100 — 150 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümliklerdir. Olar aprel-maý aýlarynda gülleýär, maý — iýul aralygynda miweleýär. Ysly çomuç Üstýurtda, Üňüzaňyrsy we Günorta-Gündogar Garagumda duşýar. Täjik çomujy Köýtendagda, esasan, Hojaýpil hem-de Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanalarynyň çäklerinde, Gowurdak pes daglyklarynda ýaýrandyr. Bu ösümlikler ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşler hasaplanýar. Sebäbi gadymdan bäri ýerli ilat olary ir bahardan, tä tomsuň ortasyna çenli iýmitlik, dermanlyk, dürli milli tagamlara ýakymly ys beriji serişde hökmünde peýdalanýarlar. Ýerli ilat tarapyndan, esasan, iýmitlik üçin çomujyň ýerden ýaňy gögerip çykan, ýapraklanmadyk sütünini tä miweleýänçä, köküniň ýokarky bölegi bilen bilelikde peýdalanylýar. Soňky ýyllarda toşap gaýnatmak üçin ýokarky bölegini ýygnaýarlar we ýaz-tomus aýlarynda köküniň ýokarky bölegini kesip, onuň sakyzyny hem alýarlar. Çomujyň baldagy kesilenden soňra, ol ösüşini d

Zeňňibaba — tebigatyň iň gözel künjegi

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy we onuň çäkli goraghanalaryna ýanaşyk ýerler tebigy gözelligi, ajaýyp görnüşi bilen islendik adamy haýran galdyrýar. Şeýle gözel künjekleriň hatarynda Zeňňibabanyň aramgähi ýerleşýän düzlügini, Akjagaýa çöketligini, Mergenaşan jaryny buýsanç bilen belläp bileris. Tebigatyň bu gözel ýerleri geografik ýerleşişi, landşafty, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýarlar. Halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, birwagtlar bu ýerlerde Zeňňibaba atly keramatly adam ýaşap geçipdir. Ony gara mallaryň we öý haýwanlarynyň piri hasaplapdyrlar. Bu keramatly adam daş-töweregi dürli görnüşli otlardan, ösümliklerden bol bolan süýji suwly kölüň kenaryna golaý ýerleşýän üsti tekiz beýik depede oturyp, şol meýdanda sygyr bakypdyr. Şol beýik depäniň üstündäki uzynlygy 7 metre barabar bolan Zeňňibabanyň guburynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy gaty täsin. Häzir hem şol köl Zeňňibaba köli diýlip atlandyrylýar. Zeňňibaba Daşoguz welaýatynyň merkezinden 180 kilometr we Ruhubelent şäherçesinden 60 kilometr günorta-günbatarda, Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň etegindäki çöl giňişliklerinde ýerleşýär. Ol welaýatyň Ruhubelent we Boldumsaz etraplarynyň ätiýaçlyk ýerlerine degişlidir.

Mele suwly Amyderýanyň täsinlikleri

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda zerur çäreleriň göwnejaý guralmagynyň netijesinde goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýyl geldigiçe artýar. Mele suwly Amyderýanyň kenarlaryna uzalyp gidýän tokaýlyk meýdanynyň uly bölegi goraghananyň çäginde ýerleşýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda tokaýlyklaryň tutýan meýdanlaryny giňeltmek, olaryň goragyny we gözegçiligini güýçlendirmek hakda bellenilýär. Şol maksatnamadan ugur alyp, goraghananyň hünärmenleri tokaýlary aw awlamak, mal bakmak, miwe ýygnamak ýaly maksatly kanun bozujylardan goraýarlar. Derýanyň bol suwy, onuň kenaryndaky tokaýlyklar, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi tebigatyň ynsana beren peşgeşidir. Ýylyň yssy döwründe daglardaky garlaryň we buzlaryň çalt eremegi netijesinde güýçli daşgynlar döreýär. Bu tebigy hadysa tokaýlarda ýaşaýan haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerini kynlaşdyrýar. Ýüze çykyp biläýjek şeýle kynçylyklaryň öňüni almak üçin goraghana işgärleri dürli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olaryň tagallalary arkaly tokaý haýwanlarynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler döredilýär.

Gaýduwsyz itaýy

Itaýylar (Mellivora capensis) — ýyrtyjylar toparyna, samyrlar maşgalasyna degişli haýwanlardyr. Bu jandar tebigatdan «Ýitip barýan görnüş» derejesi berlen haýwanlaryň biri. Şonuň üçin olar tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplarynyň sanawyna girizilendir. Bu jandar meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, orta ululykdaky, kelle-aýaklary güýçli we berk penjeli haýwanlardyr. Ol torsuga çalymdaş bolsa-da, onuň ýüzi gysgarak we togalak, gulaklary bolsa örän kiçi. itaýylar örän çalasyn, özge ýyrtyjy haýwanlardan, ýylanlardan gorkmaýarlar, onuň hamy öte galyň we gorag üçin ýiti dişleri hem-de dyrnaklary bar. Ýene bilmeli gyzykly zatlaryň biri, olary zäherli ýylanlar çakandan soňra, bu jandar ölen ýaly ýatyp, 20 — 40 minut geçensoň, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, öz ugruna turup gidýär.

Her daban ýeriňde keramat gördük

«Ýer ala, ýurt ala» Biziň söhbedimiz eziz ene topragymyzyň uç-gyraksyz meýdanlary, gözel tebigaty, dag-dereli, çeşme-çaýly, giň sähraly ýaýlalary, kerem-keramatly ýerleri hakda. «Ýagşyny görmek jennet» diýilýär halkymyzda. Hydyr gören sähralara, asyrlaryň şaýady bolup oturan belent daglara gezelenç edip, arassa howadan dem almak, şildiräp akýan çeşme suwundan ganyp, eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny synlamak diýseň lezzetli. Ata-babalarymyzyň ýatan keramatly ýerlerine aýlanyp, olaryň ruhuny şat etmek, aýat-doga okamak bolsa sogaply işleriň biri. Bu gezekki döredijilik saparymyzda biz ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň keramatly ýerlerini, täsin tebigatly meýdanlaryny görmek maksady bilen ýola düşdük. Ir säherde paýtagtymyzdan çykyp, ýüzümizi günbatara tutup barşymyza, Gün öýleden aganda, Balkanabat şäherinden geçdik. Jebel şäherçesiniň üsti bilen gündogarlygyna tarap ugur alanymyzda, ýoluň ugrundaky: «Gözli baba 130 km. Ärsarybaba 235 km. Gaýtarmyş ata 160 km» diýen ýazgy hemmämiziň ünsümizi çekdi. Keramatly ýerlere çenli menzili görkezýän sanlar ýoluň agramly böleginiň heniz öňdedigini aňladýardy. Ykjam oturyşymyza, ýol ugrundaky hiç bir täsinligi gözden salmajak bolup, ulagyň aýnasyndan ikiýan tarapy synlap barýardyk.

Dag gözelliginiň waspy (Täsin tebigat)

Tomusky dynç alyş möwsüminiň özboluşly hezilligi bar. Çünki bu möwsümde biz ýurdumyzyň gözel künjeklerine, täsin tebigatymyza gezelenç edýäris. Golaýda kakam bizi Köýtendaga alyp gitdi. Ilki bilen, ýol ugrunda ýerleşýän Gaýnarbaba çeşmesine bardyk. Ol ýerde aýnanyň ýüzi ýaly dury suwda iki ýana ýüzýän ululy-kiçili balyklary synladyk. Soňra belent daglaryň arasy bilen ýolumyzy dowam etdirdik. Köýtendag barada enem kän gürrüň berenem bolsa, heniz baryp görmändim. Daglaryň depesine göz ýetmeýärdi. Baýyrlaryň üstünde oýnap, dagdan akýan dury çeşmäniň suwundan içip, hezil etdik. Arça tokaýlyklary, jeňňellikler, Köýten obasyndaky uly çynarlar, göm-gök suwly köl, dinozawrlaryň aýak yzlary, «Kyrkgyz» gowagy bizde uly täsir galdyrdy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +36... +41 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

«Üçýyldyzda tün sowar...»

Milli senenamanyň Üçýyldyz döwri 22-nji iýulda başlanyp, 12-nji awgusta çenli dowam edýär. Göräýmäge, onçakly uzaga çekmese-de, bu döwür 20 günüň içinde daýhana-da, maldara-da synag baryny görkezipdir. Howa biçak gyzyp, jöwzaly günleriň hatar gurap gelmegi, epgekli ýelleriň birsyhly öwsüp durmagy köp ekinlere zyýan ýetirip bilipdir. Olaryň has ejizleri saralyp, sapagyndan üzülýär. Bu ýagdaý gök we bakja ekinlerinde, subtropik ekin bolan limonda has-da äşgär bolýar. Şu döwürde ýagdaýy bolsa, ekinleri suwsatman saklajak bolmaly. Yzgary ýetik ekin reňki saralsa-da, düwen hasylyny saklagan bolýar. Aýratyn-da, gowaçanyň güllere basyrylýan bu döwründe gözegçiligi berkitmeli. Ýogsam, ol aňyrsy 3-4 günüň içinde ep-esli hasylyny döküp bilýär. Ata-babalarymyzyň «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler. Howanyň çakdanaşa gyzmagy käbir ösümliklere özüniň gowy täsirini-de ýetirýär. Mysal üçin, Amyderýanyň iki kenarynda biten gamyşdyr hyşa örän çalt ösýär. Toraňňylaryň-da ýapraklary göm-gök öwsüp, sähel ýele özboluşly owaz edýärler. Buýanyň gülüniň hoştap ysy bolsa has-da özüne çekiji. Derýa ýakyn ýerlerde yzgara ekilen gawun-garpyzlaryň t

Atgarlawaç

Guşlar arassa asmanyň hem tebigatymyzyň ýaraşygy. şolaryň biri-de atgarlawaçlardyr. Biri-birine örän çalymdaş bolan garlawaçlar we atgarlawaçlar köp wagtyny howada geçirip, uzak aralyga uçup bilýärler. Garlawaçlaryň dünýäde 90, atgarlawaçlaryň 117 görnüşiniň bardygy alymlar tarapyndan hasaba alnypdyr. «Ýazyň buşlukçysy» hasaplanýan garlawaçlar serçe şekilliler maşgalasyndan bolup, şahalara, simlere, käte ýere-de gonup, dynç alýarlar. Türkmenistanda atgarlawaçlaryň üç görnüşi duşýar. Garamtyl reňkli bu guşlar, esasan, obada, özüne amatly ýerlerde, derýalaryň jülgesindäki köwüklerde ýa-da jaýlaryň üçeginiň aşagynda höwürtgeleýär. Atgarlawaçlaryň uçuş tizligi garlawajyňkydan has ýokary bolup, olar sagatda 160 km töweregi ýol geçýär. Olaryň dünýäde iň kiçi guş hasaplanýan kalibri atly guşa ýakynlygy barada hem maglumat bar. Atgarlawaçlar maýda mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu çalasyn guşlaryň säher bilen howada sesli gaýmalaşyp ýörenini köpimiz görýändiris. Olar uzynly gün uçup, garaňky düşmänkä, höwürtgesine dolanyp gelýärler.

Awaza: sapaly dynç alyş, şypaly melhem

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda her bir raýatyň sapaly we sagdyn durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin döredýän şertleri «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  ýiti zehini we çuň paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak bilen adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrýar.

Tomus halk hasaby

Nakyllar halkyň söz sungatynyň iň bir gadymy görnüşidir. Şolarda orun alan many-mazmun, paýhas aňrybaş derejede milli düşünjelerdir.

Tebigata söýgi — Watana buýsanç

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljek nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk hem-de beýleki işleriň tebigy-ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, ýerüsti we ýerasty suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obýektleri, ekologik ulgamlar, atmosfera howasy, klimat we Ýeriň ozon gatlagy ýok edilmekden, ýaramazlaşdyrmakdan, azaltmakdan, zeper ýetirmekden, hapalanmakdan, rejesiz peýdalanmakdan we beýleki ýaramaz täsirlerden goralmaga degişlidir» diýlip bellenilýär. Türkmenistan häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Biziň ýurdumyz halkara ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde daşky gurşawy goramak boýunça möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar, ýygy-ýygydan wajyp başlangyçlardyr

Güller açýan Garagum

Garagum sährasynyň özboluşly jana şypa beriji tenekar howasy, tylla reňkli çägesidir ulgam-ulgam bolup duran gum depeleri, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsi her bir türkmen raýatynda, ösüp gelýän ýaş nesillerde öz Watanyna bolan söýgini artdyrýar. Şeýle-de, olaryň kalbynda eziz Watana bolan buýsanç duýgusyny belende galdyrýar. Türkmeniň göz guwanjy, hazynaly Garagum çöli güneşli ýurdumyzyň 80 göterimini eýeleýär. Uç-gyraksyz sähra köp sanly oňurgaly haýwanlaryň, şeýle hem çöle mahsus ösümlikleriň gadymy mekanydyr. Çölüň mör-möjekli dünýäsi has-da baýdyr we täsindir. Merkezi Garagumda kebelekleriň, tomzaklaryň, garynjalaryň we beýleki mör-möjekleriň dürli görnüşlerine köp duşmak bolýar. Garagum çöli dünýäniň çölleriniň içinde ösümlik örtüginiň we haýwanat dünýäsiniň özboluşly tebigaty bilen meşhurdyr. Garagumuň tebigy gözellikleri daşary ýurtly jahankeşdelerde we tebigaty öwrenijilerde uly gyzyklanma döredýär.

Tebigat we biz

Keşt edeliň ülkämize “Giňdir dünýä, geňdir dünýä” diýen jümle bilen ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda dünýädäki geň-taň zatlar barada köp ýazylýar. Ýöne, biziň ýurdumyzyň çäklerinde hem geň-enaýy zatlar az däl. Şolaryň käbiri hakynda okyjylara gürrüň beresim gelýär.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine hem-de howanyň temperaturasynyň gijelerine +19... +24 gradusdan +23...+28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +34... +39 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +29... +34 gradus maýyl bolmagyna garaşylýar.

Dört is­leg

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Gyş pas­ly baş­la­nyp­dy. Mit­ýa he­zil edip buz­da ta­ýyp oý­nap ýör­di. Bir­de­nem yl­gap ge­lip ka­ka­sy­na:

Günden goranalyň!

«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024 Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir.