"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Maşgala gymmaty

Günlerde bir gün täze öýlenip, öý-işikli bolan oglunyň öýüne kakasy gezmäge gelipdir. Ol: — Hany, oglum, ak kagyz bilen galam, bozguç al — diýipdir. Ogly getiripdir. Kakasy:

Edep-terbiýe — ynsan bezegi

Adamyň ýaşamagy üçin jemgyýet, jemgyýetiň ýaşamagy üçin döwlet zerurdyr. Döwletiň ösüşi bolsa hünärine ökde, giň dünýägaraýyşly hünärmenlere, edep-terbiýeli şahsyýetlere bagly bolup durýar. Jelaleddin Rumy edebi ynsan bedenindäki ruha meňzedipdir. Edepli kişi jemgyýetiň bezegidir. Edep-terbiýe ynsany janly-jandardan tapawutlandyrýan gymmatlykdyr. Halkymyz perzentleriniň edep-terbiýeli nesiller bolup ýetişmegini ähli zatdan ileri tutupdyr.

Ene sözi — keramat

Maşgalanyň mukaddesligi enäniň söýgüsinde, onuň mylaýym owazly ýaňlanýan hüwdi setirlerinde jemlenýär. Şonuň üçin maşgala barada gürrüň gozgalanda, enäniň keşbi ýüregiňde janlanyp, ynsan kalbynyň owazyna öwrülen mylaýym hüwdüsi gulagyňda ýaňlanýar. Her bir zadyň, hatda aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ummanlaryň hem serhedi bolýar. Emma ynsanyň ýüreginde özüniň mukaddesligi bilen aýratyn orun eýeleýän, hiç bir zat bilen öwezini dolduryp bolmaýan ene söýgüsiniň çägi, serhedi asla bolmaýar. Dünýädäki iň keramatly sözler ene sözünden gözbaş alýar. Çünki «Ene» diýen sözüň mähir-muhabbeti, keramatly güýji bar. Eneler maşgalanyň mizemez sütünidir. Şonuň üçin mährem enelerimiziň waspy şahyrlaryň şygyrlarynda belentde ýaňlanýar. Gözelligi dünýä nusga enelerimiziň çäksiz söýgüsini şahyr Berdinazar Hudaýnazarow «Ene we ogul» atly şygrynda şeýle beýan edýär:

Gelnejem — gelen ejem

Tomsuň jöwzaly günleri öz hökümini ýöredýär. Ol baglardaky ir-iýmişleri ballar kimin akdyrdy. Bu döwürde oba durmuşy has-da gyzykly bolýar. Her kim ir säher bilen turup, baglardaky miweleri, ekinlerdäki gök önümleri howanyň salkynynda ýygnaýarlar. Arylar, kebelekler, garynjalar hem adamlar bilen deňine hereket edip, olar hem özleri üçin iýmit ýygnaýarlar. Bu pasylda gijeleriň pursady juda az. Gün çaltlyk bilen dynjyny alyp, al-asmana galmak bilen bolýar. Soňra ýiti naýzalaryny Zemine dikýär. Ir bilen günortanlyk naharyny taýýarlap, başagaý bolup ýörşüme duýgularyň dünýäsine berildim. Ýakymly ýatlamalar meni çagalygyma sary alyp gitdi.

Sagdyn maşgala — mizemez gala

Gadymy kitaplarda, köne golýazmalarda, dilden-dile geçip gelen edebi hem ahlak mirasymyzda, umuman, milli hazynamyzda maşgala binýadynyň berkligi hakda aýdylan zatlar juda kän. «Maşgalam — baş galam» diýip, öý-ojagyny mukaddes saýan eždatlarymyz, «Hatynym — halalym» diýip, zenanlarymyzy depesine täç eden ata-babalarymyz agzybirligiň, berekediň, edep-ekramyň, uýat-haýanyň, beden hem ruhy sagdynlygyň nusgalyk derejesini, maşgala berkliginiň mizemez nusgasyny bize miras goýupdyrlar. Bu gymmatly pikir-garaýyşlaryň Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem esasy mazmunyny düzendigini onuň diwanlaryny okan her bir okyjy magat aňýandyr. Akyldar şahyrymyzyň maşgala mukaddesligi, perzent terbiýesi, arassa ahlaklylyk, maşgala wepalylyk ýaly zerur meseleler babatdaky şygra siňen garaýyşlary, pikir-oýlary has çuňdur, dürdänedir, manysyny hiç wagt ýitirmejek ruhy ýörelgedir. Şu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Hut maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar» diýýän setirleri hakyda dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet wezipesine geçen ilkinji güni eden dabaraly çykyşynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygary bolsa biziň döwrümiziň hukuk, demokratik ýörelgesi, maşgala, şahsyýet, jemgyýet bütew

Asylly terbiýe

Ynsan ýaşlykdan niýet eden ugry bilen ýörese, onuň ömri many-mazmuna baý bolýar. Çagalyk ýyllaryndan kitaba ysnyşan adamyň durmuşy jemgyýete nusgalyk işlere gönügip gidiberýär. Ylaýta-da, çaga terbiýesi kitap bilen utgaşanda aýratyn guwandyryjy netijeleri berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyryň döredijiligi dünýä ýaýylýar, kitaplary neşir edilýär. Biz bu kitaplary öz işimiziň gözbaşynda goýup, çaga terbiýesiniň pederlerden miras galan däpleriniň ýöredilmegini asylly iş hasaplaýarys. Akyldar şahyryň kitaplaryna bolan mukaddes garaýşy kemala getirmek, goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň kepili bolup durýar. Şahyr «Gyş bolar» goşgusynda: Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr — diýmek bilen, durmuşda ylym-bilimiň, terbiýäniň älem ýaly giňdigini beýan edýär. Ol terbiýeli bolmak üçin her bir adamda Watana söýginiň zerurlygyny hem nygtaýar. Dana şahyr «Mert bolmaz» şygrynda: Eşit adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz — diýip, Watany ezizlemegiň juda zerurdygy hakynda aýdýar. Şunuň ýaly nesihatlar Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň edep-terbiýäniň gönezligine öwrülmegine, ony her bir ynsanyň sarpalamagyna getirýär. Dana şahyryň ajaýyp goşgulary ynsanperwerligiň özeni, terbiýäniň mekdebidir. Goý,

Maşgalanyň berkligi — jemgyýetiň abadanlygy

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde maşgalanyň paýy uludyr. Şonuň üçin ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny sazlaýan, onuň abadançylygyny üpjün edýän hukuk esaslary hem hereket edýär. Türkmenabat şäher kazyýetinde raýatlara maşgala we maşgala gatnaşyklary, hukuklar we borçlar hakynda hereket edýän kanunlar boýunça yzygiderli düşündirişler berlip durulýar. Ýakynda hem maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmäge, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen kämil hukuk resminamalary barada giňişleýin düşündirişler berildi. Onda maşgalanyň türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýandygy, maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelýändigi we dürli meseleleriň çözülýändigi, olaryň kanuny goraglylygynyň kepillendirilýändigi, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy barada döwletimiziň edýän aladalary barada giňişleýin aýdyldy. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da sagdyn ösýär. Milli kanunçylygymyz türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamak we berkitmek maksady bilen yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy diňe bir durmuş goldawyny däl, eýsem, hukuk goragyny-da öz içine alýar. Maşgalalaryň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Durmuş-ykdysady we

Terbiýäniň nusgalyk ýörelgeleri

Ynsan mertebesini saklaýan we ony belende göterýän däp-dessurlar hiç wagt könelmeýär hem-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Elbetde, şol asylly däpleriň iň ähmiýetlisi hem ata-enäni hormatlamak edebidir. Durmuşda her bir ynsan öz nobatynda atadyr ene bolmaly. Has dogrusy, ata-ene perzendiň asly bolup durýar. Perzendi ekläp-saklamak, edep-terbiýe bermek, öýli-işikli etmek, gör, näçe zähmeti talap edýär?! Bu zatlaryň öwezini dolmak üçin perzent bütin ömrüne ata-enesine hyzmat etmeli. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da gylyk-häsiýetiň bolşy ýaly, her bir çaganyň hem dürli gylyk-häsiýeti bolýar. Muňa garamazdan, ata-eneleriň hemmesi öz çagalaryny eý görýärler. Şonuň üçin-de perzent öz aslyna — ata-enesine hormat goýmalydyr, perzentlik borjuny berjaý etmelidir. Ata-ene, perzent gatnaşyklaryndan edilýän talaplar durmuşdan alnyp, ata-babalarymyz tarapyndan kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçip, halkymyzyň asylly däplerine öwrülipdir. Türkmenleriň perzentlik borjy hakynda gürrüň edilende, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde bu asylly ýörelge görnetin şöhlelenýär. Çünki onuň «Wagzy — Azat» atly eserinde perzendiň ata-enäniň öňündäki borjy anyk beýan edilýär.

Dünýäniň ýaraşygy, manysy — ene

Ene mukaddesligi — terbiýe mekdebi Zenan mukaddesliginiň iň ýokary derejesi ene mukaddesligidir. Maşgalada, çaga terbiýesinde enäniň orny, türkmen ojagynyň ýylysy, mähir eýesi hasaplanýan enäniň nusgalyk häsiýetleri mukaddeslik bolup kalplara ornandyr.

Mähir ojagy

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Ejemiň işleklisi. Göwnüme bolmasa, ejemiň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly işlekli bişiriş usuly bardy. Çünki işlekliniň şol usulda bişirilişine soňy bilen hiç ýerde gabat gelmedim. Ejemiň nahar bişirýän ojagynyň öň (agyz) tarapynda ýer bilen gyradeň edilip, bir inedördül metr meýdança oda çydamly bişen kerpiçlerden tekiz örülendi. Kerpiçleri ojagyň agzyna golaý aralykda örmeginiň sebäbini öten-geçeniň ony basgylamazlygy üçin diýip düşündirerdi. Işlekli bişirjek mahaly şol kerpiçleriň üstüne 5-6 sm galyňlykda arassa çägäni ýazyp, onuň üstünde ojar (sazak) böleklerini üsti-üstüne tertipli örerdi. Soňra ojar oduny tutaşdyryp goýbererdi.

Döwrüň bagtyýar enesi

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginde ýaşaýan 100 ýaşly enäniň keşbini synlap, onuň mähir doly ýüzünde bagtyýarlyk döwrümize buýsanç gördüm. Tylla Orunowa 1924-nji ýylyň 15-nji maýynda gojaman Jeýhunyň sag kenarynda ýerleşýän obada dogulýar. Şol obada hem ykbal köküni urýar. Durmuşynda şol döwrüň kynçylyklary bilen birlikde köp gowulyklary gören ene obada ökde kärendeçi, pileçi hökmünde tanalyp, birnäçe gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe urşa gidenleriň yzynda jan aýaman, yhlasly zähmet çekýär. Ene kyn pursatlary özüniň gujur-gaýraty, sabyr-kanagaty bilen ýeňip geçýär. Gujur-gaýratlylygy, zähmetsöýerligi, adamkärçiligi bilen il içinde uly hormat-sarpa eýe bolan Tylla enä «Zähmet weterany» diýen hormatly at dakylýar. Ol ýoldaşy, Gyzylgum geňeşliginiň ýaşaýjysy Allaberen Hemraýew bilen dört ogul, dört gyzy terbiýeläp ýetişdirýär. Bu günki gün agtyklarynyň 50-si, çowluklarynyň 117-si, ýuwluklarynyň 17-si bagtyýar enäniň daşynda. Ol perzentleri üçin eziz hem mukaddes. Nesiller döwletli ojagyň törüni bezäp oturan enäni ellerinde göterip, başlaryna täç etmäge taýýar.

Baryňyz baharym meniň!

Ene-ata, ogul çaga dünýä inende, «Döwlet guşum», gyz çaga dünýä inende «Göwün hoşum» diýip arzylap, kemala getirýär. Onuň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuwlaýar. Özüniň ene-atalyk borjuny berjaý etmeklige çalyşýar. Çagalarynyň öz sözlerine gulak goýup, pendi-nesihat bilen iki jahanda hem ýagşy at galdyrmagyny isleýär. Oglan perzent ata, gyz perzent enä ýakyn bolýar. Ene-atanyň özlerini alyp barşy, biri-birine hormaty, garaýşy çagalaryň synçy nazaryndan sypmaýar. Maşgalada biri-biriňe sylag, mähribanlyk daş-töwerege bolan söýgini oýarýar. Perzent ulalyp kemala gelýär, durmuş ýoluna gadam basýar. Bilim alyp, hünär öwrenmek bilen, belent mertebeli ynsan bolmak baradaky ene-atanyň gulagyna guýan pentlerine uýan çagalar halkyň hezzet-hormatyna mynasyp bolýar. Terbiýe bilen bagly gürrüň orta atylanda, käbir ýaşlaryň durmuşa garaýşy göz öňüňe gelýär.

Mukaddeslik

Döwür, döwran hakda gürrüň edilende, ilki bilen, döwletimiziň goşa ganaty, jemgyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan maşgala baradaky aladalar seriňe dolýar. Ol aladalaryň ýyl geçdigiçe täze röwüşe eýe bolup, häzirki täze taryhy döwürde her bir türkmen maşgalasynyň asuda, abadan durmuşda, eşretli zamanada ýaşaýandygy baradaky hakykat kalbyňda egsilmez buýsanç döredýär. Maşgala halkymyzyň gymmatlyk hökmünde iň ezizleýän, apalaýan mukaddesligi. Çünki döwlet maşgaladan başlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz maşgalanyň ähli babatda üpjünçiligini öz üstüne alyp, bolelin ýaşamagy, nesilleriň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär. Her bir ene-atanyň baş maksady edepli-tebiýeli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek. Beýik söz ussady Magtymguly atamyz hem kemally perzendiň ene-ata berýän nepini öz goşgy setirlerinde:

Alajadan ýasalýan gülýaka

Mähriban jigilerimiz, siz «Güneş» žurnalynyň geçen sanynyň şu sahypasynda alaja örmekligi öwrenensiňiz. Gyzjagazlarymyz alajany dürli el işlerinde hem ulanýarlar. Alaja ýakalara, elbukjanyň gyralaryna bezeg hökmünde-de dakylýar. Halydan ýerine ýetirilýän gapjyklardyr ýantorbalary hem alajasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Alajadan owadan gülýakalary hem ýasamak bolýar. Geliň, şol gülýakalary bilelikde ýerine ýetirmäge synanyşalyň! Hany onda, alajalaryňyzy we beýleki gerekli esbaplaryňyzy alyp, gülýaka ýasamaklygy öwrenmäge başlalyň! Gerekli esbaplar:

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Ülje şerbedi

Ýeňiljek torbanyň tikilişi

Torba üçin gerekli esbaplar: — Ini 40 sm, uzynlygy 60 sm bolan güllüje we reňklije mata bölegi

Arpyşdaklamak

Tikiniň bu görnüşiniň düşnükli bolmagy üçin köýnegiň ýakasyny mysal alalyň. Ir wagtlarda ýakanyň gyýysyna-da bir alaja işilip, berklik-owadanlyk üçin tikilerdi. Ýa-da alaja ýüpe derek ýüpegiň gowy hilini nepis işip, iňňä sapyp, ýakanyň gyrasy ýa-da gyýynyň gyrasy ilki özüňe tarap ýörmelerdi, soň bolsa onuň tersine ýörmelerdi. Şeýdip, terslin-oňlyn ýörmelende, iňňäniň girip-çykýan ýerleri birigip, ýaňky ýüpek sapakdan arynyň öýjügine, aýak yzyna meňzeş, şeýle hem hünji düzülen ýaly tikin emele gelýär. Şol tikine hem arpyşdaklamak diýilýär.

Öý bikesi öwrense...

Ýumurtgaly börek Gerekli önümler: 500 g un, 11 sany ýumurtga, 8 nahar çemçe ösümlik ýagy, ýarty desse arpabadyýandyr şibit, gaýmak, suw, duz, gara burç.

Ýyldyzlar näme diýýär? Awgust 2024

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04 Hamallar bu aýyň başyndan işjeň häsiýetde bolarlar. Bu, aýratyn-da, döredijilik, sungat bilen meşgullanýan hamallar babatda şeýle bolar. Olara aýyň başynda gyzykly tanyşlyklar garaşýar. Bu tanyşlygyň soňunyň has ulurak netije bermegi-de ähtimal. Hamallar meýilleşdiren işlerine juda jogapkärçilikli çemeleşmelidirler. Tejribeli adamlaryň beren degerli maslahatlary olaryň işinde öňegidişlikleriň bolmagyna oňyn ýardam eder.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan bagtyýar ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge, ylym-bilimi ösdürmäge, şeýle hem kämil hünärmenleri taýýarlamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bu günki gün Ýer ýüzünde bagtly çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär.