"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Agzybirligiň, abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir gününi şanly wakalara, belent üstünliklere besleýän zähmetsöýer, agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygyny dünýä derejesinde giňden bellemäge ykjam taýýarlyk görýär. Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýar, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Munuň özi dünýäde ykrar edilen Lider, görnükli syýasatçy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň yhlasly tagallalary, durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we hoşniýetli diplomatiýasy bilen aýrylmaz baglydyr. Mähriban Arkadagymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynda nygtalyşy ýaly, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklar boýunça öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnü

Arkadagyň altyn taglymaty

(Publisistik oýlanmalar) Taglymaty döwrüň, döwür bilen baglanyşykly wakalaryň, pikir-oýlary ýüreginde göterýän juda kämil şahsyýetleriň döredýändigi bireýýämlerden bäri mälim. Şeýdibem ählihalk, umumadamzat derejeli filosofiýa kemala gelýär. Biz Halkara Bitaraplyk gününiň bosagasynda öz döwrümize mahsus wakalar, dünýä ösüşinde Türkmenistanyň orny, milli Lider, biziň günlerimizde Gahryman Arkadag hökmünde döwletiň abraý-mertebesini dünýäniň geosyýasy giňişligine çykarmakda özboluşly taglymaty döreden hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren, bitirýän hyzmatlary, syýasy, jemgyýetçilik, ruhy-ynsanperwer filosofiýasy hakda gürrüň etmekçi. Elbetde, juda giň syýasy düşünjeli, döwlet durmuşyna has ýakyn syýasatçylaryň, diplomatlaryň, ylmy jähetden has çuň çemeleşjek alymlaryň bu mesele hakda düýpli gürrüň etjekdiklerine şübhe bolup bilmez.

Asuda Watanda hünäriň waspy

Berkarar döwletimiziň bitaraplyk syýasaty umumadamzat ösüşiniň häzirki döwründe bütin dünýäde ykrar edilýän, goldanylýan döwletlilik ýoludyr. Çünki dünýäde parahatçylykly ösüşi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde orta çykýar. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ýörite Kararnama bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzyň ähli ösüş ugurlarynda parahatçylykly gatnaşyklara gönükdirilendir. Bitaraplygyň ynsanperwerlik ruhy ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaş, dostlukly döwlet hökmündäki at-abraýyny belende galdyrýar. Berkarar döwletimiziň tutýan ýoly, alyp barýan syýasaty hakda çuňňur düşünje bermek üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda-da ykdysadyýetiň we dolandyryşyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlara terbiýe bermäge, olary geljekde Watanymyzy ösdürmekde oňat taýýarlykly hünärmenler edip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk baýramynyň şanyna guralýan her bir dabaranyň, medeni-köpçülik çäreleriň many-mazmuny hem hut şu maksada gönükdirilýär.

Bagtyýarlygymyzyň milli taglymaty

Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär. Bitaraplyk ýörelgesi türkmen halkynyň taryhynda asyrlarboýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlykdyr. Halkymyz goňşularydyr beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we bir-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýär.

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlendi

Golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Halkara Bitaraplyk gününe

Türkmenistan Niýeti päk iller sende, Bitarap Türkmenistan,Bagta barýan ýollar sende, Bitarap Türkmenistan, Agzybirlik, asudalyk, abadanlyk şanynaSaýrap duran diller sende, Bitarap Türkmenistan!

Aýdym-sazly dabara

Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar.

Bitaraplyk – parahatçylygyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybir türkmen halky Halkara Bitaraplyk gününi – ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny uly ruhubelentlikde belläp geçýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň toý dabaralary ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň obadyr şäherlerinde, şäherçelerinde giňden bellenilýän toý dabaralary baýramçylyk şowhuny bilen mähriban halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini buýsanç duýgusyna besleýär.

Asudalyga ýugrulan ýörelge

Ýurdumyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden Bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürüp başlady. Bu bolsa Watanymyzyň dünýäde durnukly ykdysady ösüşi gazanýan, düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalmagyna getirdi. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary dowamly alyp barýar. Ata Watanymyz bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz iri we abraýly halkara guramalary, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn ähmiýet berýär, bu babatda oňyn netijeler gazanýar. Şeýlelikde, döwletimiz halkara derejesinde uly abraýa, mertebä eýe bolýar.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralar

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri golaýda Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdepde etrap häkimliginiň etrabyň medeniýet bölümi, syýasy-jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — parahatlyk binýady» ady bilen geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri Kuwat Mämmedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakamyrat Saýaýew, mährem ene, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Täzegül Aýnazarowa, etrapdaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy Dürli Öräýewa dagy çykyş edip, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň esasynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň bu günki gün dünýä jemgyýetçiligini bir maksatda jebisleşdirýän bitewi güýje öwrülendigini belläp geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň esasynda häzirki wagtda Bitarap Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlyk saklaýan döwletleriň hem-de halkara guramalaryň sanynyň barha artýandygy uly buýsanç bilen bellenildi.

Hemişelik Bitaraplyk – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam eder. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy pursatlarynyň üstüni ýetirýän, halkara derejede giňden bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy merdana halkymyzyň zähmet hyjuwyna sazlaşykly dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir güni toý-baýramlara besleýän ildeşlerimiz bu şanly senäni ýokary taýýarlyk bilen garşylaýarlar. Her ugurda joşgunly zähmetiň ýokary netijeleri öz şuglasyny saçýar. Bu bolsa döwletiň, jemgyýetiň hem-de hormatly Prezidentimiziň baky jebisliginiň aýdyň alamatydyr.

Belent ykrarly Watan

Şeýle buýsançly şygar bilen, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Boldumsaz etrap häkimligi, TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýuny ýokary derejede dabaralandyrmaga mynasyp goşant goşmak maksadynda, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda zähmet çekýän adamlar, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzünde abraý-mertebesi artyp, umumadamzat bähbitli tagallalary tüýs ýürekden goldanylýar. Onuň şeýledigi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürýän ajaýyp başlangyçlarynyň esasynda Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmeginiň, dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagynyň mysallarynda hem aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmegi bilen Türkmenistanyň ähli ugurlar babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlarynyň, guramalaryň sany barha artdy we olar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn durmuşa geçirilen işleriň mazmuny has baýlaşdy. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň Ýer ýüzünde abadan ýaşaýş

Baýramçylygyň ruhy joşguny

Toý-baýramlaryň täze döwrüň ruhuna laýyk täze mazmun bilen baýlaşýan häzirki ajaýyp zamanamyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk senesini mynasyp derejede dabaralandyrmak bagtyýar halkymyzyň baş maksadyna öwrülýär. Şu mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem baýramçylygyň ruhy joşguny has belende galýar, dabaraly çärelere, söhbetdeşliklere, duşuşyklara giň orun berilýär, türkmeniň bitaraplyk ýörelgesiniň gymmaty, ähmiýeti giňden ýaýylýar.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Ykrar edilen beýik gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galýandygyny täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň dünýä möçberinde amala aşyrýan beýik işleri, belent ykrarnama eýe bolýan başlangyçlary subut edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkara başlangyçlarymyz esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň kepilidir. Ata Watanymyz özüniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, alyp barýan ynsanperwer işleri bilen giňden tanalýar. Rowaç gadamlar bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasaty hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäde we sebitde hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatymyzy dowam etdirip, Bitarap Watanymyzyň geljegi, halkymyzyň we bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidi bilen bagly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşýäris» diýip belläp geçişi ýaly, ata-babalarymyzyň asylly däplerine daýanýan bitaraplyk ýörelgeleri döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen ösüşiň hem abadançylygyň hatyrasyna netijel

Döwrümiziň ýaraşygy

Pederlerimiziň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ajaýyp döwrümiziň bezegi, öý-ojaklarymyzyň söýesi mähriban enelerimiziň, gözelligiň nusgasy gelin-gyzlarymyzyň ajaýyp döwrümiziň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekleri, dürli ulgamlarda döredijilikli zähmet çekmekleri babatda berilýän goldaw-hemaýatlar, döredilýän şert-mümkinçilikler muňa buýsançly subutnamalardyr. Eziz Diýarymyzda gelin-gyzlar dürli ulgamlarda özleriniň tutanýerli zähmeti bilen abraý-mertebä eýe bolýarlar. Ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna has giňden çekmek maksady bilen, ençeme döwrebap işler durmuşa ornaşdyrylýar. Milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly giň mazmunly çäreler geçirilýär. Bu çäreler ýaş gelin-gyzlarda aýratyn uly täsir galdyrýar.

Dost-doganlyk ýollaryna şugla saçýar Bitaraplyk

Bitaraplyk hukuk derejesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, özara ynanyşmak we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek esasynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän köptaraply işleriniň mizemez hukuk binýadydyr. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan Bitaraplyk taglymaty ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymat hökmünde bütin dünýäde uly goldawa eýe bolmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan baýlaşdyrmak, täze derejelere götermek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çuňňur manyly çykyşynda: «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys» diýip, aýratyn nygtap aýtdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirilen işleriň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň umumy mejlislerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda birnäçe resminamalaryň kabul edilmegi, ýurdu

Bitaraplyk ýörelgämiz rowaçlanýar

Ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrmak ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimiz birek-birege hormat goýmaga, dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen uly işleri alyp barýar, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly döwletimiz içeri we daşary syýasatda uly üstünlikleri gazanýan, tutuş adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna başlangyçlary öňe sürýän, abraýy ýylsaýyn artýan döwlet hökmünde tanalýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatda alyp barýan işleri sebitde parahatçylygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy, asudalygy gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mertebe sütüni

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Garaşsyz ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasy boldy. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Döwlet baýdagymyzda Bitaraplygymyzyň alamaty bolan zeýtun baldajyklary şekillendirildi. Döwlet Senamyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bilen şöhlelendi. Halkara Bitaraplyk güni — ýurdumyzyň iň naýbaşy baýramlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklibi bilen, 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi we degişli Kararnamany kabul etdi. Bu resminamada, hususan-da, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň orny bellenilýär.