"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Kämil terbiýe — mizemez gymmatlyk

Halkymyz özüniň şöhratly ýolunda terbiýe meselesini hemişe üns merkezinde saklap, ony ýaşlaryň kalbyna ornaşdyrmagyň özboluşly ýollaryny tapypdyr. Edeplilik jemgyýetiň hem şahsyýetiň ruhy durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde görlüpdir. Ol adamlaryň biri-birine, Watana, halka, jemgyýete, döwlete, maşgala bolan garaýyşlaryny kesgitleýär. Türkmen jemgyýetinde çaga terbiýesinden üzňe, oňa dahylsyz ýekeje-de adam bolmandyr. Jemgyýetiň her bir wekili çagany öz ýerinde göreldesi, sargytlary bilen terbiýelemäge çalşypdyr. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň arasynda ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizde, halk döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Muňa mysal edip halk döredijiliginiň egsilmez hazynasy bolan nakyllary, atalar sözlerini görkezmek bolar. «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz — gymmatly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen — tagt», «Edep başy — dil» ýaly nakyllarda türkmen halkynyň milli edep-terbiýä garaýyşlary aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda hem belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň pähimli tymsallary olaryň nesillerine ýollan köňül namalarydyr. Atalaryň pendi bolsa nesiller üçin müdimi eýerilmeli tälim-terbiýedir.

Ka­da­lar ber­jaý edil­me­li!

Gaz en­jam­la­ry­nyň tüs­se­çy­kar­la­ry­ny üçek­den ýa­rym metr ýo­ka­ry çy­kar­ma­ly. Gaz ge­çi­ri­ji­ler de­mir tur­ba­lar ar­ka­ly ge­çi­ril­me­li. Gaz en­ja­my­nyň tüs­se­çy­ka­ry­nyň, ho­wa çal­şy­jy ul­ga­my­nyň teh­ni­ki taý­dan saz iş­leý­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­li. Gaz bi­len ýy­lad­ýan en­jam işe gi­ri­zil­mez­den öň, iş wag­tyn­da ho­wa çe­ki­ji­lik uky­by­ny, ojak­la­ry­nyň do­ly açyk­dy­gy­ny, ýa­nyş uky­by­nyň saz­dy­gy­ny bar­la­ma­ly. Tüs­se­çy­ka­ryň gu­rum­la­ry­ny öz wag­tyn­da aras­sa­lap dur­ma­ly. Gaz en­ja­my ula­ny­lan­dan soň, onuň nur­ba­ty­ny ýap­ma­ly. Ga­zyň ysy du­ýu­lan ýag­da­ýyn­da daştö­we­rek­dä­ki­le­ri ha­bar­dar edip, Gaz howp­suz­lyk gul­lu­gy­na te­le­fon ar­ka­ly 04 bel­gä ha­bar ber­me­li. Elekt­rik en­jam­la­ry iş­let­me­li ýada öçür­me­li, däl. Gaz en­jam­la­ry­ny öz­baş­dak gur­na­mak, be­je­rişabat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, ýe­ri­ni üýt­get­mek ga­da­gan. Gaz en­jam­la­ry iş­läp du­ran wag­tyn­da ola­ry gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­mak bol­ma­ýar. Gaz en­jam­la­ry­nyň ula­nyş düz­gün­le­ri­ni bil­me­ýän adam­la­ra gaz en­jam­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­ga rug­sat be­ril­me­ýär. Ni­ýet­len­me­dik mak­sat­lar üçin ýada öýüň içi­ni gyz­dyr­mak ýa­ly ýag­daý­lar­da gaz pli­ta­sy­ny ulan­mak, gaz en­jam­la­ry gur­na­lan otag­lar­da ýat­mak, dynç al­mak, şeý­lede gaz syz­ma­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak üçin açyk ot­dan peý­da­lan­mak ga­d

Abu­na — 2023

«Wa­tan» ga­ze­ti­niň hor­mat­ly oky­jy­la­ry! 2023nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my üçin ýur­du­my­zyň ga­zetžur­nal­la­ry­nyň, şol san­da «Wa­tan» ga­ze­ti­niň elek­tron gör­nü­şi­ne abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­nyň dowam edýändigini si­ze ha­bar ber­ýä­ris.

Mähriban öý (Talybyň ýandepderçesinden)

Ömrümiň täze hekaýasy synp otagymyzyň gulpuny açar bilen açan günümiz başlady. Seniň gujagyňa ýerleşdim. Täze maşgalanyň içine düşdüm. Iň esasysy bolsa, saňa şeýle bir öwrenişdim. * * *

Hormatly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Nesil» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. Gazetimiziň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» döwlet aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

«Talyp joşguny — 2022» bäsleşiginde

Zehinli ýaşlar öňe saýlandy Golaýda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynda «Talyp joşguny — 2022» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň maksady Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň joşgunly owazyny wasp etmekden, halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmekden, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakdan, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşikde institutyň senagat-tehnologiýa, energo-tehnologiýa we kompýuter tehnologiýasy fakultetleriniň talyp ýaşlary çekeleşikli bäsleşdiler.

1-nji dekabr — Bütindünýä AIDS-e garşy göreş güni

Amaly-okuw maslahaty «II saglygy — ýurt baýlygy» şygaryndan ugur alyp, welaýat saglygy goraýyş müdirligi, şeýle hem welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkezi welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, ýokary we orta hünär okuw jaýlarynda keselleriň öňüni almak, ýokanç we möwsümleýin ýüze çykýan kesellerden goranmak maksady bilen wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýär.

Duşuşyk geçirildi

Atalyk kitaplaryň täsiri Ýakynda welaýat kitaphanasynda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň we Baýramaly etrabynyň merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän atalyk kitaplaryndan ugur alnyp, “Atalyk kitaplaryň täsiri” atly çeper okaýyşly duşuşyk geçirildi. Çeper okaýyşly duşuşyga ýokarda ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary we kitaphanaçylar gatnaşdylar.

Okuwçy ýaşlarymyzyň üstünligi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de “Güneş” žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde yglan edilen “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” atly bäsleşigine welaýatymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary hem işjeň gatnaşyp, düzme ýazmak, surat çekmek ýaly ugurlar boýunça zehin-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlenende düzme ýazmak ugry boýunça Tejen etrap merkezinde ýerleşýän tebigy ugurly dersleri çuňlandyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Atajan Garýagdyýew, surat çekmek ugrundan Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Ataýew baýrakly birinji orunlary eýelediler. Ýaş zehinler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan sylaglandylar. Okuwçy ýaşlarymyzy gazanan ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Bäsleşigiň ýeňijisi sylaglandy

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary dürli derejeli bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. “Güneş” žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport federasiýasy tarapyndan bilelikde yglan eden “Ýurt abadan — il bagtyýar” atly bäsleşik hem ýaşlarymyza uly üstünlikleri getirdi. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji bu özboluşly bäsleşigiň jemi jemlenende, ýeňijileriň arasynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň birnäçesiniň bardygyny eşidip, örän begendik. Ak bugdaý etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Enejan Rejepgeldiýewa hem gürrüňi edilýän basleşigiň ýeňijileriniň biri. Enejan sapaklaryna oňa ýetişýän, jemgyýetçilik-medeni çärelere işjeň gatnaşýan göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Ol çeper döredijilik bilen gyzyklanýar. Enejanyň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz edýän eseriniň “Ýurt abadan — il bagtyýar” atly bäsleşikde ýeňiji bolmagy-da onuň döredijilik babatdaky zehininiň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Gadyrly okyjylar!

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy dowam edýär. Gazetiň elektron neşirine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndan we «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. «Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen siz şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bilersiňiz.

Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy

Golaýda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen şan-şöhrata beslenýän ýylda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaýbaňlanan çäre hakyky baýramçylyk ruhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasyna Dokma senagaty ministrliginiň paýtagtymyzda ýerleşýän edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dokmaçylar, halyçylar gatnaşdylar. Dabarada tanymal şahyrlar hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutlap, bagtyýar döwrümizi wasp edýän goşgularyny okadylar, beýleki myhmanlar hem öz ýürek sözlerini aýtdylar. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem-de ýurdumyzyň belli aýdymçylary dabarany aýdym-sazlar bilen bezediler. Şeýle-de bu ýerde Diýarymyzda öndürilýän ýokary hilli matalardan taýýarlanan çaga eşikleriniň, ulular üçin lybaslaryň görkezilişi boldy.

Ýangyn howpsuzlygynyň hukuk esaslary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly içeri we daşary syýasatyna daýanýan ykdysady ösüşler, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilendir. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi wajyp şertleriň biridir. Adamzat taryhynyň irki döwürlerinden başlap, adamlar ot diýen hadysa düşünmek, oňa erk etmek, ondan peýdalanmak ýaly tejribeleri özleşdirip, kämilleşdirip, onuň bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny häzirki görnüşe  çenli getiripdirler.

«Ahal» çempionlyga barýar

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ýo­ka­ry li­ga­syn­da 22-nji tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri «Ahal» myh­man­çy­lyk­da «Ne­bit­çi­ni» 1-0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Kem-kem­den çem­pi­on­ly­ga bar­ýan «Aha­lyň» ýe­ke-täk go­lu­ny 57-nji mi­nut­da Di­dar Dur­dy­ýew ge­çir­di. «Al­tyn asyr» to­pa­ry hem myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da «Ener­ge­tik­den» Ars­lan Sa­pa­ro­wyň (8) hem-de Ah­met Nur­me­do­wyň (17) gol­la­ry bi­len 2-0 üs­tün çyk­dy. Tap­gy­ryň iň esa­sy oý­nun­da 3-nji ýer ug­run­da gö­reş alyp bar­ýan 2 to­par – «Merw» bi­len «Kö­pet­dag» du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li we dart­gyn­ly ge­çen oýun­da «Merw» 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şy­gyň 3-nji mi­nu­tyn­da Ali­bek Ab­dy­rah­ma­no­w ha­sa­by aç­dy. Soň­ra «Kö­pet­dag» Şa­mäm­met Hy­dy­ro­wyň (21) hem-de Ýaz­gy­lyç Gur­ba­no­wyň (30) gol­la­ry bi­len 2-1 öňe saý­lan­dy. 61-nji mi­nut­da Ali­bek Ab­dy­rah­ma­now bel­le­nen pe­nal­ti­ni dürs urup, ha­sa­by deň­le­se, 72-nji mi­nut­da Oraz­ber­di My­ra­dow «Mer­we» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Du­şu­şy­gyň soň­ky mi­nut­la­ryn­da «Kö­pet­dag­dan» Bag­ty­ýar Gür­ge­now 2-nji sa­ry kar­ty­ny alyp, meý­dan­ça­dan çy­ka­ryl­dy. «Aş­ga­bat» bi­len «Şa­ga­da­myň» ara­syn­da­ky oýun­da-da ýe­ňi­ji­ni ýe­ke-täk gol kes­git­läp, paý­tagt­ly­lar Mer­dan Mu­ha­do­wyň 58-nji mi­nut­da­ky pe­nal­ti­den ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ýe­ňiş ga­

Taryhda şu gün

1971-nji ýy­lyň 2-nji de­kab­ryn­da Arap ýa­rym ada­sy­nyň gün­do­gar bö­le­gin­de, Pars we Oman aý­la­gy­nyň ke­nar­la­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň (BAE) fe­de­ral döw­le­ti dö­re­dil­ýär. BAE-niň ila­ty hä­zir­ki wagt­da 10 mil­li­on­dan gow­rak­dyr. Paý­tag­ty Abu-Da­bi bo­lan ýur­duň esa­sy iri şä­her­le­ri­niň bi­ri Du­baý­dyr.

185 mil­li­on ýo­lag­çy­ny ka­bul ed­er

Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 2030-njy ýyl­da 120 mil­li­on, 2050-nji ýyl­da 185 mil­li­on ýo­lag­çy ka­bul edip bil­jek ägirt uly ho­wa men­zi­li­niň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Pa­ty­şa Sal­man Hal­ka­ra Ae­ro­por­ty at­ly ho­wa men­zi­li 57 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny öz içi­ne alar. Bu ho­wa der­we­ze­si ýur­duň awia­si­ýa ýük gat­na­wyn­da tä­ze mer­kez bol­ma­gy­na müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem tä­ze des­ga ýur­da gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny art­dy­rar. Ýurt 2030-njy ýy­la çen­li 100 mil­li­on ja­han­keş­dä­ni ka­bul et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

6G-de Hy­taý öň­de

Na­za­ry­ýet ba­bat­da hä­zir­ki wagt­da bar bo­lan 5G ara­gat­na­şy­gyn­dan 1 müň es­se çalt bol­jak 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy hem iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. In­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 2-nji, 3-nji we 4-nji nes­lin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da 5G-niň ýaý­baň­lan­ma­gy uzak do­wam et­di. Şeý­le-de bol­sa eý­ýäm 6G-ni kä­mil­leş­dir­mek üçin yl­my iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li 38 müň tö­we­re­gi pa­tent ýüz­tut­ma­sy ha­sa­ba al­nyp­dyr. Bu pa­tent­le­riň 13 müň 449 sa­ny­sy hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­na de­giş­li bo­lup, 35 gö­te­ri­me ga­bat gel­ýär. Pa­tent al­mak­da ikin­ji ýer­de ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­la­ry (18 gö­te­rim) bar. Go­laý­da Hy­ta­ýyň ZTE kom­pa­ni­ýa­sy aw­to­nom tor, san­ly go­şa tor, 6G to­run­da amal et­me­giň kuw­wa­ty, tiz­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­lar­da 6G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li bir­nä­çe bar­lag­la­ry ge­çir­di. Ýew­ro­pa­nyň «No­kia» we «Ericsson» kom­pa­ni­ýa­la­ry hem 6G sy­nag­la­ry­ny ge­çir­ýär.

In­ter­ne­te has bag­ly ýurt­lar

Ösen in­ter­ne­ti bo­lan ýurt­la­ryň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň öm­rü­niň üç­den bir bö­le­gi­ni on­laýn ýag­daý­da ge­çir­ýän­di­gi bel­li bol­dy. «NordVPN» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri 20 ýurt­da bar­lag iş­le­ri­ni ge­çi­ren­le­rin­den soň şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň pi­ki­ri­çe, in­ter­ne­te iň köp bag­ly bo­lan adam­lar Gon­kong­da ýa­şa­ýar. Olar öm­rü­niň 44 ýyl­dan gow­ra­gy­ny in­ter­ne­te sarp ed­ýän eken­ler. Öm­rü­niň 41 ýy­ly­ny on­laýn ge­çir­ýän bra­zi­li­ýa­ly­lar ikin­ji orun­da gel­ýär. 39 ýyl bi­len üçün­ji orun­da Mek­si­ka bar. Ko­re­ýa­ Res­pub­li­ka­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň in­ter­net­de 34 ýy­ly­ny, taý­wan­ly­la­ryň 33 ýy­ly­ny, Ita­li­ýa­nyň we Por­tu­ga­li­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 30 ýy­ly­ny, Is­pa­ni­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 28 ýy­ly­ny, Fran­si­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň bol­sa, 27 ýy­ly­ny in­ter­net­de ge­çir­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy. Pi­kir so­ra­ly­şyk­lar 20 ýurt­da ge­çi­ril­di. Sa­na­wyň soň­ky se­ti­rin­de öm­rü­niň 11 ýy­ly­ny in­ter­ne­te sarp edýän ýa­po­n­lar bar.

Wo­do­rod bi­len iş­le­ýän uçar mo­to­ry

«Rolls Royce» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri dün­ýä­de il­kin­ji bo­lup uçar mo­to­ry­ny wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­let­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu sy­na­gyň awia­si­ýa pu­da­gy üçin örän äh­mi­ýet­li­di­gi bel­le­nil­ýär. Se­bä­bi, ho­wa gä­mi­le­riň gu­ry ýer­de ýö­re­ýän beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri­ne ga­ra­nyň­da daş­ky gur­şa­wa has köp zy­ýan­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa bu sy­na­gy­ny «AE 2100-A» at­ly uçar mo­to­ryn­da ama­la aşy­ryp­dyr. «Ea­sy­jet» awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de al­nyp ba­ryl­ýan bu sy­nag­da wo­do­rod ýan­gyç­ly mo­tor ada­ty uça­ra otur­dy­lyp, ýer­dä­ki we ho­wa­da­ky sy­nag­lar bi­len do­wam et­di­ri­ler. Aras­sa ýan­gyç­ly uçar­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy hem iş alyp bar­ýar. Ýew­ro­pa­nyň uçar ön­dü­ri­ji­si 2035-nji ýy­la çen­li şeý­le ýo­lag­çy uça­ry­ny taý­ýar et­me­gi mak­sat edin­ýär.

Dört gün­lük iş hep­de­si he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­dy

Şu ýyl Ang­li­ýa­da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da sy­nag mak­sa­dy bi­len 4 gün­lük iş hep­de­si­ne ge­çi­lip­di. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň hem gol­daw ber­ýän sy­na­gy­na gat­na­şan kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bu düz­gü­niň iş­gär­le­riň ön­jeý­li iş­le­me­gi üçin has amat­ly­dy­gy­ny bel­läp, he­mi­şe­lik gal­dyr­mak ka­ra­ry­na gel­di­ler. Ýurt­da je­mi 2600 iş­gä­ri bo­lan, dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan 100 tö­we­re­gi kom­pa­ni­ýa hep­de­lik 4 gün­lük işiň he­mi­şe­lik gal­dy­ryl­ma­gy­ny mü­wes­sa bil­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri iş sa­ga­dy­ny azalt­maz­dan, iş gü­nü­niň azal­dyl­ma­gy­nyň iş­be­ri­ji üçin hem, iş­gär­ler üçin hem amat­ly­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Şeý­le düz­gü­ne ge­çen kär­ha­na­la­ryň ara­syn­da «Atom Bank» ma­li­ýe eda­ra­sy hem-de «Awin» hal­ka­ra mar­ke­ting kom­pa­ni­ýa­sy bar. Uzak ara­lyk­dan iş­le­mek ýa-da iş sa­ga­dy­ny azalt­mak düz­gü­ni pan­de­mi­ýa döw­rün­de ýo­la goý­lup­dy. Bu düz­gün dün­ýä­niň baş­ga ýurt­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.