"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Ilkinji sanly ýolagçy pasportlary Finlýandiýa dünýäde ilkinji bolup syýahatçylar üçin niýetlenilen sanly pasportlary ulanyşa girizdi. Indi ýolagçylara howa menziline ugranlarynda ýany bilen şahsyýetnamalarynyň ýerine diňe degişli goşundy arkaly sanly ýolagçy resminamalarynyň elektron nusgalary ýerleşdirilen smartfonyny almak ýeterlikdir. Häzirlikçe bu hyzmat Helsinkiden Mançester, London, Edinburg şäherlerine amala aşyrylýan uçuşlar üçin ýola goýuldy. Emma taslamanyň hünärmenleri bu hyzmatyň geljek ýylyň fewral aýyna çenli ähli halkara uçuşlary üçin elýeterli boljakdygyna ynam bildirýärler. Bu täze hyzmatyň ýola goýulmagy howa menzillerinde ýolagçylaryň wagtyny üç essä golaý tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli ýolagçylaryň 80 göterimini sanly ýolagçy pasportlaryna geçirmegi maksat edinýär.

Jümle-jahan habarlary

Ýene bir dünýä rekordy Birleşen Arap Emirlikleriniň Hajar dagynyň belent gerşindäki «HATTA» diýen nyşan dünýäde iň uly nyşan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Beýikligi 19,28 metre barabar bolan, uzaklardan görünýän bu ýazgy Hattanyň iň meşhur nyşanlarynyň biridir. Täze dünýä rekordy sebitde 15-nji sentýabrda badalga alan syýahatçylyk möwsüminiň öň ýanynda goýuldy. Hatta ýurduň syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup, bu ýerde ýokary hilli hyzmatlaryň dürli görnüşleri teklip edilýär. Döränine 200 million ýyl bolan Hajar dagynyň täsinlikleri, tebigy ýadygärlikleri köpleriň ünsüni özüne çekýär. Geljek ýyllarda Hattada syýahatçylyk işini has-da ösdürmek, şonuň hasabyna goşmaça girdeji gazanmak maksat edinilýär.

Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi. «Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda aýratyn belledi.

Ýaponiýa Aýa gonýan enjamly raketa uçurdy

Enjam älemi rentgen gözegçiligi we spektrokopiýa usuly arkaly öwrenmäge niýetlenendir. Ylmy-barlag astrofiziklere Älemde iri gurluşlaryň ösüşini we bölünişini hem-de galaktikalaryň emele gelşini öwrenmekde ýardam eder. Teleskop äpet galaktiki toplanmalary öwrener. Tutum şowly bolan halatynda Ýaponiýa Aýa enjam gondurmagy başaran bäşinji ýurt bolar.

“Emirates” awiakompaniýasy köp dil bilýän robotlary işe girizýär

“Emirates” awiakompaniýasy Dubaý şäheriniň howa menzilinde ýolagçylary hasaba almak işini çaltlandyrmak üçin 200 sany “köp dil bilýän” robotlary işe girizmegi meýilleşdirýär. Bellenişi ýaly, Dubaýyň Halkara howa menzili dünýäniň iň köp gelim-gidimli aeroportlarynyň biridir.  Köp dil bilýän – poliglot robotlaryň ilkinjileri ýerli howa gatnawlaryna ýolagçylary hasaba alyş ýerinde ýakyn 2 aýyň içinde ulanylyp başlanar. Synag döwri üstünlikli tamamlanandan soň, poliglot robotlary ornaşdyrmak taslamasy 2 ýylyň dowamynda ýerine ýetiriler. 

Russiýanyň barlag nokatlarynyň 3-sine elektron nobat ulgamy işe girizildi

1-nji sentýabrdan Russiýa Federasiýasy döwlet serhedindäki üç sany barlag nokadynda ýük ulaglarynyň ýurda girmek üçin senesini we wagtyny mugt elektron öňünden nobata durmagyň sanly ulgamyny işe girizdi. Bu barada Rosgranstroýyň metbugat gullugy habar berdi. Ýük awtoulaglary üçin girizilen elektron nobaty aşakdaky serhet barlag nokatlaryna girizildi.

Arkadag şäherinde aragatnaşyk hyzmatlary sanly çözgütler esasynda doly güýjünde işleýär

Täze «akylly» we «ýaşyl» şäher - Arkadag şäheri dürli maksatly binalar toplumy bilen tutuşlygyna häzirki zaman kämil tehnologiýalary we sanly çözgütleri özünde jemleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher – Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy.    

Megapolis — giň mümkinçilikleriň meýdany

«Akylly» şäherde döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi ykdysadyýetiň täze «ösüş nokadynyň» kemala gelendiginden habar berýär. Dünýäde döwletleriň «akylly» şäher başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy meseleleri çözmäge, wagty we dürli tebigy serişdeleri ykdysady taýdan tygşytlamaga hem rejeli ulanmaga ýardam berýär. Şäher infrastrukturasy onuň sanlylaşdyrylmagynyň derejesini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak ugrunda dünýä ýurtlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Jaýlary awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrmagyň üstüniň täze gurallar we wirtual kömekçiler bilen doldurylmagy soňky döwürde sanly çözgütleriň has köp durmuşa geçirilmegini şertlendirdi. Şunda ilat nokatlarynyň döredýän mümkinçilikleri, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesi we elýeterliligi, howpsuzlygy, mobillik we ösüşiň geljekki ugurlary ýaly ykdysady we tehnologik görkezijilere aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan we Malaýziýa maglumat-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda türkmen-malaýziýa köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmelerde ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda Ykdysady, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Şeýle hem taraplaryň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden HÄM-den älem «ýük ulagy» surata alyndy

Orbital şekilde, Halkara älem menziline ýakynlaşanda, Türkmenistanyň Garabogazköl aýlagynyň kenarynda uçýan Cygnus ýük älem gämisini surata alyndy. Surat ýakynda NASA galereýasynda «Halkara älem menzilinden ol Türkmenistanyň üstünden ýakynlaşanda guw şekillenýär» ýazgysy bilen çap edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» we «LS Cable & System» IKT ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri we «LS Cable & System» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi boýunça onlaýn duşuşyk geçirdiler. Seuldaky türkmen ilçihanasynyň habar berşi ýaly, gepleşikler maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda boldy. Onda sanly tehnologiýalara esaslanýan täze Arkadag şäherindäki taslamalara aýratyn üns berildi.

«071» gullugy - gije-gündiziň dowamynda aragatnaşyk hyzmatlary barada dessine jogap alyň!

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sanly ulgamda täze hyzmatlary, amatlyklary, ýeňillikleri döretmek maksady bilen sanly hyzmatlar ýola goýulýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da ýeňilleşdirýän aragatnaşyk ulgamynyň dürli hyzmatlary halkymyza hödürlenýär. «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň «071» sorag--jogap merkezi Türkmenistanyň çägi boýunça gije-gündiziň dowamynda halkymyza hyzmat edýär. ‘‘Aragatnaşyk hyzmatlar merkezi’’ bölüminiň operatorlary telewideniýe we Internet hyzmatlary boýunça näsazlyklaryň geçiş tertibini telefon arkaly kabul edýär.

Sanlylaşdyrma — ösüşiň möhüm şerti

Tehnologiýalaryň çalt özgerýän zamanasynda sanly ulgam durmuşyň we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrylýar. Bazar bäsdeşliginiň güýçlenýän şertlerinde sanly ulgama geçip, döwrüň tizligine eýermek işewür düzümler we önümçilik kärhanalary üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bäsdeşlikde üstünlik gazanmaga ýardam berýän esasy şertleriň biridir. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde döwlet hyzmatlaryny we hususy işewürligi sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Işewürlik babatda aýdylanda, sanly ulgama geçiş kärhananyň işine döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny aňladýar. Munuň özi diňe bir kämil enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň peýdalanylmagyny däl-de, dolandyryşda, işewürlik medeniýetinde, müşderiler we hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda düýbünden täzeçil çemeleşmeleri göz öňünde tutýar. Şeýle edilende, her bir işçiniň ýa-da hünärmeniň öndürijiliginiň artmagy bilen birlikde, hyzmatdan hoşal müşderileriň sanynyň hem köpelmegine getirýär. Bu bolsa kärhananyň abraýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Innowasion ösüşiň ýoly

Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda innowasion çemeleşmelere, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagatyň döredilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. XXI asyrda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy uly mümkinçilikleri açyp, işleriň ýeňilleşmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilip, ony üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edara-kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlarynda, senagatyň aýry-aýry pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyny üpjün etmäge hem-de sanly aragatn

Astanada Merkezi Aziýada iň iri tehnologik forum geçiriler

12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler. Çärä dünýä belli IT kompaniýalarynyň wekillerini, tutuş sebitden bilermenleri, maýadarlary we işewürleri emeli intellektiň häzirki döwürde eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryldy. Ýubileý forumyň maksatnamasyna (ol eýýäm bäşinji gezek geçirilýär) Gazagystanyň Prezidentiniň gatnaşmagyndaky umumy mejlis, 30-dan gowrak panel sessiýalar, Google korporasiýasynyň guramagyndaky çäreler girizildi. Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musin şu gezekki duşuşygyň pudagyň hünärmenlerine we bilermenlerine emeli intellekt babatda tejribe paýlaşmak üçin mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirildi

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri» atly ylmy okuw-maslahat geçirildi Onuň dowamynda ýurtda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri; Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan seýsmomonitoring ulgamyny döretmek; Himiýa institutynyň ylmy-barlag işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýetilen sepgitler; dürli dillerdäki çeşmeleri peýdalanmakda internet ulgamynyň häzirki zaman mümkinçilikleri; Magtymguly Pyragy portalynyň maglumat gory; topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek; nebit-gaz ulgamynda IT tehnologiýalary; elektrohereketlendirijileriň dolandyryş ulgamynda maglumatlary sanly ulgam arkaly geçirmekligiň netijeliligi; enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň aýratynlyklary ýaly temalardan çykyş edildi.

«Akylly» öýleriň amatlyklary

Halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly senede Arkadag şäheriniň açylmagy iň bir guwandyryjy wakalaryň biri boldy. «Akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alyp, bu ýerde ähli desgalar sanly ulgama geçirildi. Onuň durmuşa ornaşdyrylmagyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar. Arkadag şäherindäki «Akylly öý» tehnologiýasy esasynda işleýän ähli elektrik enjamlaryny aralykdan sesiň üsti bilen hem-de el telefonlaryň kömegi bilen dolandyrmak mümkinçiligini berýär. «Akylly öýüň» içindäki ähli elektrik enjamlary el telefonlary we ses buýruklary arkaly aralykdan, şeýle hem elde dolandyrylýar. «Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamyny dolandyrmak üçin ýörite elektrik shemalary we programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Elektrik enjamlary el telefonyň kömegi bilen dolandyrmak üçin «Akylly öý» ulgamyna ýörite niýetlenip, işlenip taýýarlanan programma üpjünçiligini el telefonyna ýüklemeli we ol programma üpjünçiliginde hasap açmaly. Bu programma üpjünçiliginde dolandyryp bolýan ähli enjamlaryň häsiýetnamalary, olary dolandyrmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar bar, ýagny ulanyjy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Şeýlelikde, bu programma üpjünçiligi işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Kämil tehnologiýalara daýanyp

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar. Häzirki innowasion tehnologiýalaryň ýokary depgin bilen ösýän zamanasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň gazananlaryny ornaşdyrmak ugrunda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyz eziz Diýarymyzda sanly bilimi ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-önümçilik, ylym-bilim ulgamlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen ýaşlarynyň döwrüň talabyna görä ylym öwrenip, ösen innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklary, täze-täze döredijilik gözleglerini alyp barmaklary üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýokary netijeli işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeňligini ýokarlandyrmakda, bu ugurda zerur hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Gün energiýasynyň ähmiýeti

Häzirki döwürde adamzat durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gündelik durmuşda, oba hojalygynda, zawoddyr fabriklerde, umuman, önümçiligiň ähli pudaklarynda elektrik energiýasy giňden ulanylýar. Biziň ählimiz energiýanyň çeşmeleri hökmünde organiki ýangyçlary, kömri we tebigy gazy, nebit önümlerini göz öňüne getirýäris. Muňa garamazdan, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Häzirki wagtda alternatiw energiýany öndürýän elektrik stansiýalarynyň görnüşlerine Gün we ýel elektrik stansiýasy, geotermal elektrik stansiýasy, gidro elektrik stansiýasy degişlidir.

«Bagger 288» — dünýäniň iň uly ekskawatory

Dünýäniň täsin inženerçilik çözgütleri çylşyrymlylygy we gabarasynyň äpetligi bilen bizi haýran galdyrýar. Ol «senagat titany» diýip at alan dünýäniň iň uly ekskawatory — «Bagger 288». «Bagger 288» «Thyssen Krupp Fordertehnik» kompaniýasy tarapyndan «Rheinbraun» nemes kömür çykaryş kompaniýasy üçin 1978-nji ýylda döredildi. Bu äpet tehnika Germaniýanyň Garsweýler we Hambah karýerlerinde işletmek üçin gurnalypdyr.