"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Iý­seň hö­rek, hem­mä ge­rek

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, jö­wen eki­ni müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­läp­dir. Ga­dy­my­ýet­den bä­ri ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýän bu ekin ata-ba­ba­lar­myzdan galan mi­rasdyr. Ta­ry­hy çeş­me­le­re sal­gy­lan­saň, jö­wen eki­ni di­ňe Türk­me­nis­tan­da däl-de, goň­şy ýurt­la­ryň çäk­le­rin­de-de ekilipdir. Ak bug­da­ýyň me­ka­ny Türk­me­nis­tan bol­şy ýa­ly, goň­rak baş ak jö­we­niň mekany-da eziz Watanymyzdyr. Mil­li mi­ras hök­mün­de gel­ýän jö­wen eki­ni­ni ge­çen asy­ryň 60-njy ýyl­la­ry­na çen­li oba adam­la­ry köp­çü­lik­le­ýin mel­lek ýer­le­ri­ne ekip, dä­ne­si­ni iý­mit hö­kmü­n­de peý­da­la­nypdyrlar. Le­bap we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň otu­rym­ly ila­ty hatda öz mel­lek ýer­le­ri­ne jö­wen ekip, on­dan ýo­ka­ry ha­syl al­ma­gy ba­şa­ryp­dyr­lar. Jö­wen eki­ni­niň şeý­le köp ekil­me­gi­niň se­bä­bi iý­mit­li­li­gi, ýo­ka­ry ha­syl ber­ýändi­gi we ondan köp­dür­li dat­ly iý­mit­le­ri taý­ýar­lap bol­ýan­dy­gyndadyr.

Bugdaý meýdanlaryndaky tagallalar

Gadymy Was düzlüginde, Aşyk Aýdyň piriň huzuryna barýan ýoluň iki tarapynda aňyrsy uzaklara ýaýylyp gidýän meýdanlarda garamtyl ýaşyl öwsüp görünýän bugdaýlary synlamagyň öz ýakymy bar. Çünki olar täze ýylda bu toprakdan ýygnalmagy göz öňünde tutulýan bereketli galla hasylynyň berk binýadynyň goýlandygynyň güwäsi bolan görnüşleri bilen töwerege bezeg berip, halkymyzyň mukaddes saçagyndaky bolçulyga goşant goşýan daýhan adamlaryň yhlas-başarnygyna hormat döredýär. Biziň gürrüňimiz Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanlary hem-de şu ýerde ýadawsyz zähmet çekýän adamlar barada barýar. Sebäbi onlarça ýyllardan bäri olaryň janypkeşligi bilen galla harmanlary belende göterilip, bu gadymy topraga has uly abraý-mertebe getirýär. Ata-babalarymyzyň mekanynda ýaşap, olaryň ýol-ýörelgelerini, daýhançylyk däplerini dowam etdirýän gallaçylaryň häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde amala aşyrýan işleri-de hemmeleri guwandyrýar.

Zähmetsöýer bagban

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýany arassa saklamak, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek, bazar bolçulygyny döretmek babatda amala aşyrylýan işler häzirki günlerde özüniň oňyn netijelerini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň ýer eýelerine döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän bagbanlar welaýatymyzda hem sanardan köp. Şolaryň biri-de Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň bagbany Myrat Gylyjowdyr. Bagban bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň ýaşdygyna garamazdan, eýýäm bu kärde 10 ýyldan gowrak iş tejribesiniň bardygyny gürrüň berdi. Oňa bu käri ele almakda halypa bagban Abdylla Sapaýew ýol-ýörelge görkezipdir. Halypasyndan öwrenenlerini iş ýüzünde oňat durmuşa geçirýän Myrat Gylyjow häzirki wagtda bagban bolmak islegini ýüreginde besleýän birnäçe ýigitlere hut özi halypalyk edýär. Onuň şägirtlerinden Kakamyrat Ýusupowy, Hemra Töräýewi, Syýahat we Ýeňiş Sapargeldiýewleri görkezmek bolar. Kärine yhlasly ýapyşýan bagban baglara ideg etmegi, miweli baglary ýetişdirmegi ýaşlygyndan arzuw edipdir. Arzuwynyň hasyl bolmagy ugrunda ymykly işe 2009-njy ýylda, ýagny harby gullugy tamamlap gelenden soňra başlapdyr. Häzirki wagtda onuň bag ýerinde dürli miweli agaçlaryň 400-den gowrak düýbi bar. Olardan alma, erik, armyt, üzüm, nar, arnap, badam, şetdaly

Arassa akaba — bol suw

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe suw hojalyk işgärleriniň öňünde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen ýeterlik üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Çünki ýurdumyzyň oba hojalygynyň dürli ugurlarynda, ýagny gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda alnyp barylýan işler netijeli bolup, topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda olaryň amala aşyrýan çäreleriniň uly ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, welaýatymyzyň suw hojalyk ulgamynda hem bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işler ýylyň ähli döwürlerinde-de öndürijilikli dowam etdirilýär. Şeýle derwaýys wezipelerden ugur alýan «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Akdepesuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işgärleri-de giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şonuň netijesinde häzirki döwürde etrabyň çäklerinde bar bolan süýji suw hem-de zeý akabalaryny gyrmançalardan arassalamak, gazmak, olaryň täzelerini çekmek boýunça meýilnamada bellenilen işler ýokary depgin bilen barýar.

Dowarlar dok we ýyly gyşladylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Çünki Watanymyzda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmakda, çig-mal bazaryny döretmekde ekerançylyk bilen bir hatarda maldarçylyk pudagynda işleriň sazlaşykly guralmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu jähtden hem obasenagat toplumynda maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, etiň we süýdüň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda gyş paslynyň gelmegi bilen maldarlaryň işleri has-da köpeldi. Hojalyklaryň birleşen tagallalarynyň netijesinde dowarlary we düýeleri dok hem ýyly gyşlatmak üçin ähli zerur işler amala aşyryldy. Şu güne çenli dowarlar üçin ot iýmleriň 12 müň 595 tonnasy, şol sanda meýdan otunyň bedesiniň 201 tonnasy, iri baldakly otlaryň 12 müň 394 tonnasy taýýarlanylyp, maldarçylyk hojalyklaryna degişli bolan, doly abatlanylan kaşarlaryň 317-sine ýerleşdirildi. Gyşa ykjam taýýarlykly gelen dowardarlar bu möhüm işleri sazlaşykly alyp barýarlar.

Yhlas eşret getirýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda oba hojalyk işgärleri pileden, galladan, pagtadan, aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşdular. Bu üstünlikler ene toprakdan bol hasyl ýetişdirmek üçin Arkadagly Serdarymyzyň kärendeçilerimize ähli şertleri döredip bermegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bu döredilýän giň mümkinçiliklerden başarnykly peýdalanýan babadaýhanlarymyz azyk garaşsyzlygymyzy berkarar etmäge hem öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Kärendeçiler bilen bir hatarda azyk garaşsyzlygymyzy berkitmäge ýurdumyzyň hususy ulgamynyň telekeçi babadaýhanlary hem işjeň gatnaşýarlar.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Bereketli ekin meýdanlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň azyk bolçulygy barha artdyrylýar. Şeýle ilerlemelere Baýramaly etrabynyň Oraz Atajanowyň ýolbaşçylyk edýän “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri-de öz goşantlaryny goşýarlar. Olar döwlete galla tabşyrmakda ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolýarlar.

«Ýaz meýdan» öňdebaryjylaryň hatarynda

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlangyjy esasynda etrapda döredijilik saparynda bolup, ýurdumyzda giň gerim alan oba hojalyk özgertmeleriň çäginde döredilen daýhan hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak miýesser etdi. «Ýaz meýdan» daýhan hojalygynda işleriň ýola goýluşy, şu günlerki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi guwandyryjy duýgulary döretdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylda geçirilen mejlisinde oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döredip, şondan ýerleri isleg bildirýän raýatlara 99 ýyl möhlet bilen bermek boýunça kabul edilen degişli çözgütden ugur alnyp etrapda ilkinjileriň hatarynda döredilen bu daýhan hojalygyna tejribeli daýhan Arslan Nuryýew ýolbaşçylyk edýär. Ol daýhan hojalygyny döretmek bilen, onuň işini ýöretmek üçin ýer gaznasyndan bölünip berlen 2496 gektar tarp ýerleriň birkemsiz özleşdirilmegine jogapkärli çemeleşdi. Özleşdirilen meýdanlarda oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ekip, bol hasyly kemala getirmekde yhlasyny gaýgyrmady. Topraga siňdiren yhlasynyň ýerine düşendigine bu gün daýhan hojalygynda gazanylýan zähmet görkezijilerdir üstünlikler anyk şaýatlyk edýär.

Maýsalaryň idegi

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şanly ýylymyzda 4130 gektar meýdanda däne ekişini bellenen möhletde geçirmegiň hötdesinden gelip, kadaly gögeriş gazandylar. Birleşigiň kärendeçilik toparlarynyň 26-synda hem ýaşajyk maýsalary iýmitlendirmek we suw tutmak işi göwnejaý alnyp barylýar. Öwez Garaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 12-nji kärendeçilik toparynda ideg işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Toparyň kärendeçileri ekiş geçirilen 60 gektar meýdandaky ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek bilen, ýaşajyk maýsalaryň sazlaşykly boý almagyny gazanýarlar.

Ury

Ykbalyny ene topraga baglan ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri ekerançylyga gerekli bolan dürli iş gurallaryny ýasap, durmuşda peýdalanypdyrlar. Şeýle gurallaryň biri-de urudyr. Daýhanlar obadan alysda düme ekin ekenlerinde alnan hasyllaryny wagtynda oba eltmäge mümkinçiligi bolmasa, ekin meýdanynyň golaýynda ury gazyp, onuň içinde gömüp goýupdyrlar. Ury, köplenç, ýapgyt depäniň, baýryň üstünde gazylypdyr. Munuň sebäbi, şeýle edilende ýagýan ýagyş-ýagmyr, ygal urynyň içine siňmän, syrygyp gidipdir. Eger-de ury tekiz ýerden gazylsa, üstüne suw ýatmaz ýaly onuň içinde goýulýan hasyl tümmegräk edilip gömlüpdir. Ury her hili ölçegde gazylýar. Ýöne onuň ini-boýy dürli ölçegde bolsa-da, çuňlugy ortaça iki ýarym, üç gulaçdan geçirilmeýär. Sebäbi ury aşa çuň bolsa hasyly ýerleşdirmek, çykarmak kyn düşýär. Ury gazylyp bolnandan soňra düýbüne ot-çöp ýa-da sypal düşelýär. Yzyndan bolsa iç ýüzünden dört tarapy gamyşdan ýa-da hyşadyr beýleki ot-çöplerden desse edilip örülýär. Ury taýýar bolansoň, oňa gaba gapgarylan ýa-da gapgarylmadyk galla hasyly ýerleşdirilip, üstüne ot-çöp düşelip, dyzboýy galyňlykda gömülýär. Soňra haçan gerek mahaly açylyp hasyl alynýar.

Agrar syýasaty we milli kanunçylyk

Ýurdumyzyň milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär, döwrüň talaplaryna laýyk ösdürilýär, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Şeýle kanunlaryň biri bolan «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2018-nji ýylda kabul edildi. Bu Kanun Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanun 7 bapdan, 28 maddadan ybaratdyr. «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek babatda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ugurdaş hereket edýär.

Almaly, narly baglar

Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy Akmyrat Töräýewiň şahsy melleginde miwe berip oturan alma, hurma, nar, armyt agaçlary göreniň gözüni egleýär. Munuň aňyrsynda gözelligiň gözleginde gezýän bagbanyň ýadamazaklygy, zähmete bolan çäksiz söýgüsi ýatyr. Biz hem özüniň halal zähmeti bilen ildeşlerimiziň arasynda uly hormata eýe bolan Akmyrat aga bilen eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Akmyrat aga, siziň ajaýyp bagyňyzy synlap, söhbedimiziň başyny bagbançylykdan başlamagy müwessa bildik. Size bagbançylygy saýlap almagyňyza nämeler itergi berdi?

Ýer daýhany dabanyndan tanarmyş

Daýhan birleşiginiň başlygynyň salam berip, bosagadan ätlemegine geňirgenenem bolsa, Ýazgeldi oňa syr bermän, myhmany güler ýüz bilen garşylady. Törden ýer görkezip, ýap–ýaňyja öňüne alan demlengi çäýneginden bir käsä çaý guýdu-da, gonagyna uzatdy: — Tüweleme, sen nire, bu ýerler nire, Sapar! Şeýdip, aýlanyp dur-a. Ýogsam ýat bolup barýaň-la.

Keremli toprak

Toprak, keremli toprak... Halkymyzyň gadymy ynanjyna görä, asly toprakdan bolan ynsan üçin ol ýaradylyşyň, ýaşaýşyň, berekediň egsilmez çeşmesidir. Dogrudan-da, ynsan şu mele ýeriň üstünde dünýä inýär, ömür sürýär, döredýär, gurýar, zähmet çekýär, rysgalyny tapýar, söýýär, söýülýär, ahyrynda bolsa, ýene-de onuň gujagynda aram tapýar. Bu dünýäniň üýtgewsiz kadasy. Keremli ene toprak! Seniň durum-durkuň tükenmez genji-hazyna ahbetin! Muňa düşünmek üçin saňa ömrüňi örklemeli, saňa halal hyzmat etmeli. Pederlerimiz ýöne ýere: «Ýykylsaň – ýere ýapyş», «Ýykylsaň – bir gysym gum alyp tur» diýmändirler ahyryn. Maňlaý deri bilen saňa zähmet siňdirip bilen ynsana sen rysgal-döwlet eçilip bilýäň. Şonuň üçin halkymyz seni «bereketli toprak», «keremli toprak», «mukaddes toprak» diýip taryplaýar. Çünki sen ata Watan düşünjesi bilen berkden-berk bagly. Watanyň bir daban ýeri mukaddeslik, kerem-keramat saýylýar. Indi halkymyz bu gadymy topragyň üstünde öz ykbalyny özi kesgitläp bilýän kuwwatly döwleti berkarar etdi. Ata Watanymyzyň gündizleri parahat, gijeleri asuda, halky erkana, ýurdy abadan, durmuşy bolelin, ogullary merdana, gyzlary görkana, gojalary pähimdar, eneleri rehimdar. Türkmen döwletiniň dünýä içre at-abraýy has belent tutulyp, hormat-sarpasy barha beýgelýär. Bu gün türkmen topragy gülleýär, gül açýar, ýurt galkynýar, iller ýalkanýar, dost-doganlyk berkeýär, bagt pajarlaýar, bere

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Altyn balyk, özi hem 30 kilogram Döwürler aýlanyp, ertekiler täzelenýär, ýöne ozal diňlenen ertekiler bilen bagly dörän arzuwlara döwürler hem täsirini ýetirip bilmeýän eken. Rus edebiýatyndaky meşhur «Balykçy we balyjak» hakdaky erteki bilen bile doglan altyn balygy tutup, oňa islegleriňi ýetirmegiň özi hem uly arzuw bolup ýaşap gelýär.

8 milliarddan geçen ilat we azyk üpjünçiligi

Şu ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat wagty bilen sagat 12:59-da dünýäniň ilaty 8 milliarda (Worldometer saýtynyň maglumatlary boýunça) ýetdi.    Gazetiň geçen sanynda şol waka mynasybetli telekeçi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty Döwlet Ballyýew bilen dünýä ilatynyň azyk üpjünçiligi bilen bagly söhbetdeşligi okyjylara ýetiripdik.

Tyllaýy topraga ýazylýan dessan

Ýaşaýyş ýerden başlanýar. Toprak adamyň durmuşynyň tükeniksiz çeşmesi. Halkymyz ekin ekip, hasyl öndürip bolýan millionlarça gektar meýdana, daglaryndan, düzlerinden akýan derýalara, çeşme-çaýlara eýe bolup, Günüň tyllaýy şuglasyndan nur alýan boz topraga hyzmat edip, öz-özüni ekläp gelen halk. Türkmen daýhany topraga öz zähmeti bilen «dessanlar» ýazyp, ekerançylygyň taryhyny döreden milletleriň biri. Ak bugdaýyň, bakja ekinleriniň, üzümçiligiň Watany bolan türkmen iliniň bu baýlyklarynyň şöhraty dünýä meşhur bolan. Gahryman Arkadagymyz: «Ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmek medeniýeti öz taryhy topragyna gaýdyp geldi. «Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany» diýilmegi ýöne bir şygar däldir, şeýle diýilmegi mundan müňlerçe ýyl ozal şu toprakda ekerançylyk medeniýetiniň beýik siwilizasiýasyny döreden, ak bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň nusgasyny dünýä beren halkymyzyň bu günki gazanan bagty bilen baglanyşyklydyr» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Ýaşyl ýaýlanyň aşygy

 (Oçerk) Onuň mährem eneligi, tutanýerliligi, iş başarjaňlygy, topraga bagry badaşanlygy barada öň eşidipdim. Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde döwlet sylaglary bilen sylaglanan edermen zähmet gahrymanlarynyň sanawy bilen tanşyp otyrkam, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň mehanizatory Aýsenem Abdalowanyň adyny görenimde, begenip, töweregimdäkilere buşlamaga howlukdym. Oňa jaň edip, gutladym.

Önüm öndürijiler höweslendirilýär

3433,2 müň tonnadan gowrak sarun! Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasyndan pagta öndürijilere gowaça çigidini gaýtadan işlemekden alnan şonça önüm berildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda şu ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilen bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepek, sarun, künjara we şugundyr löti, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satylýar. Sarunyň bir kilogramy zawod tarapyndan ýerlerdäki pagta arassalaýjy kärhanalara 40 teňňeden goýberilýär. Olardan bolsa önüm öndürijiler özlerine degişli bolan önümleri bökdençsiz alýarlar. Şeýle çemeleşme pagtaçylary has yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Watan harmanyna düýne çenli welaýatymyz boýunça «ak altynyň» 276,2 müň tonnadan gowragy tabşyryldy. Pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnamak işi guramaçylykly dowam edýär. Diýmek, önüm öndürijilere berilýän sarunyň möçberi ýene-de artar.

Bugdaýyň idegi ýetirilýär

Bol hasylyň aladasy Welaýatymyzyň babadaýhanlary güýzlük bugdaýa ideg etmek işlerini öňdebaryjy tejribä daýanyp, ylmy esasda alyp barýarlar. Oňat gögeriş gazanylan maýsaly meýdanlary synlanyňda göwnüň göterilýär. Endigan gögeren bugdaý maýsalary ekerançylaryň tagallalarynyň ýerine düşýändiginden habar berýär. Garagum derýasynyň boýundaky ekin meýdanlarynda ýaşyl maýsalara ideg etmek, olara ösüş suwuny tutmak işleri daýhan birleşiklerinde kadaly ýola goýulýar. Şunda ekin üçin zerur bolan mineral dökünleriň öz ýurdumyzda öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.