Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri
Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýip nygtaýar. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik duýgularyna ýugrulan bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde we onuň ähli ýurtlar bilen gatnaşygynda binýat bolup hyzmat edýän ahlak ýörelgeleriniň kökleri baradaky pikirleriň uşlybyny çözleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Halkymyzyň beýleki halklar bilen köp asyrlaryň dowamyndaky gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagymyza esas bolandyr. Halkymyz islendik döwürde we islendik ýagdaýda dünýä bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň göz bilen garamak, açyklyk häsiýetlerini elden bermändir» diýip bellemegi taryhy ýörelgelere belent sarpadan nyşandyr. Alym Arkadagymyz bu asylly ýörelgeleri kemala getirmekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we milli mirasymyza daýanmagyň zerurdygyny nygtap, edebi-filosofik eserinde: «Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, il-günüň asudalygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek, maksada okgunlylyk, ynsanperwerlik ýaly mukaddes ýörelgele