"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Bitarap Watanym Türkmenistanym Ata-baba arzuw edip ýetilen,Bitarap Watanym Türkmenistanym!Binýady polat deý berkden tutulan,Asuda Watanym Türkmenistanym!

Şygryýet bossany

Bagt Garaşsyzlyk bagtyn duýmaklyk üçin,Öwreniň pederleň geçen mekdebin.Olar gursagyna salyp «ýurt» sözün,Jan bilen ölçedi Watan edebin.

Dostlugyň mekany

Kosmonawtlar älem giňişliginden Ýer ýüzüne seredenlerinde onuň örän özboluşly görnüşdedigini nygtaýarlar. Goja heňňamyň özi kimin goja Zemin külli adamzadyň umumy öýi. Şol öýüň abadanlygyny saklamak, asudalygyny üpjün etmek bolsa biziň hemmämize bagly. Zemindäki ähli zatlar biri-biri bilen berk baglanyşykly, özara sazlaşykda. Öz maşgalaňda parahat durmuşyň höküm sürmegine, abadan ýaşaýşyň bolmagyna duldegşir goňşyň hem täsiri uly. Şonuň üçin-de pederlerimiziň: «Öz öýüňdäki asudalyk goňşyň öýündäki asudalykdan başlanýar» diýen paýhasly pähimi asyrlar aşyp, biziň neslimize gelip ýetipdir. Türkmenistan bolsa bu günki gün parahatçylyk ýoly bilen öňe gidip, barha belent sepgitlere ýetmek bilen birlikde bütin dünýäde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürýän döwleti hökmünde özüni tanatdy. Mundan 26 ýyl ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi netijesinde dünýäniň iň bir abraýly halkara guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň täze taryhyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi türkmeniň ynsanperwerliginiň, hoşniýetliliginiň dünýä ýaýylmasy boldy. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, ähli ýurtlar bilen deňhukukly, ylalaşyk

Şygryýet bossany

Arkadag Zamananyň zynaty, ýürekleriň senasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag!Göwünleriň ganaty, rahatlygyň penasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag!

Şygryýet bossany

Eziz ýurdum Berkararlyk mekany Her täze gününi ýeňişe beslän,Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany.Söýgi-yhlasymyz dillerde dessan,Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany.

Şygryýet bossany

Ajap ilim bar Watan waspyn beýan etsem, sözlesem,Bäş müň ýyllyk geçmiş ýolun gözlesem,Şöhratly taryhyn ýazyp sözme-söz,Kemlik bolar tarypyn kem sözleseň,Bu toprakda atam-babam, düýnüm bar,Bir supra jem bolan jebis ilim bar.

Şygryýet bossany

Watanym Seniň ýyly gujagyňda dogulan,Adamlaryň biridirin Watanym!Hatarynda bolup mydam gowulaň,Seň daglaryň şiridirin Watanym.

Şygryýet bossany

Watanym Unutmarys: bir sen diýip, birleşip,Serin berip ganym duşman kastynda,«Zemin bilen müdimilik gürleşip»Gerçekleriň mele toprak astyndaýatanyn.

Şygryýet bossany

Watan Aýdyňdyr Diýaryň ajap ýollary,Mukaddes topraga gurbandyr başym.Arkadaga alkyş aýdýar illeri,Il-halkynyň göge ýetirdi başyn.Alnyňda gülleriň ak daňy atan,Watan!

Şygryýet bossany

Bentler Gülleýän, gül açýan ajap çagym bar,Jenneti ýatladýan gülzar bagym bar.Halkynyň başyny göge ýetiren,Arkamyzda beýik Arkadagym bar.* * *Adam gülsün, çytmasyn hiç gaşyny,Gülki uzaldýandyr ynsan ýaşyny.Goh-galmagal däl-de, gülki doldursyn,Ýaşaýan öýňüziň içi-daşyny.* * *Gaşlaryň ýatladýar awçynyň ýaýyn,Ýüz-gözüň ýatladýar asmanyň Aýyn.Keşde çekip bilmesemem, ezizim,Ýüregime seň keşbiňi gaýaýyn.* * *Göýä sergin sähraň ajap begresi,Neneňsi owadan türkmen Tugrasy.Günlerimiz şeýle owadan dogýar,Gijeler nur saçýar Aýyň şuglasy.* * *Gyz söýdiňmi gyzyň boýdaşyn saýgar,Tirkeşýäňmi dostuň, ýoldaşyň saýgar.Mes günüň köp zatlar ýatdan çykýandyr,Kyn günde kimleriň goldaýşyn saýgar.* * *Iňňe bilen ylym guýusyn gazýarlar,Okap, bilip, ylmy işler ýazýarlar.«Berekella» diýýän türkmen ýaşlaryna,Diňe täzeçillik gözläp gezýärler. * * *Durmuşda taýagyň bar iki ujy,Arzuwlaryň bolsun mydama süýji.Niýetiňde ýagşy iş etmek bolsa,Ölçerip oturma ir ýa-da gi:ji.* * *Mert mert bolýar, mertebesi goçakdyr,Jomardyň hezzeti açyk saçakdyr.Her maşgala, her bir öýe gerek zat,Rysgal diýlen bir agzybir ojakdyr.* * *Bil, giç bolar soň özüňe igenseň,Tut pursady çeňňegiňe ilensoň.Düşünseň, dünýäde yz goýup gitgin, Boş gitmegin bir jaha

Şygryýet bossany

Okaram Iki öýüň arasynda,Bar, okaram, gel, okaram!Ajap many bardyr munda,Bar, okaram, gel, okaram!

Şygryýet bossany

Bitaraplyk «Bitaraplyk» diýmek näme?Erkin, azat zähmetdir ol.BMG-den berlen nama —Eşretdir ol, rehnetdir ol.

Şygryýet bossany

Arkadaga buýsanç Mertebesi, şan-şöhraty döwürleň,Arkadagyň her işi, her eseri.Özenidir çuň manyly ömürleň, Arkadagyň her işi, her eseri.

Bugdaý däneli jümleler

Bahar Baýmyradowanyň goşgularynda ýaşlygyň joşgunly hyjuwy, Watan mukaddesliklerine buýsanç, juwan gyzyň arzuwlara baý dünýäsi we ykbaly bar. Ýazan her setiriniň, her bendiniň Baharyň ýüreginiň, duýgusynyň, şeýle-de uzak tolgunmalarynyň miwesidigini onuň setirlerinden aňmak kyn däl. Bahar köňle gelen sözlerini şygryň diline geçirip, ruhuny päkleýär. Ýaş galamdaşymyzda ýaşlygyň özüne serpaý ýapan duýgularyny sünnäläp biljek inçe we biserhet höwes bar. Gündogar edebiýatynda şygyr ýazmak köňle zyýarat etmek bilen deň görlüpdir. Bahar hem şygyr ýazanda özi duýmazdan özüni many-mazmun bilen doldurýar, ýüreklere zyýarat edýär. Köňle zyýarat etmegiň hem öz hikmeti bar. Göwün göwünden suw içip dursa, ýürek dertlerine melhem sözler ýele uçup gitmez.

Gyşyň awara ötegçisi (liriki miniatýuralar)

Türkmen gyşy — gül Diýaryň sahawaty, zynaty. Türkmen topragynda owadan gyş pasly dowam edýär. Eýsem, gyş aklygyň, päkligiň, tämizligiň, gözelligiň pasly. Gyş döredijilik adamlary üçin ylhamyň, joşgunyň, şatly-şowhunyň pasly. Gyş — köňülleriň bakylyk mukamy. Gyş — aýdym, şygryýet, poeziýa. Gyş — köňül güzeriniň egsilmejek ylham ummany. Sen gyş paslynyň täsin dünýäsine gir-de, şahyr bolsaň, galamyňy ýörediber. Güwläp gelen ylham güzeriniň silinden ýazyp ýetişmek mümkin däl. Suratkeş bolsaň, kistiňi kagyza aýlaýmaly, täsin bir sungat eseriniň dörändigine göz ýetirip, öz döreden eseriňe özüňem haýran galarsyň. Gyş — gudrat, täsin bir jadylaýjy tebigat eseri. Onuň nuranalygyndan, gözelliginden, owadanlygyndan synlap-synlap doýmak mümkin däl. Söýüň tebigaty! Söýüň pasyllary! Gyş paslynyň aklygyny söýüň! Gyş pasly siziň kalbyňyza aram berip, ajaýyp duýgulary bagyş eder. Söýüň! Söýüň! Gyş paslyny söýüň! * * *

Imperator ýylgyrýar (hekaýa)

Rim döwletiniň imperatory Ýuliý Sezara Demosfeniň gelendigini köşk hyzmatkäri habar berende ol ýumşak kürsüden laňňa galşyna, bogazyna agram salyp, demi-demine ýetmän gürledi: — Goý, gelsin!

Ähli güller gözeldir (nowella)

Paýtagtdaky ýokary okuw mekdebiniň fizika fakultetini tamamlaýan Narymanyň guşy uçupdy. Begenjiniň çaky ýokdy. Ýoldaşlary-da onuň begenjine goşulyp, göwün diýen ýerine işe iberilendigi bilen gutlaýardylar. Ol neneň begenmesin?! Okuwy gutaryp, işe başlamaly boljakdygy ýadyna düşse, ol: «Haýsydyr bir etrabyň çet künjegindäki ýa-da gum içindäki mekdepleriň birine işe iberilerin» öýdýärdi. «Öz etrabyma düşmerin» diýip pikir edýärdi. Indi bolsa ony dogduk etrabynyň dag içindäki mekdebine işe iberýärdiler.

Bedewe baglanan ýürek (hekaýa)

Ber­di­li­niň at­ba­kar bo­lup ge­le­ni­ne on­çak­ly kän wagt geç­me­se-de, onuň be­de­we bo­lan söý­gü­si eý­ýäm belli bolupdy. Ol eýer­siz atyň üs­tün­de: «Bu og­lan at­ba­kar däl-de, tüýs ba­ryp ýa­tan ça­pyk­su­war» diý­dir­ýär­di. Sa­dyk seý­siň oňa göw­ni ýet­di. Bir gün ony sy­nap gör­mek üçin ýa­ňy mün­üş öwredilen atyň jy­la­wy­ny onuň eli­ne tut­du­ryp şeý­le diý­di: — At ça­py­şy­ňy gör­jek, eýe­riň ga­şy­na berk ýa­pyş!

Wepadarlygyň heýkeli («Ak guwlar» hekaýalar toplumyndan)

Zemine ýene-de läle-reýhana bezenip-beslenip, bahar gelipdi. Ogulgurban enäniň togsan üçünji bahary, adatça bolşy ýaly, garry enäniň köne derdini gozgapdy. Ol mahal-mahal üstünden ençe wagt geçen şo-ol elhenç urşy, söwer ýary Serdaryň urşa gidişini, gelen iň soňky üçburç haty, köp garaşdyran ýeňşi, il-günüň toý şatlygyny, il gözünden çekilip, ýüreginiň içine sygman örtenip-örtenip, pynhan aglaýşyny birin-birin ýatlaýardy. Dykgat bilen synlanyňda, ol heniz-henizlerem alyslara umytly nazary dikip, alyslarda galan gerçek ýaryna garaşýan ýaly bolup duýulýardy. Howla giren, elleri çemenli ýaş gyz bilen ýigidi gören ene hasasyna söýenip, ýerinden galdy. Edep bilen salam beren ýaşlar oňa gül çemenini gowşuryp, baýramyny gutladylar.

Halypanyň göreldesi

Men mekdepde okaýan döwürlerimden bäri Hemra Şirowyň goşgularynyň muşdagy. Indi bolsa kyssalarynyň-da. Soňky ýyllarda ol milli kyssamyzy baýlaşdyran ençeme oňat eserleri döretdi. Ýatlap otursam, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda edebiýaty öwreniş ylmy Hemra Şirowyň adyny türkmen çagalar edebiýatyna, ylaýta-da şygryýetine üýtgeşik gözlegleri getirip, ony täzeçe — düýpli ösdürenleriň biri hökmünde tutýardy. Onuň türkmen çagalar edebiýatynyň has kämilleşmegine, täze belentliklere göterilmegine uly goşant goşandygyny ykrar edipdiler.