"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmeniň milli saz sungatynda yz galdyran orta asyr sazandalary

Ata-babalarymyzyň ganyna siňen saz sungaty öz gözbaşyny taryhyň gadymy köklerinden alyp gaýdýar. Gadymy türkmen topragymyz diňe bir dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, çöl ýerinde çöli bolan tebigy gözelligi bilen däl-de, eýsem, dünýä meşhur zehinli alymlary, är ýigitleri berendigi bilen hem tapawutlanýar. Her bir milletiň özboluşly däp-dessurlarynyň, olaryň millet hökmünde emele gelmeginiň çylşyrymly prossesleriniň bolup geçişi ýaly, türkmen milleti hem özüne mahsus birnäçe alamatlary bilen dünýä ýüzünde bilen tapawutlanyp. Şolaryň biri hem saz sungatydyr. Saz sungatyň güýjüni hiç bir güýç bilen deňäp bolmasa gerek, çünki ol adamyň ýüreginde ornaşan iň uly ruhy baýlyk. Müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy ýoly başdan geçiren türkmen halkynyň özboluşly saz sungaty bar. Şol sanda saza ussatlyk bilen erk edip bilýän ussat sazandalaryň hem bolandygyna taryh şaýat. Geliň, olar barada käbir maglumatlara ser salalyň. VI-VII asyrlarda asly Merwde doglan Barbut Merwezi hem şolaryň biridir. Onuň başgaça Pahlabat adynyň hem bardygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Pahlabat diýmek bolsa, “pahlaw”, ýagny “batyr” diýmegi aňladypdyr. Käbir çeşmelerde bolsa, onuň ady Barbat diýip tutulýar. Ol orta gündogar ýurtlarynda özüniň ezber sazandalygy bilen, zehini bilen uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ussat sazandany şol döwrüň beýik döwletleriniň şalary özüniň köşk sazandasy etme

Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa ählumu

Dost kalbynyň älemgoşary

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylyna badalga berildi Häzirki bagtyýar günlerimizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň medeni maksatnamasyna laýyklykda, dünýäniň çar künjeginde dana Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly halkara maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar yzygiderli geçirilýär. Bu çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri-de gatnaşýar.

Zehinlä zowal ýok

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasy aýdym-saz sungatynda halypalaryň mesgeni hasaplanýar. Olardan Täçmämmet Suhangulyýew, Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow, Nurmyrat Annaýew, Çary Täçmämmedow, Ata Esadow ýaly halypalary agzap geçsek ýerine düşer. Bu obada kemala gelenleriň birine Gurbanguly Nuryýew diýýärler. Aýdym-saz sungatyna ýaşlykdan imrinen bu halypany men indi ýarym asyr gowrak wagt bäri tanaýaryn. Gurbanguly Nuryýew 1946-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan kakasy Nurgeldi aga obada daýhançylyk bilen meşgullanýar. G.Nuryýew 1953 — 1963-nji ýyllarda Ýaňgala obasyndaky 5-nji orta mekdepde okaýar. Ýüregi aýdym-saz diýip urýan ýaş ýigit 1964-nji ýylda Aşgabatdaky şol wagtky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň hor dirižýoryny we aýdym-saz mugallymyny taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň halk artistleri Aşyr Kulyýew, Durdy Nuryýew sazyň inçe syrlaryny öwredýärler.

Akyldardan ganatlanan mukamlar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa we gurallama bölüminiň uly mugallymy Meret Annamyradowyň döreden saz eserleriniň içinde Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan täsirlenip ýazan sazlary uly orun eýeleýär. M.Annamyradow 1999-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň we Mollanepesiň goşgulary esasynda «Täleý» atly dört bölümden ybarat kantatany ýazýar. Bu kantatada hor esasy sütün bolmak bilen, ol şu žanrda ýazylan saz eserlerinden tapawutlanýar. Kompozitor bu eseriň birinji bölüminde şahyryň «Yzlamaýan bolarmy?», ikinji bölüminde «Näler görüner», üçünji bölüminde Mollanepesiň Magtymgula bagyşlan «Pyragy», dördünji bölüminde akyldaryň «Türkmeniň» atly goşgularyny ulanypdyr.

Halypa bilen duşuşyk

Başlangyç synplarda okaýarkam, Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýewiň ogly, ussat bagşy Begmyrat Annaýew kakam Osman bagşynyň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdi. Kakam Begmyrat aga bilen gyzykly gürrüňler edip, aýdym aýdyp, saz çalyp oturardylar. Kakamyň Begmyrat halypadan birnäçe aýdymlaryň sözlerini ýazyp alany ýadymda. Kakam oňa halypalar bilen bagly sowal bererdi, halypa-da dutar çalyp oturyşyna säginip, oňa jogap bererdi. Aradan ýyllar ötdi. Goňşy obadaky bir toýa bagşy diňlemek üçin ýörite gitdim. Toýda egni gyrmyzy donly, silkme telpekli ýöräp barşyna Begmyrat bagşy bilen salamlaşdym. Bagşyň yzyndan eli dutar-gyjakly gelýän ogly hem gyjakçysy Süleýman Annaýew meni tanap: «Ýör, biz bilen, bir-iki nama aýdarsyň» diýip, elime dutary tutdurdy. Soňam: «Kaka, bu ýigide bir-iki nama aýtdyraýaly» diýip, kakasyna ýüzlendi. Begmyrat halypa-da: «Aýtsyn, diňläli» diýdi.

Dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan:— 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesini göterýän Änew şäheriniň keşbi hem günsaýyn özgerýär, döwrebap görke gelýär. Ençeme ýyllardan bäri Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup hyzmat edip gelýän bu gadymy şäheriň naýbaşy binalarynyň biri-de Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllarynda Änewde gurlan ilkinji binalaryň biri bolan bu muzeý özüniň täsin keşbinde milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklarynyň gaýtadan dikeldilmegini, ata-babalarymyzyň baý mirasynyň türkmen halkyna gaýtarylyp berilmegini şöhlelendirýär. Welaýat bilen adybir köçäniň ugrunda ýerleşýän muzeýiň ýene-de bir özboluşlylygy onuň dünýäde bugdaýyň hormatyna gurlan ilkinji muzeý binasydygydyr. Änew şäherinde Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gurulmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda gadymy türkmen taryhynyň çuňňur öwrenilýändigi bilen berk baglydyr. Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi 2005-nji ýylyň 15-nji iýulynda açylyp ulanmaga berildi.

Arkadag medeniýeti asyrlaryň jümmüşinden uzak geljege...

Täze döwürleriň döremegi milletiň ýaşaýyş-durmuşyny özgerdýär. Durmuşyň özgermegi bilen bolsa ähli zatlar üýtgeýär, kämilleşýär, täzelenýär we has baýlaşýar. Bu hadysa halkyň ýaşaýyş medeniýeti, sungaty, döredijiligi babatda hem şeýledir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze özgertmeler, täze galkynyşlar peýda boldy. Bu täze zamanada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde dörän täze şäher döwrüň iň kämil eseri hem-de asyra şan berjek beýik işi hökmünde halkyň taryhynda täze sahypany açdy.

«Diýarym, Diýarym, ýaňlan, Diýarym!»

Her ýylda ýurdumyz boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijiliklerini halka ýaýmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Şolaryň biri-de zehinlileri öňe çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigidir. Ýakynda Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarymyň!» Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşikde ýaş aýdymçylaryň onlarçasy öz başarnyklaryny görkezdiler. Şäher ýaşaýjylarynyň, bu ýerdäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bäsleşik uly şowhuna beslendi. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň işgäri Döwletgeldi Atajanow bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şöhle Muhammedowa bäsleşigiň ýeňijileri boldular. D.Atajanow bäsleşikde «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Akmaýa gerek», Ş.Muhammedowa bolsa, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Boýlaryňa» diýen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şonuň bilen birlikde-de, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Zenanlar ýaşaýşyň gözbaşydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher zenanlar bölüminiň guramagynda geçirilen duşuşyga şäher we etrap zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we kümüş saçly eneler gatnaşdy. Baý many-mazmuna eýe bolan wagyz-nesihat çäresiniň esasyny zenan mukaddesligi, ýaşlarda asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, düzgün-tertip, türkmen zenanyna mahsus edep-ekram, ahlaklylyk we milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamak ýaly möhüm ugurlar düzdi. Hakykatdan-da, eziz enelerimiz akyl-paýhasyň öýi bolup, olaryň maşgalada, jemgyýetde tutýan orny juda uludyr. Geçmişe göz aýlanyňda hem, gelin-gyzlarymyz örän akylly, paýhasly bolup, olaryň maşgalada mertebesi belent bolupdyr. Maşgalany abat saklamak, çaga terbiýelemek, el işlerini nepislik bilen ýerine ýetirmek ýaly möhüm işlerde özleriniň uly ussatlygyny görkezýän türkmen zenanlary häzirki wagtda abadan durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar döwre buýsanýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ýürekleri buýsançdan, mähirden doly zenanlar barada edilýän aladalar döwlet derejesine çykaryldy. Zenan maşgalalar döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň belent ösüşler bilen öňe gitmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bul

Tomus şadyýanlygy artýar

Çaga terbiýesinde gurjak oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki gurjaklar bilen sahnalaşdyrylan eserler çaga kalbyna ýakymly täsir edýär. Şeýle-de ertekileriň gurjaklar, haýwanlaryň şekilleri arkaly görkezilmegi körpeleriň ýatkeşligini we göz öňüne getirme, pikir ýöretmek endiklerini ösdürýär hem-de olary dostluk, ýoldaşlyk ruhunda terbiýelemäge kömek edýär. Bu ugurdaky işlerde Dänew etrabynyň Seýdi şäher medeniýet öýüniň işgärleri-de aýratyn işjeňlik görkezýärler. Olar tomus günlerinde etrabyň çagalar baglarynda gurjak oýunlaryny gurap, körpeleriň wagtlaryny şadyýanlyga besleýärler. Halypa medeniýet işgäri Agamyrat Hudaýarowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparynyň agzalary türkmen halk ertekilerini sahnalaşdyryp, ýygy-ýygydan körpeleriň arasynda çykyş edýärler. Olaryň «Kör garga», «It we horaz», «Pakyrdawuk patyşa», «Böwenjik», «Hudaýberdi gorkak» ýaly ertekiler esasynda sahnalaşdyran oýunlary körpeleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Ýaş artistler Faruh Zakirow, Aýna Nuryýewa, Dursun Jumanazarowa dagy diňe çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda däl, eýsem, mekdep okuwçylary üçin hem gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmak ugrunda döredijilikli işleýärler. Olaryň sahnalaşdyran «Tilkiniň mekirligi», «Akpamyk», «Şalgam» ýaly gurjak oýunlary mekdep okuwçylarynyň dynç alşynyň täsirli geçmegini gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bagtyýar körpeler we zähmetsöýer ýaşlar özleri hakynda hos

Yhlaslylyk üstünlige ýetirýär

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen sport, köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn durmuş ýörelgeleri tutuş jemgyýetimizi gurşap aldy. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň sport bilen gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrundaky işlerde Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Halmuhammet Gurbanowyň goşandy uly. Ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini artdyrmak babatynda alty ýyldan gowrak wagt bäri yhlasyny gaýgyrman gelýän tälimçi welaýatymyzyň futbol boýunça 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy bilen yzygiderli türgenleşik işlerini alyp barýar. Toparda diňe bir Türkmenabat şäheriniň däl, eýsem, Kerki we Çärjew etraplarynyň mekdep okuwçylary-da çykyş edýärler. Ussat tälimçiniň işini göwnejaý guraýşyny ýetginjek futbolçylaryň görkezýän netijelerinden hem görmek mümkin. Ýagny «Altyn ýyldyzyň» oýunçylary indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdeligi elden bermän gelýärler. Bu hakykata golaýda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp geçirilen welaýatyň açyk birinjiliginiň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Şol ýaryşyň göçme kubogyny eýelän toparyň oýunçylarynyň käbiri

Döwrümize ruhy joşgun ýaraşýar

Nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli uludan tutulýan toý-dabaralarda, ýerine ýetirilýän çykyşlarda döwrümiziň belent waspy, halkymyzyň ruhy galkynyşy aýdyň duýulýar. Şeýle joşgunly çykyşlar bilen ildeşlerimize ruhy lezzet paýlaýan döredijilik toparlarynyň biri-de welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor we tans toparydyr. Kämil döredijilik eserlerini yzygiderli halka hödürlemekde toparda alnyp barylýan işler dogrusynda welaýat medeniýet merkeziniň direktory, toparyň ýolbaşçysy Oguldöndi Altyýewa şeýle gürrüň berýär: — Häzirki wagtda toparymyzda ýaş tansçy oglan-gyzlaryň 24-si bolup, olar joşgunly çykyşlary bilen toý döwrelerini bezeýärler. Medeniýete-sungata maýyl ýaşlaryň arasynda işlemek örän buýsançly. Biz höwesjeň oglan-gyzlaryň gatnaşmaklary bilen milli öwüşginli folklor çykyşlarynyň birnäçesini, şeýle-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Dosmämmet Söýünowyň ýerine ýetirýän «Ýar görner», «Küştdepdi», «Döneýin» ýaly halk aýdymlaryna sazlaşykly tanslary goýup, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandyk. Ýeri gelende aýtsak, şeýle ajaýyp tans eserlerimiz bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň 2024-nji ýylda «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara hem gatnaşyp, halkymyzyň tans sungatynyň aýratynlyklaryny şöhlelendirdik. Şu günler golaýlaşyp g

Mizemez dostana gatnaşyklar

Medeniýet ynsanyýetiň taryhynda özara gatnaşyklardaky ruhy köpri bolup hyzmat edip gelipdir. Hakykatdan-da, bu hakyndaky ajaýyp maglumatlara taryhyň sahypalaryna göz gezdirenimizde hem görmek bolýar. Bu bolsa milletimiziň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklarynyň mizemezligini alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Bilşimiz ýaly, ýakynda Pekin şäheriniň Týan Szýao teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekilçilikli topary Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanýan milli gymmatlyklaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam sungatynyň, gadymy lybaslaryň, zergärçilik önümleriniň, dünýäde şöhrat gazanan türkmen halylarynyň nepisligi, özboluşlylygy sergä gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Bu gymmatlyklar ajaýyplygy, reňkleriniň we bezeg işleriniň sazlaşygy bilen halkymyzyň köptaraply zehinini alamatlandyrýar. Hususan-da, haly we haly önümleri, gadymy şaý-sepler, dürli görnüşdäki zergärçilik işleri, olaryň reňkiniň, bezeg daşlarynyň sazlaşygy, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Gülle, medeniýetim, sungatym meniň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek ugrunda uly alada edilýär. Rowaçlygyň nurana ýoluna düşen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösýär, kämilleşýär. Muny ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap medeni ojaklarda ýola goýlan medeni hyzmatlarda, medeniýet we sungat işgärleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, halka ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýyl döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz festiwallarynyň geçirilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Diýarymyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna mümkinçilik berýär. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýär, Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde örän guramaçylykly we dabaraly geçirilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-d

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Şu gün, 17-nji iýulda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik hem-de haly önümleriniň we halyçylyga degişli sungat eserleriniň sergisi guraldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Medeniýet — bir milletiň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan, onuň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň jemidir. Halkyň kalby hasaplanýan medeniýet, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda özara baglanyşygy we agzybirligi gorap saklaýar. Medeniýet halkyň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, dilini, sungatyny, edebiýatyny we ylym-bilimlerini öz içine alýan giňişleýin düşünjedir. Ol jemgyýetiň döredijilik we intellektual mirasy bolup, nesillerden-nesillere geçirilip, durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar. Medeniýet, jemgyýetiň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Halkyň dünýäni nähili görýändigini we kabul edýändigini görkezýär. Halkyň baýramçylyklary, toý-dabaralary, ýagşy ýörelgeleri, sungat eserleri we edebiýatlary arkaly onuň dünýägaraýşy we ruhy gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, medeniýet halkyň özboluşlylygyny we aýratynlygyny hem öňe sürýär. Medeni mirasy gorap saklamak we ony ösdürmek, nesilleriň arasynda ruhy baglanyşygy üpjün edýär.

“Ýaşlaryň şäherindäki” hoş owazlar

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna zehinli aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrülip, ol hemişe-de sungaty söýüjileriň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Golaýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň öňündäki meýdançada onuň paýtagtymyz boýunça geçirilen tapgyry uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilýän bu bäsleşik Milli Liderimiziň egsilmez yhlasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen binýady berkden tutulan, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde — Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirildi. Bäsleşigiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry bu ýerdäki döwrebap binalaryň hatarynda şäheriň görküne görk goşup oturan Ruhyýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. «Geljegiň şäheri», «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen bu ajaýyp künjekde sapaly tomsuň mylaýym şemally nurana agşamynda guralan dabarada ýerine ýetirilen hoş owazly aýdym-sazlar şäheriň ilersinde seleňläp oturan gojaman Köpetdagyň jülgelerine ýaň salyp, hemmelere ýatdan çykmajak täsirli pursatlary, ýakymly duýgulary

Türkmen tansçylarynyň bursadaky üstünligi

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) we dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň guramagynda «Altyn garagöz» atly halk tanslarynyň 36-njy halkara bäsleşigi geçirildi. Onda ýurdumyza wekilçilik eden «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans, aýdym-saz, folklor topary ikinji baýrakly orna, kümüş kuboga we ýörite baýraga mynasyp boldy. Sungat ussatlarymyzyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikleriň ýene-de bir guwandyryjy netijesidir. 7 — 12-nji iýul aralygynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň döredijilik topary medeni forumyň düzgünnamasynda görkezilen şertler boýunça çykyşlary ýerine ýetirip, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny saz we tans sungatynda ussatlyk bilen görkezmegi başardy. Şöhratly taryhymyzy, milli ýörelgelerimizi şöhlelendirýän çykyşlar bäsleşige gatnaşyjylarda we emin agzalarynda turuwbaşdan uly täsir galdyrdy. Tansçylarymyzyň nepis nagyşlar bilen bezelen milli lybaslary, şaý-sepleri olaryň çykyşlaryna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýaş aýdymçylar bäsleşdi

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Arkadag şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Arkadag şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. Zehinli ýaş aýdymçylary döredijilik gözleglerine höweslendirmek ugrunda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen telebäsleşik ýokary derejede guraldy. Bäsleşige Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we beýleki okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.