"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen energiýa serişdeleriniň eksporty artdyrylýar

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm halkasyna öwrülýär. Parom we konteýner terminallarynda dürli ýükleri ugratmak üçin işler gije-gündiz dowam edýär. Soňky ýyllarda ulanmaga berlen milli gämiler türkmen nebit önümlerini daşary ýurtlara durnukly ibermäge mümkinçilik berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan nebit önümlerini ugratmak üçin döwrebap gämileriň 7-sini gurdy we satyn aldy. Bu bolsa, ýurdumyzyň flotunyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrdy. Häzirki wagtda şol gämiler Hazar deňziniň portlarynyň arasynda halkara gatnawlaryny amala aşyrýarlar hem-de halkara bazarlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler.

Sargytlar berjaý edilýär

Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar. Konsern boýunça geçen alty aýda 12 müň tonna golaý «gara altynyň», 300 million kubmetrden gowrak «mawy ýangyjyň» bellenilen meýilnamalardan artyk çykarylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir. Uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryň gazanan bu üstünliklerinde konserniň suwçularynyň hem uly goşandy bar. Aslynda, nebitçileri zerur möçberde tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek esasy şertleriň biridir. Bu möhüm iş konserniň Suw üpjünçilik müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär. Merdana nebitçileriň zähmet çekýän ojaklarynyň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda sarp edijilere ýetirilen suwuň 2 million 87 müň kubmetre barabar bolmagy, müdirlikde bu möhüm wezipeleriň mynasyp çözgüdini tapýandygyny aňladýar. Has takygy, gürrüňi edilýän hasabat döwründe konserniň degişli düzümleri tarapyndan gelip gowşan sargytlara bu müdirlik boýunça 104,3 göterim amal edilipdir. Aslynda-da, her bir önümçilikde bolşy ýaly, ýa

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllary öz içine alýan döwürde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda döwletimiziň geljekki ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bu resminamalarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen il-ýurt bähbitli başlangyçlar, giň gerimli taslamalar aýdyň beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňemegine hem-de milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine giň şertler döreýär. Arkadagly Serdarymyz halkymyzyň rowaçlygyny, ata Watanymyzyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň we iň gowy dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Türkmenistanyň haryt öndürijileriniň halkara söwdasyna gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynyň netijeli täjirçilik işini üpjün etmek maksady bilen, söwda we maglumat üpjünçiligi hyzmatlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalygyna goşulyşmagy halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bazar ykdysadyýetine mahsus ykdysady kanunlar bar. Bu ykdysady kanunlar adamyň erk-islegine bagly bolmazdan öz kanuna laýyklygyna görä hereket edýär. Olar ykdysady şertleriň üýtgemegine görä önümleriň öndürilmegi, paýlanmagy, haryt-pul gatnaşyklary, alyş-çalyş we sarp etmegi dolandyrýan kanunlardyr.

Derýa ulaglary arkaly şu ýylyň 6 aýynda 378 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça Türkmenistanyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna halk hojalygyna degişli ýükler daşaldy. Munuň özi kärhana boýunça alty aýyň dowamynda diňe ýük daşamak boýunça 1 million 346 müň 700 manatlyk iş edilendigini aňladýar ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Häzirki wagtda «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Amyderýada Mukry – Türkmenabat ugry boýunça gurluşyk işleri üçin zerur bolan inert materiallaryny, Garagum derýasynda hem Topurkak – Zeýit ugry boýunça bugdaý daşamak işleri amala aşyrylýar.

Tebigy gaz akymy alyndy

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Arkadagly Serdarymyzyň görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen meýilnama laýyklykda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäklerindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Netijede, «Şerepli» gaz ýatagynyň birinji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Gaz ýatagynyň ulanyş-baha beriş guýusynyň taslama çuňlugy 2 müň 600 metre deňdir. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary guýulary burawlamakda toplanan baý iş tejribelerine daýanyp, degişli işleri geçirdiler. Netijede, 2 müň 330 metr çuňlukdan tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi geologlaryň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda egin-egne berip çeken gözlegli we döredijilikli zähmetleriniň miwesidir. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 695 müň kub metr tebigy gaz berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: guwandyryjy üstünlikler, ýakyn ýedi ýyl üçin wezipeler

Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat döwründe gazanylan üstünliklere baha berlip, ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan möhüm resminamalara gol çekildi. Mejlisde bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6, jemi öndürilen önümiň 11,5 göterime barabar bolmagy, dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, içerki ösüş kuwwatynyň we maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň oňyn görkezijileri gazanmaga ýardam berýändiginiň güwäsidir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde we ykdysady strategiýany amala aşyrmakda Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda geçen alty aýda oňyn görkezijileriň gazanylmagy bolsa guwandyryjy ýagdaýdyr. Has takygy, degişli döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirildi. Öz nobatynda, ýerli býujetleriň girdeji böleginiň 100,4 göterim, çykdajy böleginiň 98,7 göterim berjaý edilmegi maliýe-býujet syýasatynyň üstünligidir.

Tä­ze be­lent­lik­le­ri na­zar­lap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly işler hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýen parasatly sözleriniň Diýarymyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmelerde öz beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde ozaly bilen berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek gerek. Diýarymyzyň ykdysady syýasatynyň durmuş ugruna gönükdirilmegi, Watanymyzyň özgertmeleriň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň hem netijeliligini bellemek gerek. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ugurda ýokary görkeziji aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy, döwletiň nyrh syýasaty, hususy başlangyçlary goldamak, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleri toplumy netijesinde üpjün edilýär. Döwletimizde halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň ösüşi, ozal bar bolan hem-de täze döredilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak netijesinde ilaty iş bilen üpjün etmegiň hasabyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmu

Dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy

Türkmenistan döwletimizde durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. ХХI asyryň başynda ýurdumyzda durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. 2010-njy ýylda tassyklanan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendigi dünýä aýan hakykatdyr. Häzirki zaman köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň şeýledigine Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda möhüm ähmiýetli iri halkara ulag taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlere halkara guramalar tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamyň ösdürilmegi bolsa dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleriň durmuşa geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlenýär. Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginde möhüm orny eýelemek bilen, iri halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň e

Haryt bolçulygy – halkyň abadançylygy

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halkymyz üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň ösdürilmegi we eksporta bagly bolmagy azaltmagy dowam etmek ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Edara-kärhanalarymyz tarapyndan öndürilýän içerki önümlerimiziň geçen ýylda 6,2 göterim artmagynyň netijesinde, raýatlarymyzyň durmuş şertlerinde isleglerini kanagatlandyrmak bilen bagly işleriň üstünlikli dowam etmegi muny aýdyň tassyklaýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlarymyz ilatymyza hödürlenmek bilen, azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, noýba, şeýle-de dürli görnüşli unaş önümleri olaryň üstüni ýetirýär. Azyk önümlerimiziň bolçulygyny döretme

Yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa ro­waç­lyk ýo­lun­da

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­satynyň bin­ýat­lyk esas­la­ry ata Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşyr­ýan mö­hüm sy­ýa­sy ugur­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu sy­ýa­sy ugur­la­ra la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne, şeý­le hem beý­le­ki döw­let­le­riň işi­ne ga­tyş­maz­ly­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len we sy­ýa­sy se­riş­de­ler ar­ka­ly çöz­mä­ge yg­rar­ly bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň alyp bar­ýan, bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li, yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sat ýö­rel­ge­le­ri­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär. Bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler se­bit­de we dün­ýä­de sy­ýa­sy dur­nuk­ly­ly­gy ber­kit­mek­de, yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da­ky ýö­rel­gä eýer­mek bi­len, bu ugur­da ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik we yk­dy­sa­dy çä­re­le­ri has iş­jeň­leş­dir­ýär. Ýur­du­myz dün­ýä­niň en­çe­me döw­let­le­ri bi­len sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan mil­li bäh­bit­le­ri­, hal­ka­ra we se­bit de­re­je­si

Sanly ulag - ygtybarly we netijeli ösüşiň ýoly

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk̓» agentliginiň edara binasynda, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň degişli hünärmenleiniň onlaýn gatnaşmagynda «Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi. «Türkmenaragatnaşyk̓» agentligi tarapyndan gurnalan bu maslahatda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň degişli ýolbaşçylary, hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary toplum boýunça gazanylan üstünlikler barada çykyş etdiler.

Gazhimiýa senagaty: täze önümler we mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary halkymyzyň we tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga gönükdirilýär. Amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaý, ylaýta-da, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlary ýurdumyzyň senagat önümleriniňdir energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga giň şertleri döredýär. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gaz akdyrylýan ugurlaryny giňeltmäge, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Tebigy gazyň, gaz kondensatydyr nebitiň düzümindäki uglewodorodlar we beýlekiler ýakyn geljekde möhüm organiki hem-de mineral maddalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz anyk wezipeleri öňde goýýar. Tebigy gaz, nebit we gaz kondensaty ýangyç serişdesi bolmak bilen birlikde, möhüm himiki çig mal hökmünde hem hyzmat edýär. Muňa mysal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanylmaga berlen polipropilen örtüklerini öndürýän kärhanany, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Garabogaz şäherindäki karbamid zawodyny görkezmek bolar.

Mukaddes duzuň mesgeninde

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz» kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna, gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän önümleriň hil derejesine hem oňyn täsiri

Mawy ýangyjynyň akymy artýar

Täze guýy gaz berdi Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her güni uly üstünliklere beslenip, şatlykly wakalar bilen şöhratlanýar. Ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär. Şeýle zähmet üstünlikleriniň ýurdumyzyň gaz senagaty pudagynda has-da rowaçlanýandygy guwanç duýgusyny döredýär.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler älem içre giňden dabaralanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginden dünýäniň ýedi yklymyna uzaýan dostluk ýollary bu gün parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň ýoly bolup, döwrüň belent ruhuny äleme ýaýýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-19-njy iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge badalga berdi. Dünýä belli iri ulag kompaniýalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki günläp dowam eden maslahatda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri beýan edildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleriň daşalmagyna, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçilikleriniň ykdysady taýdan amatlydygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, gurluşygy batly depginde dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň ähmiýetli boljakdygy bellenip geçildi. Demir we howa ýollary ulgamynda hem ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtamak gerek. Bu babatda aýdylanda, soňky ýyllarda gurlup ulanylmaga berlen Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, Tejen — Sarahs — Maşat, Serhetabat — Turgundy, Atamyrat —

Energetika pudagynyň rowaç menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Şeýle taryhy wakalaryň biri-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagydyr. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda açylan, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desga bu ugurda Merkezi Aziýada ýeke-täk hyzmat ediş desgasy bolup durýar. Arkadagly Serdarymyz: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler» diýip belleýär. Garaşsyz Watanymyzyň energetika pudagyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Täze gurlan bu desgada bolsa tehniki hyzmatlary we abatlaýyş işlerini ýokary derejede geçirmäge ähli amatly şertler bar. Bu merkez ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Şeýle uly merkeziň gurulmagy ýurdumyzda sarp edijileriň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga, ygtybarly energetika k

Tebigy gaz: eşretli durmuş

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri giň gerimde dowam etdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, olaryň çäklerinde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça welaýatymyzyň ýerlerdäki degişli edara-kärhanalary tarapyndan derwaýys işler amala aşyrylýar. Bu barada «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «S.A.Nyýazow etrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň başlygy Begenç Karaşow şeýle gürrüň berdi: — Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokary götermek baradaky taýsyz tagallalary oňat netijeleri berýär. Munuň şeýledigini ilatyň ähli zerur ýaşaýyş şertleri, şol sanda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda alnyp barylýan işlerde-de görmek mümkin. Çünki halkymyz öý-ojaklarynda lowlap ýanyp duran, arzan tebigy gazyň hözirini görýär.