"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: maksatlaryň we tagallalaryň birligi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtynda saparda boldy Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolmagy aýratyn ähmiýetli wakadyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Astana sammiti: dünýäniň we sebitiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «ŞHG+» formatly sammiti geçirildi. Bu derejeli sammite türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy. Sammit goldaşmagyň, arkalaşmagyň güýjüniň mizemezligini, kuwwatlydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerinden, habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet hem şu ýylyň iýul aýynyň 2 — 4-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde döredijilik saparynda boldular. Saparyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň medeni ugurlaryna ähmiýet berildi, geljegi nazarlaýan ugurlara üns çekildi. GOŇŞYM — GOLUM, GANATYM

Dostluk. Işewürlik. Ösüş (Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy)

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny we zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada ylalaşyk gazandylar

Russiýa, Hytaý we Gazagystan bitewi sanly koridory döretmek barada üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdiler. Resminama Astanada geçen gazagystan-hytaý işewürlik geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde «Славтранс-Сервис», PJ Xi'an Free Trade Port Construction andOperation Co., Ltd. hem-de "КTZ Express PJ-niň arasynda gol çekildi.

Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň artdyrylmagyny goldaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýn ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Astana sammiti: köptaraplaýyn dialogy berkitmekde möhüm ädim

Türkmenistan halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiziň daşary syýasy ugrunda dürli halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Türkmenistan olaryň köpüsine agza bolmasa-da, ýokary derejedäki duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. 4-nji iýulda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Astanada geçirilen sammitine gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi. Türkmen tarapynyň şeýle duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň iri halkara guramalar bilen, şol sanda döwletara derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Dünýä geosyýasatynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) ähmiýeti örän uludyr. Ol köpçülikleýin goranyş ýa-da köpçülikleýin howpsuzlyk guramasy däldir, üçünji ýurtlara garşy gönükdirilen hem däldir. Emma terrorçylyga, ekstremizme, milletparazlyga garşy göreş onuň işiniň aýrylmaz bölegidir. Gurama döredilen wagtynda howpsuzlyk, terrorçylyga, neşe söwdasyna garşy göreş meselelerine artykmaçlyk berlen bolsa, häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk öň hatara çykdy. ŞHG-ä agza döwletler Ýewraziýanyň umumy meýdanynyň 65 göterimini, Ýer togalagynyň ilatynyň tas ýarysyna golaýyny tutýar. Bitarap Türkmenistan hem bu kuwwatly

Dostlukly gatnaşyklar rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary, şol sanda Hindistan bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Hindistan bilen dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar iki ýurduň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkidýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ugurlary açyp, ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeldýär. Muňa ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň Hindistan Respublikasyna bolan sapary-da aýdyň şaýatlyk edýär. Hindistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan tanyşdyryş sapary diňe bir bu dostlukly ýurduň baý taryhyny we medeniýetini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň häzirki zaman dünýäsinde çalt depginde ösýändigine hem göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Bu tanyşdyryş çäresine türkmenistanly wekiller bilen birlikde, Gazagystan, Özbegistan, Belarus Respublikasy, Gyrgyzystan, Täjigistan, Mongoliýa, Ermenistan, Gruziýa we Eýran ýaly döwletlerden hem köp sanly žurnalistlerdir döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär

Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Degişli mesele iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Astanada geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda bellenilişine görä, özbek-hytaý söwda dolanyşygy geçen ýyl 14 milliard amerikan dollaryna, şu ýylyň 5 aýynda bolsa 5 milliard 59 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkezijini ýakyn geljekde 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek maksat edinilýär.

13 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynda oňyn ösüş depgini saklanýar. Bu barada iki ýurduň Prezidentleriniň Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen duşuşygyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär. Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň 6 aýynda rus-azerbaýjan söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarydyr.

30 göterime deň

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy 30 göterime deňdir. Bu barada guramanyň Astanada geçirilen sammitinde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi. «Häzirki wagtda ŞHG-ä agza ýurtlaryň ykdysadyýetleri 4-den 9 göterime çenli ýokary ösüş depginini saklap galýarlar. Gurama agza döwletleriň global jemi içerki önümdäki paýy eýýäm 30 göterim. Häzirki wagtda gatnaşyjy ýurtlaryň daşary söwdasy 8 trillion dollardan geçýär, bu bolsa dünýä söwdasynyň dörtden birine deňdir» diýip, gazak Lideri öz çykyşynda belledi.

«Nvidia» Hytaýa 12 milliard amerikan dollarlyk çip satar

«Nvidia» tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylda Hytaýyň kompaniýalaryna 12 milliard amerikan dollarlyk çip satmagy maksat edinýär. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, «Nvidia» hytaý bazaryndaky satuwlar boýunça ýerli öndüriji bolan «Huawei Technologiesi» kompaniýasyny yzda galdyrmagy meýilleşdirýär. Ol şol maksat bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli emeli aň (AI) tehnologiýalaryny kuwwatlandyrmak üçin döredilen 1 milliondan gowrak «H20» çipini Hytaýa iberer diýlip garaşylýar. Olaryň hersiniň bahasy 12-13 müň amerikan dollary aralygyndadyr.

Eýran nebitiň eksportyny artdyrýar

Eýran çig nebitiň we gaz kondensatynyň eksportyny 2018-nji ýyldan bärdäki iň ýokary derejä ýetirdi. Bu barada dünýäniň energetika bazaryny seljerýän «Wortexa» portaly mälim etdi. Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Eýran her gün ortaça 1,56 million barrel nebit eksport etdi. Netijede, Eýran OPEK-de iň köp nebit eksport edýän döwletleriň arasynda dördünji orny eýeledi.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana sapar bilen geldi

Aşgabat, 5-nji iýul (TDH). Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Mälim bolşy ýaly, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugruň binýady türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlaryny bellemelidiris. Olar ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Heýkel daşlardan däl, beýik işlerden döreýär

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyndan soňky oýlanmalar Her gezegem şeýle bolýar. Uzak ýola ugranyňda, Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny ýa-da heýkel-şekiljigini ýanyňa alarsyň — hem ýoldaşlyk, hem sowgatlyk. Çeper sözüň meýlisinde-de beýik ussadyň şygyrlaryndan okamaga, ol hakda buýsanyp söz açmaga ilgeziksiň. Ýöne, ha ýakyn, ha alys il, parhy ýok, kelam bolup, aýdym bolup, heýkel bolup, beýik Magtymgulynyň özi seniň öňüňden çykar, garşylar... Gahryman Arkadagymyz: «Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýmeýärmi eýsem?!

Pikirler, garaýyşlar

Maulen AŞIMBAÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy:

Adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine tagallalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr» diýip belledi. Aziýa yklymynyň ýüreginde ýerleşýän Merkezi Aziýa döwletleri-de Birleşen Milletler Guramasyny ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply düzüm hökmünde ykrar edip, onuň bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge çalyşýarlar. Soňky günlerde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny amala aşyrmagy hem bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Şu gün bolsa bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysy bilen Aşgabatda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Umuman, şol taryhy senede guramanyň häzirki ähli agzalarynyň 5 göterimine golaýy onuň düzümine birleşdi. Geçen 32 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi bilen str