Guşakly göreşiň geçmişine göz aýlap
Guşakly göreş sportuň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ilkidurmuş adamlarynyň arasyndaky başa-baş tutluşyklar ähli göreşleriň ilkinji başlangyjydyr diýip aýtmaga adamzadyň geçmiş taryhy esas berýär. Şol tutluşyklar asyrlaryň geçmegi, adamlaryň aňynyň ösmegi bilen düzgünleşdirilip, ýagny gazaply düzgünler aradan aýrylyp, umumy göreşleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Dünýäniň dürli künjeklerinden: Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan we Merkezi Amerikadan tapylan gadymy golýazmalar, daşyň ýüzündäki suratlar, sungat ýadygärlikleri bu göreşiň baý we gadymy taryhynyň bardygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Yragyň Bagdat şäherinde guşakly göreş bilen meşgullanýan iki pälwanyň heýkeljiginiň üstünden baryldy. Bu heýkeljik, takmynan, 6 müň ýyl mundan ozal döredilipdir diýlip hasaplanylýar. Her bir halkda bu başa-baş göreşiň öz aýratynlygy bar, ýöne göreş mahalynda bäsdeşleriň guşakdan elini aýyrmazlygy baradaky kada olaryň hemmesine mahsusdyr.