"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly» halkara rallisinde

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly – 2023» halkara rallisindäki çykyşlaryna başladylar. Halkara rallisi 6-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda badalga aldy. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Ýüpek ýoly» rallisiniň şu ýylkysyna milli ekipažlarymyzyň üçüsi gatnaşýar. Bu ralliniň gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» rallisinden alyp gaýdýandygyny bellemelidiris. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm başlangyçlarynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýandygynyň nyşanydyr.

Futbol täzelikleri

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň (MAFA) bilelikde guramagynda ýurdumyzyň futbol tälimçileriniň gatnaşmagynda halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň Köpugurly sport toplumynyň mejlisler zalynda geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmenleri bilen birlikde, MAFA-nyň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy özbegistanly Ruslan Sulaýmanow çykyş etdiler.

Ilkinji duşuşyk, ilkinji ýeňiş

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli ýerli 10 müň orunlyk stadionda ilkinji resmi duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň netijesinde birinji orny eýeleýän «Arkadag» hem-de geçen ýyl futbol çempionatymyzyň ýeňijisi bolan «Ahal» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda netijeli urgularyň üçüsi hasaba alyndy. FIFA-nyň halkara derejeli emini Resul Mämmedowyň eminlik eden duşuşygyndaky ilkinji hüjümler «Ahal» toparynyň derwezesine boldy. «Arkadag» toparynyň hüjümleri esasan sag tarapdan hereket eden Begmyrat Baýowdan geldi. Duşuşygyň birinji ýarymynda esasy ünsi hüjümde jemlän ýerli topardan Abdy Bäşimow bilen Yhlas Saparmämmedowyň hem birnäçe howply pursatlary döredendiklerini bellemek gerek. Duşuşygyň 11-nji minutynda B.Baýowyň kelle bilen jerime meýdançasyna geçiren topuna Y.Saparmämmedow sähel ýetişende hasap açylmalydy. 12-nji minutda Didar Durdyýewiň 20 metr çemesi aralykdan depen topuna «Ahalyň» derwezeçisi Rüstem Ahallyýew kynlyk bilen hem bolsa ýetmegi başardy. 22-nji minutda Şanazar Tirkişowyň golaý aradan aýlawly depen topuna hem şowlulyk ýetmedi. Oýnuň 31-nji minutynda «Ahalyň» garşylyklaýyn hüjümleriniň biri netijä örän ýakyn geldi. Şol pursat Gurbanmuhammet Esenowyň depen topy derwezede gaýmalamalydy. Onuň derwezä gönükdiren topuna derwezeçi Rasul Çaryýew ýetişmedik hem bolsa, ol toparyň goragçys

Bije çekişlik geçiriler

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary geçiriljek bije çekişlikden soň belli bolar.

Dartgynly duşuşyklar

2011-2012-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň sport mekdeplerinden 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Türgenler 10 agram derejesinde çykyş etdiler. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy M.Soltanowyň şägirtleri dürli agramlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň 13-sini eýelemegi başardylar. Şolardan 7-si birinji, 6-sy ikinji orny eýelemegiň hötdesinden geldi. S.Şirow 21 kg-de, A.Koroglyýew 23 kg-de, I.Aliýew 25 kg-de, Ş.Ataýew 30 kg-de, H.Gylyjow 32 kg-de, A.Begimow 36 kg-de, H.Hashojaýew 44 kg-de hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. W.Halmuhammedow, R.Çörliýew, H.Halmuhammedow, A.Nurýagdyýew, D.Annamyradow we S.Durdyýew bolsa ikinji orna mynasyp boldular.

Halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygy

Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebi türkmen türgenleriniň 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek XIX Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegini, ýokary netijelere eýe bolmagyny gazanmak boýunça meýilnamalaýyn işleri alyp barýar. Bu işleriň ulgamlaýyn esasda alnyp barylmagy olaryň has-da netijeliligini üpjün edýär. Sportuň boks görnüşi hem ýokarda ady agzalan ýaryşa gatnaşmak boýunça kesgitlenen görnüşleriň biri bolup durýar. Mekdebimizde boks boýunça 3 tälimçi-mugallym zähmet çekýär. Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndy toparynyň esasy düzümini mekdebimiziň türgenleriniň düzýändigini aýratyn belläp geçmelidiris.

Welaýatlardan habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sanyny artdyrmakda, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýä çekmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sportuň rowaçlanmasy ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny, maksada okgunlylygyny gazanmakda diýseň möhümdir. Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap geňeşiniň hünärmenleri hem etrabyň çäginde geçirilýän sport ýaryşlaryna guramaçylar hökmünde gatnaşýarlar. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere ýörite sylaglary gowşurýarlar. Häzirki wagtda etrabymyzda ýaşlaryň sportuň onlarça görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Taryhda şu gün

Türkmenistanyň birinjiliginden ýeňiş bilen

Mary şäherinde 2008-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýaş gandbolçylary üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda welaýatymyzyň oglanlar topary ikinji orny eýeledi. Olar ýaryşyň ýeňijisi paýtagtly oýunçylardan bary-ýogy iki utuk yza galdylar. Emma olar ýaryşda üçünji orna düşen maryly türgenlerden bolsa 15 utuk tapawut bilen arany açdylar. Welaýatymyzyň oglanlar ýygyndysynyň düzüminde Türkmenabat şäheriniň we Çärjew, Dänew, Köýtendag etraplarynyň türgenleriniň bardygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

Futbol ýaryşy geçirildi

Türkmenabat şäheriniň sport toplumynda 2008 — 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümine bagyşlanyp guralan bu ýaryşa Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň hersinden iki, welaýatymyzdan dört we Daşoguzdan bir topar gatnaşdy. Toparlaryň arasynda guralan duşuşyklar gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Çekeleşikli geçen toparara ýaryşlaryň netijelerine görä, ýarym finalda Türkmenabadyň «Altyn ýyldyz» topary Daşoguzyň «Köpetdag» topary bilen, welaýat merkezimiziň «Nesil» topary bolsa Dänew etrabynyň «Galkynyş» topary bilen duşuşdy. Degişlilikde 1:3 we 4:0 hasabynda tamamlanan bu duşuşyklaryň netijeleri boýunça «Nesil» we «Köpetdag» toparlarynyň oýunçylary finala çykdylar. Final duşuşygynda welaýatymyzyň ýetginjekleri daşoguzly futbolçylary 6:0 hasabynda utup, birinji orny eýelediler.

Ýörite olimpiadanyň şowlulyklary

Lebaply türgenleriň birnäçesi Türkmenistanyň Ýörite olimpiýa Milli merkeziniň ýygyndy toparynyň düzüminde Tomusky Ýörite olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilen olimpiadada türkmen türgenleri sportuň alty görnüşi boýunça ýaryşdylar. Dünýäniň dört gezek çempiony, köpsanly rekordlaryň eýesi, türkmenabatly türgen Babajan Rozyýewiň gazanan üstünligini aýratyn bellemek gerek. Ol 1500 we 3 müň metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşlara daun sindromly ýeke-täk türgen bolup gatnaşdy. Muňa garamazdan, 37 ýaşly türgen 1500 metr aralyga ylgamakda pellehana üçünji bolup geldi, 3 müň metr aralyga geçirilen ýaryşda bolsa ilkinji bäşlige girdi.

Mugallym-türgeniň sport üstünlikleri

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we talyplary diňe bir ylmy ýa-da döredijilik bäsleşiklerinde däl, eýsem, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän iri ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň sport abraýyna abraý goşýarlar. Ýakynda baýry ýokary okuw mekdebimiziň mugallym-öwrenijisi Aziza Nazarowa Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyndan Watanymyza üstünlik bilen gaýdyp geldi. 50 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan mugallym-türgen güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, yklym çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

«Ýüpek ýoly» halkara rallisi badalga aldy

Düýn — 6-njy iýulda Tatarystanyň Müňýyllyk meýdanynda ralliniň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşýan 98 ekipaž ýeňiş üçin 5241 kilometrlik menzili külterlemeli bolar. Şonuň 2277-si tizlikde geçilmeli böleklerdir. Her ýyl geçirilmesi asylly däbe öwrülen «Ýüpek ýoly» rallisi badalga aldy. Öňňin Tatarystanyň sebitlerinde geçirilen synag ýörişleri halkara rallisine gatnaşyjylara öz tehnikalaryny we starta taýýarlyklaryny synamaga mümkinçilik berdi.

Trans­fer tä­ze­lik­le­ri

«Çelsi» ýyldyzlaryny bäsdeşlerine ugratdy «Pre­mi­er Li­ga­da» möw­sü­mi ju­da şow­suz ta­mam­lan «Çel­si» klu­by elin­dä­ki ýyl­dyz­la­ry bi­rin-bi­rin ug­rat­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Köp wagt­dan bä­ri «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len ady ag­zal­ýan Meý­son Maunt hem klub­dan gaý­dan­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 24 ýa­şyn­da­ky haw­bek özü­ni 5 ýyl­lap «Man­çes­ter Ýu­naý­te­de» bag­la­ýan şert­na­ma gol çek­di. «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» to­pa­ry ýa­rym­go­rag­çy­nyň trans­fe­ri üçin «Çel­si» klu­bu­na 55+5 mil­li­on funt ster­ling tö­lär. Ýyl­dyz oýun­çy tä­ze klu­bun­dan hep­de­lik 250-300 müň funt ster­ling hak alar. «Çel­si­de» fut­bo­la baş­lan Maunt «Wi­tes­se» hem-de «Der­bi Ka­un­ti» klub­la­ryn­da kä­ren­de­si­ne çy­kyş et­di. Ol «Çel­si­de» 4 möw­süm­de 195 oýun­da 33 gol ge­çir­di. Maunt Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da-da 36 ge­zek meý­dan­ça çy­kyp, 5 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Meý­son Maunt tä­ze klu­bun­da ozal Jorj Best, Bra­ýan Rob­son, Erik Kan­to­na, De­wid Bek­ham hem-de Kris­tia­no Ro­nal­do ýa­ly ägirt­le­riň, ro­wa­ýa­ty­la­ryň ge­ýen 7-nji bel­gi­li köý­nek­çe­si­ni ge­ýer.

An­çe­lot­ti Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim be­rer

Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si mä­lim edil­di. Dün­ýä Ku­bo­gy­ny iň köp ga­za­nan ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­li­gi­ne ita­li­ýa­ly us­sat hü­när­men Kar­lo An­çe­lot­ti bel­len­di. Ol 2024-nji ýy­lyň tom­sun­dan baş­lap, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim be­rer. Bu ba­ra­da Bra­zi­li­ýa­nyň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ed­nal­do Rod­ri­ges res­mi ýag­daý­da ha­bar ber­di. Ol hä­zir­lik­çe, öňü­miz­dä­ki 1 ýyl to­pa­ra wagt­la­ýyn­ça Fer­nan­do Di­ni­ziň tä­lim ber­jek­di­gi­ni hem bel­läp geç­di. Rod­ri­ges: — Öňü­miz­dä­ki Ko­pa Ame­ri­ka­da An­çe­lot­ti to­pa­ryň tä­lim­çi­si bo­lar. Oňa çen­li bolsa Di­niz to­pa­ra tä­lim be­rer. Ol to­pa­ry An­çe­lot­tiniň tä­lim­çi­li­gi­ne taý­ýar­lar – di­ýip, çy­kyş et­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy soň­ky 3 du­şu­şy­gy­nyň 2-sin­de ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Sam­ba­çy­lar ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ryn­da Ma­rok­ko­dyr Se­ne­gal­dan de­giş­li­lik­de, 2-1 we 4-2 ha­sap­lar bi­len as­gyn ge­lip­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Gwi­ne­ýa­ny bol­sa 4-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di.

Wers­tap­pe­niň yz­ly-yzy­na 5-nji,«Red Bulluň» 10-njy ýeň­şi

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 10-njy ýa­ry­şy Awst­ri­ýa­nyň Spil­berg şä­he­rin­dä­ki «Red Bull Ring» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­lip, soň­ky çem­pi­on ýe­ňiş ga­zan­dy. «Red Bull» to­pa­ry­nyň ni­der­land sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen ýa­ry­şy baş­la­ýşy ýa­ly ta­mam­lap, ol 71 aý­la­wy 1 sa­gat 25 mi­nut 33,607 se­kunt­da geç­me­gi ba­şar­dy. Sprint ýa­ry­şyn­da-da öňe saý­la­nan Wers­tap­pen bas­syr 5-nji, möw­süm­dä­ki 7-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 42-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu ýe­ňiş «Red Bull» to­pa­ry­nyň bas­syr 10-njy, şeý­le-de soň­ky 20 «Gran Pri»-de 19-njy ýe­ňşidir. To­par no­bat­da­ky ýa­ryş­da hem ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­lar. «McLa­ren» to­pa­ry 1988-nji ýyl­da ro­wa­ýa­ty sü­rü­ji­le­ri Aýr­ton Sen­na hem-de Alen Prost bi­len yz­ly-yzy­na 11 ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.

3-nji Ýew­ro­pa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy

Pol­şa­nyň Kra­kow hem-de Ma­lo­pol­ska şä­her­le­rin­de ge­çi­ri­len 3-nji Ýew­ro­pa oýun­la­ry ta­mam­lan­dy. Yk­ly­myň 48 döw­le­tin­den 6 müň 857 tür­ge­niň gat­na­şan oýun­la­ryn­da spor­tuň 29 ug­ry bo­ýun­ça 254 ýa­ryş ge­çi­ril­di. Bu ýa­ry­şyň çä­gin­dä­ki kä­bir sport gör­nüş­le­rin­de ga­za­ny­lan ba­şar­nyk kä­bir tür­gen­le­re gel­jek ýyl Pa­riž­de ge­çi­ril­jek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ma­ga yg­ty­ýar ber­di. Ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da çem­pio­na­tyň bir­nä­çe re­kor­dy tä­ze­len­di. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1-nji or­ny eýe­le­di. Ita­li­ýa­ly tür­gen­ler 35 al­tyn, 26 kü­müş, 39 bü­rünç, je­mi 100 me­dal ga­zan­dy­lar. 2-nji ýe­re 21 al­tyn, 17 kü­müş, 19 bü­rünç, je­mi 57 me­dal ga­za­nan Is­pa­ni­ýa my­na­syp bol­dy. 21 al­tyn me­dal ga­za­nan uk­ra­in­ler is­pan­la­ra ga­ra­nyň­da az­rak kü­müş me­dal ga­za­nyp, 3-nji or­ny eýe­le­di­ler. Olar 12 kü­müş, 8 bü­rünç, je­mi 41 me­da­la eýe­lik et­di­ler. Ger­ma­ni­ýa­dan we­kil­çi­lik eden tür­gen­ler 20 al­tyn, 16 kü­müş, 27 bü­rünç, je­mi 63 me­dal bi­len 4-nji, Fran­si­ýa­nyň tür­gen­le­ri-de 17 al­tyn, 19 kü­müş, 26 bü­rünç, je­mi 62 me­dal bi­len 5-nji or­na my­na­syp bol­du­lar. Ýer eýe­le­ri pol­ýak­lar 13 al­tyn, 19 kü­müş, 18 bü­rünç, je­mi 50 me­dal ga­za­nyp, 6-njy orun­da ta­mam­la­dy­lar. 35 ýur­duň we­ki­li azyn­dan 1 al­tyn, şol san­da 41 ýur­duň tür­g

Tä­lim­çi­le­ri­ni tä­ze­län to­par­lar

PSŽ Lu­is En­ri­ke bi­len yla­laş­dy Kris­tof Gal­tie­ni we­zi­pe­sin­den bo­şa­dan Fran­si­ýa­nyň çem­pio­ny PSŽ-niň tä­ze tä­lim­çi­si bel­li bol­dy. Pa­riž­li­ler is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men Lu­is En­ri­ke­ni tä­lim­çi­li­ge bel­le­di­ler. PSŽ 53 ýa­şyn­da­ky En­ri­ke bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Lu­is En­ri­ke özü­niň tä­ze klu­by bi­len bag­la­ny­şyk­ly: — Pa­riž­dä­ki tä­ze baş­dan ge­çir­mä baş­la­ýan­dy­gym üçin men örän şat. Tä­ze adam­lar bi­len ta­nyş­mak, Pa­riž­de ýa­şa­mak, tä­ze dil öw­ren­mek hem-de PSŽ-niň tä­lim­çi­si bol­mak me­ni tol­gun­dyr­ýar — diý­di. «Ro­ma», «Sel­ta», «Bar­se­lo­na» klub­la­ry­na tä­lim be­ren Lu­is En­ri­ke soň­ky ge­zek Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim be­rip­di.

Neý­ma­ra 3,5 mil­li­on dol­lar­lyk je­ri­me sa­lyn­dy

PSŽ to­pa­ry­nyň bra­zi­li­ýa­ly su­per ýyl­dy­zy Neý­mar agyr je­ri­mä se­ze­war bol­dy. Oňa ýur­dy Bra­zi­li­ýa­da­ky mülk ýe­rin­de daş­ky gur­şa­wy bo­zan­dy­gy üçin 3,5 mil­li­on dol­lar­lyk je­ri­me sa­lyn­dy. Ol öz mülk ýe­rin­de eme­li köl dö­re­dip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň düz­gün­le­ri­niň 4-si­ni bo­zup­dyr. Ýag­ny oňa daş­ky gur­şa­wa de­giş­li iş­le­riň rug­sat­syz edil­me­gi, der­ýa­nyň su­wu­nyň bi­rug­sat alyn­ma­gy hem-de ug­ru­nyň üýt­ge­dil­me­gi, şeý­le-de, ýe­riň ga­zy­lyp, ösüm­lik­le­riň üýt­ge­dil­me­gi ýa­ly eden bi­düz­gün­çi­lik­le­ri üçin agyr je­ri­me sa­lyn­dy. Se­bi­tiň ge­ňe­şi je­ri­mä­niň tas­syk­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Neý­ma­ryň mülk ýe­ri Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­ne 130 ki­lo­metr daş­lyk­da­ky sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Neý­ma­ryň bu mülk ýe­rin­de eme­li köl­den baş­ga-da, di­ku­çar üçin ýö­ri­te meý­dan­ça, ýü­züş how­zy, SPA hem-de ki­çeň­räk sport za­ly bar.

136-njy «Wimb­le­don» ten­nis ýa­ry­şy

Hep­dä­niň du­şen­be gü­ni, has ta­ky­gy, 3-nji iýul­da möw­sü­miň 3-nji «Uly tu­wul­ga­sy» bo­lan «Wimb­le­don» ten­nis bäs­le­şi­gi­ne ba­dal­ga be­ril­di. Lon­do­nyň Wimb­le­don diý­len ýe­rin­de gu­ral­ýan ýa­ryş 136-njy ge­zek ge­çi­ril­ýär. 16-njy iýu­la çen­li do­wam et­jek bäs­le­şi­giň umu­my baý­rak gaz­na­sy 44,7 mil­liard funt ster­lin­ge deň bo­lup, ýe­ňi­ji­le­re – er­kek­dir ze­nan­la­ryň ara­syn­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan­la­ra aý­ra­tyn­lyk­da, 2,35 mil­li­on funt ster­ling pul baý­ra­gy ber­ler. Il­kin­ji ge­zek 1877-nji ýyl­da ge­çi­ri­len «Wimb­le­don» dün­ýä­niň iň ga­dy­my ten­nis bäs­le­şi­gi ha­sap­lan­ýar. «All Eng­land Lawn Ten­nis and Croquet Club» at­ly klub ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan «Wimb­le­don» bäs­le­şi­gi beý­le­ki «Uly tu­wul­ga­lar­dan» kä­bir zat­lar­da ta­pa­wut­lan­dy­ryl­ýar. «Wimb­le­don»-yň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy du­şu­şyk­la­ryň ýa­şyl ot­ly kort­lar­da ge­çi­ril­me­gi­dir. Şeý­le-de, ýa­ry­şyň kä­bir öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lup, go­ýy ýa­şyl hem-de be­new­şe reňk­ler bäs­le­şi­giň res­mi reň­ki ha­sap­lan­ýar (1909-njy ýyl­dan bä­ri). Kort­la­ryň ar­ka­syn­da­ky skor­bor­duň reň­ki-de go­ýy ýa­şyl bol­ma­ly edi­lip, ol ýa­ry­şyň düz­gün­le­ri­niň bi­ri­dir. Edil ýa­zyl­gy bol­ma­sa-da ten­nis­çi­le­riň ak eşik­de bol­ma­gy zerur­dyr. Şol san­da ten­nis­çi­ler du­şu­şy­ga çy­kan­da, du­şu­şyk ta­mam­la­nan­da ýö­ri­te pro­