Dünýäde abraýy artýan diýarym
Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara derejesindäki dürli çäreleriň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» ady bilen ýakynda ýokary derejede geçirilen halkara ylmy maslahat hem ýurdumyzyň abraýyny artdyran şeýle çäreleriň biri boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary, şeýle hem bilim, sport ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler bilen halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri üpjün eden bu halkara forum Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dost-doganlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny ýene bir ýola subut eden, kalbymyzda buýsanç duýgularyny artdyran wakadyr. Oňa Russiýa Federasiýasyndan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlaryň, ylymlaryň doktorlarynyň, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary, olaryň türkmen Lideriniň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha bermekleri ýurdumyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň abraý-mertebesiniň dünýäde uly ykrarnama eýediginiň nobatdaky subu