Halypalar öň hatarda
29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli sport ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşandyny goşan tälimçidir hünärmenlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýerde ilki bilen Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sportuň ýokary depginler bilen ösdürilýän ýurduna öwrülen eziz Diýarymyzda gaýtadan dikeldilen halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler, taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan iri sport wakalary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Biziň türgenlerimiziň ezberligi, çeýeligi, çalasynlygy, maksadaokgunlylygy, ata Watana bolan çäksiz söýgüsi abraýly ýaryşlarda aýdyň ýüze çykýar.