"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport, sagdyn durmuş ýörelgesi – rowaçlyklara badalga

Ynsan durmuşynyň baş gözelliginiň saglykda, sagdynlykda jemlenendigi asyrlarboýy ykrar edilip gelinýän we hemmelere aýan hakykatdyr. Halkyň saglygyny goramakda taýsyz tagallalaryň edilýän, beýik işleriň durmuşa geçirilýän, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynda esasy ugurlar bolup durýan ýurduň diňe ösüşlere beslenýändigi, barha beýgelmek bilen bolýandygy hem inkär edip bolmajak hakykatdyr. «Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlary hökmünde welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda häzirki zaman kliniki we ylmy-kliniki merkezler, Olimpiýa şäherçesi, köpugurly sport toplumlary, döwrebap stadionlar gurlup, häzirki zaman düzümleri döredildi. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde baý tejribe toplandy» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hut şeýle ýurtdygyny, onda-da bu babatda dünýäde nusgalyk derejä ýeten ýurtdygyny uly buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.

Baýramçylyk bäsleşikleri

ýurdumyzyň harby türgenleriniň ussatlygyny görkezdi Pederlerimiziň merdi-merdanalyga, gujur-gaýrata beslenen şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Watan goragçylary ýurdumyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň goragynda durup, eziz Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji şanly senesiniň — Watan goragçylarynyň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi, tapawutlanan harby gullukçylara döwlet sylaglarynyňdyr hormatly atlaryň dakylmagy merdana ýurt goragçylarynyň göwünlerini galkyndyrdy. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy her bir raýatyň ýüreginde buýsanç hem guwanç duýgularyny oýardy.

Taryhy çözgütleriň ähmiýeti

Her bir güni toýlara, baýramlara beslenýän Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen giren ajaýyp waka – Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbidine gönükdirilen möhüm çözgütleri özünde jemledi. Halkymyzyň göwün islegi hem-de hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenildi. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi bolsa ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen amal edilen beýik tutumlar döwletimizi, Garaşsyz Watanymyzy şu günki taryhy sepgitlere ýetirdi, eziz Diýarymyzy dünýä tanatdy. Watanymyzyň abraýyny äleme ýaýan şeýle beýik işleriň hatarynda sport ulgamynyň okgunly ösüşini hem görkezmelidiris. Türkmenistanly türgeniň olimpiýa medalyny eýelemegi, watandaşlarymyzyň iň iri ýaryşlardan, dünýä we Aziýa çempionatlaryndan medally dolanmaklary bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolmagy hem Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr. 2017-nji ýylda diýseň ýokary guramaçylyk derejesi bilen dünýäni haýrana goýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça

Ýaş küştçüler ýurdumyzyň çempionatynda

Aşgabat şäherinde 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Çekeleşikli duşuşyklar ýeňşe dalaşgärleriň az däldigini aýan etdi. Iň gowy netijä eýelik etmek, garaşylyşy ýaly, Azat Nurmämmedowa miýesser etdi. Ol mümkin bolan

Wagyz-nesihat duşuşygy

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Gyşky oýunlar sport toplumy Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideriniň – Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň ähmiýeti giňden wagyz edildi. Ilki bilen Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, ýurdumyzyň at gazanan oba hojalyk işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Rejepmyrat Allaberdiýewiň çykyşy diňlenildi. Ol halkymyzyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenilmeginiň taryhy ähmiýetinden söz açdy. Çykyşda bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegi bütin halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.

Watanyň buýsanjy, halkyň guwanjy

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl taryhy hem-de şanly wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem aýdyň subutnama boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bu ählihalk forumynda öz beýanyny tapan taryhy çözgütler bolup, olaryň bagtyýar halkymyzyň kalplarynda çäksiz hoşallyk döredendigini, ýyly turuwbaşdan taryhy özgertmelere besländigini bellemek diýseň ýakymlydyr.

Şa serpaýly türgenler

Gurultaýda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan guramanyň öňdebaryjy agzalaryna sowgatlar gowşuryldy. Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary Alp Arslan Begenjow bilen Parahat Ataýew hem bar. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Alp Arslan Begenjow birnäçe ýyl bäri dünýäniň dürli künjeklerinde erkin göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan ýeňişleri bilen Watanymyzyň sport abraýyna abraý goşup gelýär. Ýaş pälwan geçen ýyl hem uly üstünlikleri bilen sport muşdaklaryny begendirmegi başardy. Maý aýynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky erkin göreş boýunça ýaryşda 65 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Alp Arslan garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy. Şol ýaryşyň yzysüre, has takygy 19 — 26-njy iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda-da şol agram derejesinde ýeňiji bolmagy başardy. Şol ýaryşda ýaş olimpçileriň ýene biri hormat münberine çykmagyň hötdesinden geldi. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy 80 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Ykbal özgerdiji çözgütler

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem şol taryhy wakalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, kanuny taýdan ykrar edilmegi bilen taryha altyn harplar bilen ýazlylan bu mejlis halkymyzyň hem-de döwletimiziň durmuşynda ykbal özgerdiji şanly waka bolup dabaralandy.

Çekeleşikli tutluşyklar

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan meýilnamasy esasynda geçirilýän dürli ýaryşlar täze zehinleri, täze ussatlary ýüze çykarýar. Bu türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem şeýle boldy. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ussat tälimçisi Nuraly Lollykowyň bellemegine görä, milli göreş boýunça 62 kg we 68 kg agramdaky tutluşyklar garaşylmadyk netije berdi. Ýagny şeýle derejeli ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, öz tutluşyklarynyň dowamynda adygan pälwanlardan hem üstün çykan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndan Merdan Wepaýew (62 kg) hem-de Lebap welaýatyndan Gylyç Gylyjow (68 kg) çykyş eden agramlarynda güýçlüdiklerini görkezmegi başardylar. Beýleki agramlarda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Mämmedowyň, Amanmuhammet Batyrowyň, tälimçi Nuraly Lollykowyň şägirtleri öňdeligi eýelediler. Ýagny Hojamuhammet Suhanow (57 kg), Gurbangeldi Gurbangeldiýew (75 kg),

Paýtagtyň birinjiligi

Golaýda 64 öýjükli şaşka boýunça 14 we 18 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen ýaryşa şaşkaçy oglanlaryň 38-si, gyzlaryň 28-si gatnaşdy. Ýaryş 2 toparda oglanlaryň we 2 toparda gyzlaryň arasynda Halkara şaşka federasiýasynyň düzgünlerine laýyklykda geçirildi.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebinde 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda woleýbol boýunça Mary welaýatynyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa Sakarçäge, Murgap, Türkmengala etraplarynyň, Mary şäheriniň sport mekdepleriniň türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň topary birinji, Murgap etrabynyň sport mekdebiniň topary ikinji, Murgap etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport kluby hakynda Birkysmy düzgünnama

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 137-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy I bap. Umumy düzgünler

Sagdyn durmuşyň seresi

Bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde-de adamyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ynsan saglygynyň döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygyna deňelýän ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde adamyň durmuşy bedenterbiýe we sport bilen berk baglanyşyklydyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ynsanyň diňe bir beden we ruhy taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň işe ukyplylygyna we durmuş işjeňligine-de oňaýly täsirini ýetirýär. Beden işjeňligi bilen yzygiderli meşgullanýan adamlar özlerinde tutanýerlilik, zähmetsöýerlik, erjellik ýaly häsiýetleri terbiýeläp, islendik işde üstünlik gazanmaga ukyply bolýar.

Milli göreş – halkymyzyň buýsanjy

Bu gün Watanymyzda gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däpleriň we dessurlaryň täzeden dikeldilmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň dabaralanmagyna, milli sport görnüşleriniň ähmiýetine uly üns berilýär. Türkmen milli göreşi hem halkymyzyň milli mirasynyň bir bölegidir. Şol sebäpden hem, biz şu ýazgymyzda toýlarymyzyň bezegi bolan türkmen milli göreşiniň ähmiýetinden söz açmagy makul bildik. Türkmen milli göreşi bilen meşgullanýan pälwanlar alyş, kuraş, guşakly göreş, şeýle-de başa-baş tutluşyklaryň beýleki görnüşleri boýunça tutluşmaga-da ökde hasaplanýar. Aslynda bu göreş ynsanyň saglygyny, gözelligini, kanagatlylygyny, güýjüni, eserdeňligini, ünslüligini we maksadaokgunlylygyny ösdürýär.

Spartakiada dowam edýär

Sişenbe güni «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadanyň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasyndaky futzal bäsleşigi tamamlandy. Ýaryşa ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň ýigrimisi gatnaşdy. Toparçalaryň biriniň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, beýlekisiniň oýunlary bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýaýbaňlandyryldy. Her toparçadan iki topar ýaryşyň ýarym finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

halkara ýaryşlarynda

Şu günler türkmenistanly türgenler abraýly halkara ýaryşlardaky çykyşlaryny dowam etdirýärler. Golaýda olimpiýa ýollanmasyny gazanmak üçin zerur utuklary toplamaga mümkinçilik berýän Portugaliýanyň Gran-Pri ýaryşynda çykyş eden türkmenistanly dzýudoçylar şu gün Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga beriljek «Uly Tuwalga» ýaryşyna gatnaşarlar. Bu ýaryşda ildeşlerimiz Aýbek Ömirow bilen Hakberdi Jumaýewiň 60 kilograma çenli agram derejesinde, Serdar Rahymowyň hem-de Hekim Agamämmedowyň 66 kg-de, Parahat Nazarowyň 73 kg-de, Şatlyk Seýitmyradowyň bolsa 87 kg agramda olimpiýa utuklary ugrunda göreş alyp barmagyna garaşylýar. Aksoltan Hojageldiýewa bilen Kurbanaý Kurbanowa 48 kg-de göreş düşekçesine çykar. 57 kg-de Maýsa Pardaýewa göreşse, 63 kg-de Zülhumar Daşkinowa ussatlygyny görkezer. Bularyň ählisi hem Halkara Dzýudo federasiýasynyň reýtinginden orunlaryny tapan ussatlardyr.

Taryhda şu gün

Bu Oýunlara 37 döwlete wekilçilik eden türgenleriň 1123-siniň (892 erkek, 231 zenan) gatnaşandygyny bellemek gerek. 4 –15-nji fewral aralygynda geçirilen gyşky Oýunlarda sportuň 10 görnüşi (biatlon, bobsleý, dag lyžasy, konkili we sanili sport, lyžada typmak, ikileme, tramplinden lyžada bökmek, figuralaýyn typmak, hokkeý) boýunça medal sanawynyň 37-si ugrunda bäsleşikler geçirildi. Türgenleri şowly çykyş eden öňki soýuzyň ýygyndy topary medal sanawynda öňdäki orny eýeledi (13 altyn, 6 kümüş, 8 bürünç).

Taekwondo – terbiýe mekdebi

Taekwondo dünýäde meşhur gadymy koreý söweş sungatydyr. Bu söweş sungatynyň Ýer ýüzündäki muşdaklarynyň sany 50 milliondan geçýär. Koreýanyň ussatlarynyň türgenleşikleriň gadymy usullaryny we tärlerini häzirki zaman sportunyň meýilleri bilen utgaşdyrmaklary bu görnüşiň meşhurlygynyň esasy sebäbi bolup durýar. Adamda fiziki, psihiki, ruhy hem-de ahlak başlangyçlarynyň sazlaşygyny gazanmak taekwondony öwrenmegiň we türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Irki döwürlerden bäri bu maksat musul, mue hem-de do ýörelgelerinde kesgitlenýär.

Futzal bäsleşigi

Ýakynda Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkan welaýatynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparlaryň arasynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli futzal boýunça ýaryş geçirildi. Ýokary guramaçylykly we çekeleşikli geçen ýaryşda TIIM-niň Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň «Galkan», TMHM-niň Balkan welaýat milli howpsuzlyk müdirliginiň topary, Balkan welaýat adalat bölüminiň «Adalat» toparlary degişlilikde öňdäki orunlary eýelediler. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Döwletli ýörelgeleriň dabaralanmasy

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky iň wajyp meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözendiklerini görmek bolýar. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi hem halk häkimiýetlilik däpleriniň täze taryhy eýýamda özboluşly many-mazmuna eýe bolýandygyny tassyklady. Umumymilli foruma Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz çykyş edip, ýurdumyzyň ýaşulularynyň we ýaşaýjylarynyň adyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hem-de Esasy Kanuna üýtgetmeleri girizmek başlangyjynyň doly goldanylýandygyny aýtdylar. Çykyş edenler dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklibi öňe sürdüler. Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek baradaky te