Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Ýeken

Amyderýanyň iki kenarynda hem iň köp düş gelýän ýeken ösümliginiň örän gadymydygyny aýdýarlar. Rowaýatlara görä, Orta Aziýa ýöriş eden Aleksandr Makedonskiý goşunlary bilen Jeýhunyň kenarynda birnäçe günläp saklanýar. Şol wagtlar «Oks» diýlip atlandyrylan bu çalt akýan derýadan ýüzüp geçmek aňsat bolmandyr. Şonuň üçin Aleksandr öz akyldarlarynyň maslahat bermegi bilen, derýanyň kenarynda ösüp oturan ýekenleri orduryp, soňra olary Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda goýup guratdyrypdyr. Iki-üç günden soň guran ýekenleri bogup alaga-da, suwa taşlap görüpdir. Boglan ýeken hatda üstünden bassalar-da, suwa çümmändir. Şundan soň Aleksandr esgerlerine goltugyna bir bogy ýekeni alyp, derýadan ýüzüp geçmäge buýruk beripdir. Atlaryň hem her tarapyna berk daňlan ýeken bogulary olaryň ýeňil ýüzmegini üpjün edipdir. Şonda Aleksandr özüne kömek eden bu ösümligiň birnäçe düýbüni köki bilen goparyp alaga-da, öz ýurdunda ekmegi egindeşlerine tabşyrypdyr. Şundan görnüşi ýaly, ugruny bilseň, her bir ot-çöpüň, ösümligiň ynsana bähbitli tarapy kän. Ata-babalarymyz ýeken ösümliginden örän köp ýerde peýdalanmagy başarypdyrlar. Ilki bilen, ýekeniň boýy 1,5-2 metre ýetenden ony orup, kölegede goýupdyrlar we çala guran badyna dürli ölçegdäki ýeken düşeklerini örüpdirler. Göçüp-gonýan çarwalar bu düşekleri aýratyn gowy görüpdir. Sebäbi olaryň agramy juda ýeňil eken. Gerekmejek wagty togalap, düýrläp goýsaň,

Tebigatymyzyň gözelligini goralyň!

Mähriban çagalar! Ýurdumyzyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri tokaý seýilgäh zolaklarydyr. Tokaý seýilgäh zolaklary Ýer togalagynyň howasyny arassalaýar. Sebäbi kislorodyň altmyş göterimi tokaý seýilgäh zolaklarynyň baglaryndan emele gelýär. Tokaý dünýäniň ähli ýurtlarynyň halk hojalyklarynyň aglaba pudaklarynyň çig mal alýan ýaşyl hazynasydyr. Emma gynansagam, tokaý seýilgäh zolaklarynyň bir howply garşydaşy bar, ol bolsa ýangyn howpudyr. Köp ýyllaryň dowamynda gözel tebigatymyz tarapyndan emele gelen ýa-da zähmetsöýer raýatlarymyzyň azaby bilen döredilen tokaý seýilgäh zolaklary ýangyn howpundan heläk bolup bilýändigini unutmaly däldiris.

Telekeçiligi düzgünleşdirmegiň hukuk esaslary

Ýurdumyzda telekeçilik işini amala aşyrmaga bolan hukuk kepillikleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda berkidilendir. Esasy Kanunymyzyň bu maddasynda: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýlip bellenilýär. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 2-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş telekeçilik işi hasaplanýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksinde fiziki şahslaryň ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuklary kepillendirilýär. «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda telekeçilik düşünjesine kesgitleme berilýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasynda: «telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) — munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hem-de töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň — kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir» diýlip bellenilendir. Bu Kanunyň 3-nji maddasyna laýyklykda, fiziki şahslar telekeçiligiň subýektleri hökmünde ykrar edilýärler.

Tebigat — biziň öýümiz

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň ajaýyp tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy üçin durmuşa geçirilýän işler raýatlarymyzyň tebigata ünsli çemeleşmek medeniýetini has-da kämilleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tagallalary esasynda 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda tebigaty goramagyň, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň, hojalyklarda önümçilik we beýleki işler geçirilende, tebigata zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Kanunyň 9-njy maddasynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň tebigy serişdelerden peýdalanmaga, daşky gurşawa degişli meseleler boýunça şikaýatlar, arzalar we teklipler bilen döwlet edaralaryna we guramalaryna, şeýle hem bozulan ekologik hukuklarynyň goragyny üpjün etmek üçin kazyýet edaralaryna ýüz tutmaga hukuklary bardyr. Şol bir wagtda hem Kanunda kesgitlenilişi ýaly, biziň her birimiz tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge, ýurdumyzyň tebigaty goramak babatdaky kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr.

Çomuç — peýdaly ösümlik

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen sährasynyň gözel ýerleriniň, onuň ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin hem örän ähmiýetlidigini belleýär. Ýaz aýlary çölde ösüp ýetişýän çomuç hem peýdaly ösümlik bolup, ilki agyr, gurandan soňra ýeňil häsiýete eýe bolýar. Ene-mamalarymyz çomujy gaýnadyp, süýji çomuç edýärler. Ony gatamanka, çigligine çeýneseň, gaýnadylan toşabyny içseň, köp kesele em bolýar.

Bahar atly suratkeş

Pasyllaryň soltany bahar özüniň täsinlikleri bilen kalplarymyzy joşa getirýär. Bu pasylda Ýer ýüzünde täzeleniş bolup geçýär, janly-jandarlar gyş ukusyndan oýanýar. Daglarda, düzlerde, sähralarda gök otlar, gül-gülälekler gögerip, daýhanlarymyz ekişe girişýärler. Pyntyk ýaran baglarda guşlaryň jürküldeşip, ýaz paslynyň gelendigini buşlaýan sesleri döredijilik adamlaryna aýratyn uly  täsir edýär. Olaryň täze-täze eserleri döretmegine itergi berýär. Baharyň giň jahany täze, açyk-aýdyň reňkler bilen boýaşyna haýran galýarsyň. Ol reňkler kalbyňda arassa, tämiz duýgulary oýarýar. Reňkler dünýäsi meni durkum-düýrmegim bilen özüne çekýär. Reňkleriň hem öz sesi bar, olaryň her haýsy bir mana eýe. Reňkleriň bir-birine sazlaşyp, täze, owadan öwüşgine geçişi, baharyň döredýän gözellikleri, tebigata müň öwüşginli reňkleri çaýyşy ylham joşgunyňy artdyrýar. Asmana garanymyzda, açyk dury gök reňki görýäris. Bu reňk kalbyňda rahatlyk duýgusyny döredýär, şeýle hem uç-gyraksyz gök deňzi ýatladýar. Tebigatyň ýüzi pasylma-pasyl dürli reňkler bilen üýtgeýär. Asmandaky ak bulutlar ak pamyk ýaly owadan, özüne çekiji, ýumşajyk per ýassyk ýaly. Bulutlaryň üýtgäp durýan şekilleri üýtgeşik bir erteki gürrüň berýän ýaly görünýär. Ol täze eserleri döretmäge ylham berýär.

Ak sazakly meýdanlar

Daşky gurşawyň, tebigatyň abadançylygyny gazanmak halkymyzyň gadymdan gelýän ajaýyp däbi bolup, bu peder ýoluny ynamly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen Garagum sährasynyň ýaraşygy bolan çöl ösümliklerini gorap saklamakda, olary köpeltmekde, ylmy taýdan has içgin öwrenmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arzylaýan şeýle çöl ösümlikleriniň biri-de sazakdyr. Köpýyllyk ösümlik bolan sazaklar çäge süýşmeginiň öňüni almakda, haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagynda örän uly ähmiýete eýedir. Çöl şertlerinde ösüp ýetişýän sazagy bu gün ýurdumyzda medeni zolaklara golaý ýerlerde, awtoulag we demir ýollaryna golaý meýdanlarda ösdürip ýetişdirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ugrundaky çäge süýşýän ýerlerde sazak ekilýän meýdanlary göreniňde, dogrusyny aýtsak, kalbyňy ýakymly duýgy gurşap alýar. Şeýle möhüm hem sogap işe Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň hünärmenleriniň hem saldamly goşant goşýandyklaryny bellemek gerek. Olar her ýyl öz agzalaryna, şeýle hem bag ekmäge isleg bildirýän höwesjeň adamlara bermek üçin pürli we ýaprakly bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni taýýarlaýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem tuýanyň we tut

Tutanýerliligiň daşy

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Ak oniks. Süýt reňkli mineralyň bir görnüşi. Bu daş, köplenç, şaý-seplerde ulanylýar. Onuň süýt reňki ünsüňi çekýär we ol gymmat bahaly daşlar bilen gowy sazlaşýar. Ak oniks sazlaşygyň we deňagramlylygyň nyşany hasaplanýar, duýgurlygyňy güýçlendirýär. Mineral sazlaşygy tapmaga ýardam edýär we dartgynlylygy aýyrýar.

Garagumuň sy­ýa­hat­çy­lykdaky äh­mi­ýe­ti

Diýarymyzyň çar künjegini bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli özgertmeleri netijesinde ekologiýa syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň tebigatyny goramak, daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmek, bioköpdürlüligi mundan beýläk-de baýlaşdyrmak we erkin syýahatçylyk zolagyny döretmek babatynda geljegi uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa syýahaty — bu başlangyç durkuny ýitirmedik ýa-da emeli döredilen täsin tebigy gözel ýerlere syýahat etmekdir. Ekologiýa syýahatynyň ýa-da ekosyýahatyň daşky gurşawyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamakda uly orny bar. Syýahatyň bu görnüşiniň beýlekilerden, esasan, üç aýratynlygy bar. Ilkinji nobatda, tebigaty öwrenmek, ýagny, ýurduň ýa-da şäheriň geografiki ýerleşýän ýerine baglylykda, tebigatyň aýratynlygyny öwretmek. Ikinjiden, ekoulgamy gorap saklamak — tebigatda ýitip, ýok bolup barýan ösümlikleriň we haýwanlaryň ýaşaýyş şertlerine syn etmek bilen, syýahatçylary şol çärelere gatnaşdyrmak. Üçünjisi bolsa, ýerli halkyň bähbitlerine hormat goýmak bilen, olaryň işlerine giň gerim bermek üçin ykdysady taýdan goldamak. Ekosyýahatyň esasy görnüşlerine ylmy syýahat, taryhy, tebigy ýerlere syýahat, gyzykly gezelençli syýahat (welosipedli we pyýada), goraghanalara we tokaý parklaryna syýahat degişlidir. Ekosyýahata biziň ýurdumyzd

Ýyl­gy­nyň gym­ma­ty we peý­da­sy

Güneşli Diýarymyzyň tebigatyna aýratyn görk berýän, özboluşly tokaýlygy döredýän gyrymsy agaçlaryň biri hem ýylgyndyr. Ýylgynlar gülleýän wagtlary töwerege üýtgeşik gelşik berýärler. Ene-mamalarymyz tamdyrlaryň daşyny ýylgyn pürleri bilen garylan palçyk bilen suwapdyrlar. Il içinde ýylgyn pürleri bilen tamdyr suwalanda tamdyryň gyzgynlygynyň gowy saklanýandygy, ýapylan çörekleriň owadan bolup bişýändigi aýdylýar. Häli-häzirlerem uzak ýola gidilende, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasynyň jümmüşindäki ençeme ýyllarboýy ösüp oturan ýylgynlary görüp bolýar. Ol ýylgynlar obamyzda gelin-gyzlaryň, ene-mamalarymyzyň ulanan saýgyçlaryny ýadyňa salýar. Ulugyz döwürlerimizde üýşüp keçe basardyk. Bu iş obamyzda gadymdan gelýän däpdi. Keçe basmak üçin gerekli ýüňleri taýýarlamakda gyzyl ýylgynyň çybygyny saýlap alyp, saýgyç ýasaýardylar. Ol juda berk bolýardy. Eger ýylgyn düwünli bolsa, ony päki bilen kesip, tekizleýärdiler.

Suw ses­le­ner ga­myş bi­len

Ýurdumyzyň ähli ýerinde haşal ot hökmünde ýaýran gamşyň biziň ýurdumyzda 3 görnüşi ösýär. Olar gargy gamşy, suw gamşy, tirjin ýa-da hyşa diýlip atlandyrylýan gamyşlardyr. Gamyşlar gurak, suwly, şonuň ýaly-da, dürli ýerlerde toprak dannaman ösüp bilýän hem bolsalar, suwly ýerlerde olaryň boý alşy has üýtgeşik bolýar. Suwsuz ýerlerde olaryň boý alşy kadaly bolmaýar. Suwly ýerlerde olar ok geçmez jeňňelliklere öwrülip gidýär. Şemal öwsende, şol gamyşlar özboluşly ses çykarýarlar. Magtymgulynyň «Suw seslener gamyş bilen» diýmesi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Öýlänçi

Biz şu gürrüňimizde türkmeniň tebigatynyň ýylyň belli bir paslynyň belli bir günlerinde ýylyň-ýylyna gaýtalanyp durýan bir aýratynlygy hakynda aýtmagy göz öňünde tutanam bolsak, onuň hörpi halkymyzyň özi hem milli mirasy hakdaky gürrüňe ýazasy gelip dur. Hawa, gürrüň öýlänçi hakynda bolar. Aýdym kybap ýaňlanýan bu söze “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” şeýle düşündiriş berilýär: “1.Öýle wagtlary ýagyp, derrew hem diňýän güýçli ýagyş”. Bu sözüň ýene bir manysy bar. Ol günortan başlanýan okuwa, işe we ş.m. gidýänleri aňladýar. Ýöne biziň gürrüňimiz sözüň birinji manysy hakynda.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27 gradus maýyl bolar.

Bagy-bossan Diýarym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler pederlerimizden miras galan asylly ýörelgeleriň dowamat-dowama beslenýändigi bilen buýsandyrýar. Tutuşlygyna ýaşyl meýdana bürenen owadan ýurdumyzyň bagy-bossanlygyny synlanyňda, Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Heňňamlaryň tejribesi adam üçin ýaradylan dünýäniň mazmunyny baýlaşdyrdy. Onuň has aýdyň hem-de ýürege ýakyn duýulmagyndan Ýer ýüzünde gatnaşyklaryň düýpgöter täze hili döredi. Ol hem ýaşaýyşdaky anyk maksada düşünmegiň umumylygyna esaslanyp, onuň öňden kemala gelen bitewi tertibi, sazlaşyklylygy babatdaky garaýyşlarymyzda ýüze çykýar. Çünki ýaşamak diýmek, özüňden soň tebigatyň hem-de daşky gurşawyň bir durkunyň saklanmagy babatda aladalanylmagyny hem aňladýar» diýen sözleri hakydaňa dolýar. Bu sözler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň we wezipeleriniň milli medeniýetimiz, halkymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklarymyz bilen sazlaşykly utgaşýandygyna ünsi çekýär.

Baharda çyksaň seýrana...

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyna döredijilik saparymyzyň ýaz paslyna gabat gelmegine az begenmedik. Baharda bu mekanyň has gözel keşbe girýändigini eşiden bolsak-da, edil ýaza gabatlap baryp görmändik. «Bu ýyl, tüweleme, ýagyş kemini goýman ýagdy. Diýmek, meýdan otlary, gül-gülälekler «gulagyndan çekilen ýaly» bolup, Bathyz düzlügini läle-reýhan edendir» diýen oý-hyýallary serimizde aýlap, fotohabarçy Meretdurdy Rozyýew bilen Sarahs etrabyna tarap ýola düşdük. Maksadymyz ilki bu toprakdaky taryhy hem keramatly ýerlere zyýarat edip, soňra Bathyz düzlüginiň gözel ýerlerine aýlanmakdy. Bu şeýle-de boldy. Ilki zyýarat...

«Pasly baharlarda seýrana çyksaň...»

­­Baharyň bolmajysy bolýan döwri gojaman Köpetdagyň belent gerişlerindäki gunduz kimin ak garlara seretmezden, seni dag eteklerine, sähra düzlerine seýrana çagyrýar. Ösümlikleriň, gyş ukusyndan oýanan mör-möjejikleriň, öz dillerinde saýraşýan guşlaryň ýaz paslynyň jana şypaly howasyndan kuwwatlanýan döwri. Baharyň günbatardan ösýän mymyk şemalyna ygşyldap, tolkun atýan, ak, gyrmyzy, sary gülleri, burk urýan ysyny dumly-duşa ýaýradyp, seriňi joşdurýan bolsa, gülden-güle uçup-gonup ýören erkana kebelekler, saýraşýan guşlaryň owazlary üýtgeşik bir joşguny — şatlyk duýgusyny oýaryp, durşy bilen kalbyňa siňip gidýär. Gözbaşyny dagyň belent gerişlerinden alan çeşmeleriň şildiräp akýan täsin owazy-da, göwünleri galkyndyrýar. Arykdan akýan durna göz suwuň yzgaryndan nem alan topragyň ysy burk urýar. «Toprak — ene, suw — ata» diýilmeginiňem özüne ýeterlik manysy bar bolmaga çemeli. «Dogrudyr, toprak mes bolany bilenem, suw bolmasa, hasyl alyp bilmersiň» diýip, öz-özüňe teselli berersiň.

Repetek — gözelligiň bir ülşi

Ymgyr Garagumuň bu täsin künjegi sazak tokaýlyklary, biri-birine utgaşyp gidýän gum ulgamlary, dürli janly-jandarlary, özboluşly howasy bilen tapawutlanýar. Biz bu ýeriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri toplumlaýyn esasda alyp barýarys. Geçirilýän işleriň netijeleri bolsa her ýylyň jemi boýunça düzülýän tebigatyň ýyl ýazgylarynda jikme-jik beýan edilýär. Bu ugurdan soňky alyp baran işlerimiziň maglumatlaryna görä, goraghanamyzyň çäklerinde ösümlikleriň 125 görnüşi bolup, olaryň 76-synyň birýyllyk ösümliklerdigi bellenildi. Şolaryň arasynda bu çäkleriň bezegi, dürli guşlaryň we haýwanlaryň mesgeni bolan ojar tokaýlyklary agdyklyk edýär. Bu täsin tokaýlyklaryň ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, nahalhanalarymyzda sazakdyr sözen ýaly çöl ösümlikleri tohumlaryndan köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň ýaş nahallary ösümlikleriň seýrek ýerlerine, ýollaryň iki gyrasyna oturdylýar.

Torsuk

Biziň güneşli ülkämiz haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi boýunça Ýer ýüzünde iň baý döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyzda goraghanalaryň 9-sy bolup, şolaryň 3-si biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Olar barada biziň muzeýimizde giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilen. Muzeýimiziň tebigat zalynda Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly dioramasynda süýdemdirijiler barada dürli maglumatlar berilýär. Şolardan samyrlar maşgalasyna degişli ýyrtyjy süýdemdiriji haýwanlaryň bir görnüşi torsuklardyr. Onuň bedeniniň uzynlygy 90, guýrugynyň uzynlygy bolsa 19 santimetrdir. Agramy 30 kilograma ýetýär. Arkasy we gapdaly kümüşsöw-çal, garnynyň aşagy garamtyldyr. Kellesiniň iki gapdaly tumşugyndan gulagyna çenli gara zolakly. Torsuklar Ýewropanyň we Aziýanyň garyşyk we taýga tokaýlarynda, sähralarynda hem-de ýarym çöllüklerinde duşýar. Baýyrlaryň eňňitlerinde, jarlarda we beýleki ýerlerde hin gazyp ýaşaýarlar. Ol daglarda gyş aýlary hininde gyş ukusyna gidýär. Torsuklar ösümlikler, kömelekler, ownuk süýdemdirijiler, gurbagalar, suwulganlar, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Torsuklar Türkmenistanda daglyk we baýyrlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Zyýanly mör-möjekleri iýip, oba hojalygyna uly peýda berýärler. Olar 15 ýyl ýaşaýarlar.

Hüýpüpik — başy «täçli» täsin guş

Biz hüýpüpiklere sähralarymyzda, daglarymyzda, obadyr şäherlerimizdäki baglarda gabat gelýäris. Olar ýelekleriniň ýiti reňki bilen özge guşlardan tapawutlanýarlar. Hüýpüpikler Ýer togalagynyň Afrika, Ýewropa, Aziýa yklymlaryna ýaýrandyr. Olaryň bedenleriniň uzynlygy 25 — 29 santimetre, ganatlarynyň gerimi 44 — 48 santimetre barabar. Ganatlary giň we tegelegräk görnüşde bolup, gara, agymtyl-sary reňkli zolak-zolakdyr.

Tebigat we biz

Garlawaçlar Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Onuň gözelligi örän ajaýyp. Baharda tebigat täze keşbe, täze ýapynja geçýär.