Bahar atly suratkeş

8 Maý 2024
225

Pasyllaryň soltany bahar özüniň täsinlikleri bilen kalplarymyzy joşa getirýär. Bu pasylda Ýer ýüzünde täzeleniş bolup geçýär, janly-jandarlar gyş ukusyndan oýanýar. Daglarda, düzlerde, sähralarda gök otlar, gül-gülälekler gögerip, daýhanlarymyz ekişe girişýärler. Pyntyk ýaran baglarda guşlaryň jürküldeşip, ýaz paslynyň gelendigini buşlaýan sesleri döredijilik adamlaryna aýratyn uly  täsir edýär. Olaryň täze-täze eserleri döretmegine itergi berýär.

Baharyň giň jahany täze, açyk-aýdyň reňkler bilen boýaşyna haýran galýarsyň. Ol reňkler kalbyňda arassa, tämiz duýgulary oýarýar. Reňkler dünýäsi meni durkum-düýrmegim bilen özüne çekýär. Reňkleriň hem öz sesi bar, olaryň her haýsy bir mana eýe. Reňkleriň bir-birine sazlaşyp, täze, owadan öwüşgine geçişi, baharyň döredýän gözellikleri, tebigata müň öwüşginli reňkleri çaýyşy ylham joşgunyňy artdyrýar. Asmana garanymyzda, açyk dury gök reňki görýäris. Bu reňk kalbyňda rahatlyk duýgusyny döredýär, şeýle hem uç-gyraksyz gök deňzi ýatladýar. Tebigatyň ýüzi pasylma-pasyl dürli reňkler bilen üýtgeýär. Asmandaky ak bulutlar ak pamyk ýaly owadan, özüne çekiji, ýumşajyk per ýassyk ýaly. Bulutlaryň üýtgäp durýan şekilleri üýtgeşik bir erteki gürrüň berýän ýaly görünýär. Ol täze eserleri döretmäge ylham berýär.

Ogulnäzik Çopanowa,
Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.