Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasy: sagdyn durmuşyň girewi

2 Dekabr 2022
498

Türkmenistan döwleti dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynda häzirki wagtda ählumumy wajyp meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepilidir!» diýen filosofiki taglymatynyň özenidir.

Häzirki wagtda ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, öz üstüne alan we halkara borçnamalarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.