Köpgülli ammaniýa

7 Iýun 2024
193

Häsiýeti. Medeni oturym derman ösümligi. Köpgülli ammaniýa – gelingüllüler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5-10 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy göni, inçe, dört gyraňly, ýönekeý ýa-da şahalary ýokarlygyna gyşyk gönügen. Aşaky ýapraklary ujy çowly, esasy gysylan, galanlary çyzykly, esasy ýürek görnüşli giňän, gulaklyja, uzynlygy 4-20 mm, ini 1-3 (5) mm.

Gülleri ownuk, köp sanly, goltukda ýerleşýär, 3-7-güllüje ýarym saýawanly, gül sapagy inçe, uzynlygy 2-3 (5) mm-e çenli. Gül ýapraklary melewşe, ters ýumurtga görnüşli, okarajygynyň uzynlygy 1-1,5 mm, jaňjagaz şekilli, dört gyraňly, ýiti üç burçly ülüşli we sähelçe görnüp duran çykyntgyly, miwede ýarym şar görnüşli. Tyçinkasy dört sany. Sütünjiginiň uzynlygy, takmynan, 1 mm. Gozajygy şar görnüşli, okarajykdan sähelçe uly. Tohumy ownuk, uzynlygy, takmynan, 0,2 mm.