Kim gan tabşyryp bilýär?

7 Iýun 2024
210

Donoryň gany, kähalatlarda näsagy sagaltmak üçin ýerini çalşyp bolmaýan serişdedir. Aýratyn-da, donorçylygyň möhümligi şunuň bilen baglanyşyklydyr. Islendik sagdyn adam gan donory bolup bilýär.

Milletine, ýaşaýan ýerine, durmuş ýagdaýyna garamazdan, ýaşy on sekizden altmyşa çenli, gan ýa-da onuň düzüm böleklerini tabşyrmagy üçin saglygy boýunça garşy görkezmeleri bolmadyk adamlar donor bolup bilerler. Gan tabşyrmagy isleýän adamyň ýanynda pasporty ýa-da özüniň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasy bolmaly. Donorlar 350-450 ml gan tabşyryp bilýärler.

Gülnara AHMEDOWA,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň baş müdiriniň Gan merkezi boýunça orunbasary.