Düýe çaly — derde melhem

7 Iýun 2024
208

Merdana pederlerimiz irki döwürlerden bäri nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklarynyň aladasyny edipdirler. Ýylyň dowamynda gyşyň aňzakly sowugyndan, tomsuň jöwzaly yssysyndan goranmak üçin dürli görnüşli egin-eşikler bilen bir hatarda iýlip-içilýän iýmitleri hem taýýarlapdyrlar. Milli tagamlaryň arasynda burçly unaşy sowuklamadan saplanmakda yzygiderli içilen bolsa, düýe çaly suwsuzlygyňy gandyrmakda peýdalanylypdyr. Howanyň gyzgynlygy adamy suwsadýar. Ynha, şonda düýe çaly janyňa melhem, derdiňe em bolýar. Türkmen halky irki döwürlerden bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp, olaryň ýüňünden we derisinden egin-eşikleri, etinden hem süýdünden dürli tagamlary taýýarlapdyrlar.

Maldarçylykda düýedarçylyk aýratyn orny eýeläpdir. «Düýe maly — dünýe maly», «Düýeli baý — dünýäli baý», «Düýe çaly — derde däri» diýen atalar sözlerimiz ata-babalarymyzyň düýelerden asyrlarboýy peýdalanyp gelýändigine şaýatlyk edýär. Uzak ýola gidende esasy ulag düýe bolupdyr. Sebäbi suwsuzlyga çydaýan bu jandar ýük we adam daşamakda ähmiýetlidir. Düýe iň gazaply, iň gurak tebigatda ýaşamaga uýgunlaşan, çydamly maldyr. Onuň iýmiti tebigatyň güýjüni, güneşiň ýokumly şöhlesini özüne siňdiren dürli dermanlyk otlardan, aýratyn hem, ýandakdan ybarat bolandygy üçin, düýe süýdüniň düzüminde adam üçin dürli peýdaly maddalar köpdür.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmasiýa kafedrasynyň müdiri.