Ynsanperwerlik ýörelgesi rowaçlanýar

7 Iýun 2024
316

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherindäki döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalar gatnap we ýatymlaýyn bejergi alýarlar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň, şol sanda mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalarynyň lukmançylyk barlaglaryna we olara dürli operasiýalary geçirmäge, bejergi almaklary üçin yzygiderli hemaýat edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermegi esasynda gaznanyň müdiriýeti tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň sagdyn ösüp kemala gelmegi babatynda ençeme asylly işler durmuşa geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy tarapyndan haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin mynasyp bolan güwänamasynyň gowşurylmagy bolsa, bu gaznanyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde giň ykrarnama eýe bolýandygynyň anyk kepilidir. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk, jebislik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we bu ugurda durmuşa geçirýän giň möçberli işleriniň mydama halkara derejesinde uly goldawa eýe bolýandygy halkymyzyň ýürek buýsanjyny has-da artdyrýar.

«Saglyk».