Alma näme üçin peýdaly?

7 Iýun 2024
279

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bellenilişi ýaly, alma bedene oňyn täsir edýän ýokumly maddalaryň köp görnüşini saklaýar. Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy Selbi Mämmetsähetowa habarçymyzyň haýyşy bilen peýdaly we tagamly miwe — alma hakynda gürrüň berýär.

Alma irki döwürlerde dünýäniň ähli ýerlerinde ilki ýabany görnüşde peýda bolupdyr. Soňra ol medeniýetleşdirilip, ähli dünýä ýurtlarynda diýen ýaly medeni şertlerde ösdürilip, ýetişdirilip başlanylypdyr. Bu diňe bir almanyň üýtgeşik tagamy, peýdaly häsiýeti däl-de, onuň gadymyýetden bäri keramatly, adatdan daşary güýje eýe bolan miwe hasaplanylyp gelnendigi bilen baglanyşyklydyr. Muňa gadymy rim, müsür, pars, grek miflerinde (toslama), halk döredijiliginde alma bilen baglanyşykly wakalara uly orun berilmegi hem güwä geçýär. Türkmen halk ertekilerinde, rowaýatlarynda alma halallygyň, ýagşylygyň, yşk-muhabbetiň, gözelligiň nyşany hökmünde seredilýär. Alma baglygyna bürenip oturan sebitleriň köp bolandygy üçin jahankeşdeler Orta Aziýany «alma şalygy» diýip atlandyrypdyrlar. Hakykatdan-da, bu miwe Orta Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem iýmitinde esasy orunlaryň birini eýeleýär.

«Saglyk».