Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl Obasenagat toplumy
Oba hojalyk pudagyny özgertmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrdy. Bu maksatnamany, şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin amatly şertler döredildi. Oba hojalygyny ykdysadyýetiň düşewüntli pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylýar, bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işlere kuwwatly itergi berildi.