Agzybirlik we ruhubelentlik bilen
Düýn welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň şu ýylyň 26-njy martynda geçiriljek saýlawlary boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahaty geçirildi. Maslahat oňa gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyrylmagy bilen başlandy. Şeýle hem olara saýlaw toparlarynyň ulgamy barada düşünje berlip, welaýat, etrap, şäher, okrug saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary bilen tanyşdyryldy. Saýlaw okruglaryny we uçastoklaryny döretmegiň, olaryň araçäklerini kesgitlemegiň hem-de ilatyň dykgatyna ýetirmegiň tertipleri hem okuw maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hataryndan orun aldy. Bulardan başga-da dalaşgärleri hödürlemek we olary bellige almak baradaky degişli saýlaw resminamalary bilen tanyşdyrmak hem-de resminamalary dogry doldurmagyň tertibini düşündirmek boýunça gözükdirmeler berildi. Bellenilişi ýaly, şunda syýasy partiýalaryň, raýatlaryň toparlarynyň mejlisleriniň, ýygnaklarynyň beýany, dalaşgärleriň razylyk arzalary, olary bellige almak barada saýlaw toparlarynyň teswirnamalary möhüm orny eýeleýär