Döwür öňe gitmegi talap edýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly turuwbaşdan taryhy wakalara beslenýär. 21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň ählitaraplaýyn, şol sanda kanun çykaryjylyk ulgamynyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýan taryhy çözgütler kabul edildi. Mejlisde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilip, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwrüň üýtgäp durýandygy bilen baglydyr. Şunlukda, bu taryhy çözgüt, öz nobatynda, milli kanun çykaryjylyk işinde täze, has işjeň tapgyryň başlanýan