Durmuş şeýle diýýärler... (oýlanma)
«Ýok, ýok» diýdim. «Sen öte ýuwaş gelýäň. Durmuş gurjak ýigidiň birneme dogumly, gepe çeper bolsa ýagşy. Ol seni we maşgalaňy gorap bilmeli, ýogsam, durmuş diýeniň çarkandakly ýol diýmeýärlermi näme?! Durmuş hakda kimi gürletseň şeýle diýýär... Durmuş durşy bilen çarkandakly bolsa, özem gaty agyr bolsa... Seniň bu bolşuň bilen, biz ony alyp çykyp bilmeris. «Käbir gyzlar ýaly, men birneme dogumly bolsadym... Belki, ýöne men olam däl» diýdim. «Seniň bu sadalygyň, ýuwaşlygyň bilen ol diýilýän durmuş bize eýgertmez» diýip, ýene gaýtaladym. Bu sözleri biriniň ýüzüne basyp, gönümel aýdyp bilmäge-de güýç gerek ahyryn. Ýöne men welin, şol pursat seniň ýanyňda özümi gaty dogumly alyp barypdym. Pert-pert gürläpdim. Görüp otursam, şol wagtam seniň maňa bolan söýgiňden güýç alyp, şol sözleri dile getiren ekenim. Sen bolsa gürläp başladygym, asyl ýeke agyz gürlemän, doňup galardyň. Men aýdasymyň gelýän zatlaryny birin-birin aýdypdym, birden göwnüňe degýän bolaýmaýyn diýip, pikir hem etmändirin. Indi käteler şol sözlerim üçinem ötünç soraýasym gelip gidýär. Emma şol wagt, uly iş bitiren mysaly, hoşlaşyp, ol ýerden uzaklaşypdym. Sen welin, şondan soňam esli wagt yzymdan garap galypdyň... * * *