Ýokary işjeňlik üstünlige ýetirýär
Welaýatymyzyň edermen daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen ekin meýdanlarymyzdan önýän guşgursak dänäni gaýtadan işlemekde degişli kärhanalarda ýokary zähmet üstünliklerine ýetilýär. Halkymyzy zerur bolan azyk önümleri bilen üpjün etmekde ýokary öndürijilikli işleýän şeýle kärhanalaryň biri-de «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşigidir. Kärhananyň işgärleriniň geçen ýylda ýeten belent sepgitleri-de bu ýerde zähmetiň gaýnap joşýandygyna doly şaýatlyk edýär. Ilki bilen geçen ýylyň 12 aýy boýunça birleşigiň özünde we onuň garamagyndaky kärhanalaryň ählisinde uny, kepegi, tüwini, bugdaý we manny ýarmalaryny we süýji-kökedir unaş önümlerini öndürmekde bellenilen meýilnamalaryň ählisiniň artygy bilen berjaý edilendigini bellemek gerek. Iň ýokary zähmet üstünlikleriniň hatarynda çörek we çörek önümleriniň önümçiligini görkezmek bolar. Çünki bu boýunça bellenilen meýilnama 3 essä golaý artyk ýerine ýetirildi. Ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň meýilnamada bellenilen 16 290 tonnasynyň deregine 45 207 tonnasy öndürilip, meýilnama 277,5 göterim berjaý edildi. Bu belent sepgitde önümçilik birleşigine degişli bolan Türkmenabadyň 1-nji we 2-nji, şeýle hem Kerkiniň we Seýdiniň çörek kärhanalary