Üç arka — bir hünär
Ir döwürde şirin dilli ýazyjylarymyzyň biri Berdimuhammet Gulow: «Otuz ýaşdan soň elli ýaş şaglap geläýýär...» diýýärdi. Wah, elli dagy nämejik? Ýetmişden habar ber! Ýetmişden soň ýatlamalara-da ýer tapylýar. Hasam ýaşlyk döwrüň wagty bilen seriňden gitmeýär. Ýaşlyk — hyjuwyň, joşgunyň möwç urýan döwri. Bir ýerde durasyň gelenok. Dost-ýarlaram köp. Degişme-de ýeterlik, gülüşme-de. Hamala, ýaşlyk ömürlik gelen ýaly. Ýöne beýle däl eken. Ýaşlyk türkmen bahary deýin, tiz sowlup geçýär. Diňe höziri galýar. Ýaşlygyň dostlugam başgaça. Birek-biregi dogandan zyýat görýärsiň. Kyn günlerde dost-dosta arka durýar, dostuň gowy günlerine özünden beter begenýärsiň.