"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Daşky gurşawyň abadançylygy — derwaýys wezipe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan daşky gurşawy goramak, onuň hapalanmagynyň öňüni almak, janly tebigatyň biologik köpdürlüligini gorap saklamak wezipelerine jogapkärçilikli çemeleşýär we bu ugurda aýratyn işjeňlik görkezýär. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň bütin dünýäde öňe sürülýän başlangyç bolmagynyň esasy sebäbi hem tebigy baýlyklaryň çäkli bolmagydyr. Çünki tebigy baýlyklary bisarpa ulanmagyň, gereginden artykmaç sarp etmegiň diňe bir ekologiýa babatda zyýanly bolman, eýsem, geljekde ykdysady taýdan hem ýaramaz netijelere getirip biler.

«Akylly» şäher konsepsiýasy: döwrebap durmuş we durnukly ösüş

Halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Ýer ýüzüniň umumy meýdanynyň, takmynan, 1 göterimini eýeleýän şäherlerde dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýar. Sarp edilýän energiýanyň we howa zyňylýan gazlaryň 75 — 80 göterimi hem şäherleriň paýyna düşýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawyň abadançylygyny goramak we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak meselesi ör-boýuna galýar. «Ýaşyl» çözgütlere esaslanyp, şäheri sazlaşykly hereket edýän bitewi ulgama öwürmäge gönükdirilen «akylly» şäher konsepsiýasy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. irleşen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2008-nji ýylda oba bilen şäher ilatynyň sany deňleşen bolsa, 2050-nji ýyla çenli Ýer ýüzüniň ilatynyň, takmynan, 85 göteriminiň şäherlerde ýaşajakdygy çaklanylýar. Iki asyra barabar wagt bäri dowam edip gelýän senagatlaşma eýýamynyň netijesinde ýüze çykan şeýle ýagdaý mundan beýläk şäherleriň ösdürilişi bilen baglanyşykly wezipelere has-da oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär.

Ekologiýa abadançylygy: geljege gönükdirilen tagallalar

Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi, megerem, älem-jahan döräli bäri dowam edip gelýän sazlaşygyň saklanmagyna bagly bolsa gerek. Taryhda «senagatlaşma eýýamy» diýlip atlandyrylýan iki asyra barabar döwürde adamzadyň tebigaty «boýun egdirmäge» ymtylyşy şol sazlaşygyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Dünýäde ilatyň artmagy, önümçiligiň ýokarlanmagy, sarp edişiň güýçlenmegi, bir tarapdan, durmuşymyza uly eşretleri eçilýän bolsa, beýleki tarapdan, tebigy baýlyklaryň ölçegsiz peýdalanylmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýüze çykarýar. Emma beýle diýildigi adamzadyň asyrlaryň dowamynda gazanan eşretlerinden ýüz öwürmelidigini däl-de, eýsem, ylmy-tehniki öňegidişlige daýanyp, emele gelen ýagdaýyň çözgüdini tapmagyň wagtynyň gelendigini aňladýar. Bütindünýä derejesinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde bütin dünýäde howanyň üýtgemegine bagyşlanyp guralan sammitde kabul edilen hem-de häzirki wagta çenli 200-e golaý döwlet tarapyndan tassyklanan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny bellemelidir. Bu resminama adamyň tebigata ýetirýän zyýanly täsiri netijesinde bütin dünýäde ho

Gözel tebigatyň gujagynda

Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar.

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlyk babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

«Ýaşyl» ösüş üçin hünärmenleriň taýýarlygy

Adamda işjeňligiň artmagy netijesinde, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklar ykdysadyýetiň gurluşyna täzeçe garamagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ykdysadyýetiň «ýaşyl» hem-de galyndysyz nusgalaryna gyzyklanma barha artýar. Türkmenistanda hem «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň abadançylygy, raýatlaryň durmuşy üçin ekologik taýdan amatly şertleri üpjün etmek boýunça strategik wezipeler öňe sürülýär. Täze ykdysady wezipeleriň çözgüdine ýardam etmäge ukyply, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolsa şol maksatlara ýetmek üçin zerur bolan iň möhüm şertleriň hatarynda orun alýar. Soňky ýyllarda dünýäde işewürligi alyp barmakda tebigat bilen sazlaşyklylygy üpjün etmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine uly üns berlip, bu babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şu ýerde «ýaşyl» ykdysadyýet düşünjesiniň üstünde aýratyn durup geçmek zerur. Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň berýän kesgitlemesine görä, «ýaşyl» ykdysadyýet daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiriň peselmegi netijesinde ekologiýanyň gowulanmag

SUW ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Ata Watanymyzda durnukly ösüşi üpjün etmekde döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ekologiýa syýasaty babatynda alnyp barylýan işler syýasy, ykdysady, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler ekologiýa meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ajaýyp işler diňe bir türkmen halkynyň bähbidine däl-de, eýsem, bütin adamzadyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine öz saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistan bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlary öňe sürüp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Ekologiýa medeniýeti — abadançylygyň gözbaşy

Döwletimiz daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ýurduň öz çäginden çykyp, dünýä ýüzünde bitewi ekoulgamy döretmäge, ekologiýa medeniýetini ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ýaşaýşy işjeň wagyz etmäge gönükdirilen netijeli işleri alyp barýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda ähli tagallalar birleşdirilip, degişli kanunlar kabul edilip, bir bitewi jemgyýeti emele getirýän her bir raýatyň ekologiýa medeniýetine eýermegi zerurdyr. Çünki döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasaty hemişe bolşy ýaly, umumadamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmat edýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň özüniň ekologik ýagdaýyny gorap saklamak maksady bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine goşulandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle hem BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna agzadyr. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, döwletimiz tarapyndan her bir raýatymy

Ekologiýa howpsuzlygy ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti

Adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryny paýhas eleginden geçiren ata-babalarymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýörelgesi milli mirasymyzda orun alypdyr. Pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi, topragymyzy abadanlaşdyrmak we ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmak babatynda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinde umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän işleriň waspyna aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň durmuş pelsepesi adamy diňe ýagşylyga, haýyr işlere atarýar. Haýyr işleriň mazmun çygry bolsa türkmençilikde giň düşünjäni aňladýar. Ýagny pederlerimiziň paýhas gorlary, durmuş hakykatlary seljerilende janly-jansyz ähli zatlara sylag-hormatyň nyşany duýulýar. Munuň düýp mazmunynda bolsa, giň dünýägaraýyş, ýaşaýyş-durmuşa gözellik bilen garamak we söýüp-söýlüp ýaşamak düşünjeleri bar. Başgaça aýdanymyzda, ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirýän bu gymmatlyklar dünýäniň dörediliş manysyny beýan edýär. Bu giň dünýägaraýşyň içinde ata-babalarymyzyň tebigata bolan söýgüsi hem mynasyp ornuny eýeleýär. Çünki tebigatyň gözelligi yns

Tämiz ekologik gurşaw — röwşen geljegiň güwäsi

Türkmen topragy ösümlik we haýwanat dünýäsine gaty baýdyr. Ol özüne mahsus daglary, düzleri, derýalary we beýleki suw çeşmeleri, sähralary we jeňňelleri bilen tapawutlanýar. Olaryň ekologiýa taýdan arassalygy ynsanlaryň saglygyna kepil geçýär, şu gününi we röwşen geljegini ak ýollara atarýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilendir. Tebigatyň gözelliklerini has-da artdyrmak, ony gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzy tokaýlaşdyrmak boýunça geçirilýän köpugurly toplumlaýyn çäreler umumy döwlet bähbitlerini we onuň ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegi göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilýär. Ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlary ýaýratmak, adamlaryň arasynda ekologiýa bilimleri giňden ýaýratmak, ilaty habarly etmek, tebigaty goramak baradaky wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyz ýol, köpri gurmagy hem-de bag ekmegi iň bir sogaply işler hasaplapdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wa

Ekologiýa abadançylygy — halkyň sagdynlygy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy umumadamzat ösüşiniň ähli ugurlary babatynda kämilleşýär. Ýurdumyzyň ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle belent at-abraýy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan tebigaty we daşky gurşawy aýawly saklamak we goramak babatyndaky umumy halkara tagallalaryna hem işjeň goşulýar. Tebigaty gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

Sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelerini Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygynyň halkara ekologiýa hukuk kadalary bilen sazlaşyklylykda yzygiderli kämilleşmeginde hem görmek bolýar. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň hem-de howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde wajyp wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň, 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilip geçilmegi örän ähmiýetlidir. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda hem bu halkara ekologiýa seneleri uludan bellenilip geçilýär.

Ekologiýany goramagyň hukuk esaslary

Daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilip, ekologiýa kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegi, bu babatda birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda beýan edilýän ýörelgeler we kabul edilen kanunlar amatly daşky gurşawa bolan konstitusion hukugyny kepillendirmek bilen, ekologiýany, daşky gurşawyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirleriniň hem-de ekologiýa abadançylygyna abanýan howplaryň öňüni almak bilen baglanyşykly seresaplylyk çäreleriniň geçirilmegine degişli meseleleri düzgünleşdirýär.

Ekologiýa we biz

Eşretli geljegimiziň aladasynda Ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Ýollar şuglazar bolsun, çöller lälezar bolsun!

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ekologiýa abadançylygy, tebigy ekoulgamlaryň abatlygy babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty il-ýurt bähbitli taslamalaryň, durmuş-ykdysady maksatlaryň tebigat bilen sazlaşykda ýola goýulmagyna gönükdirilýär. Şunlukda, senagatyň tebigata, adam saglygyna zyýanly täsiriniň peseldilmegi we daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy, tebigy çeşmeleriň energiýalarynyň peýdalanmagy we landşaft dürlüligiň saklanyp galmagy bilen baglanyşykly döwrebap çözgütler kabul edilýär. Täze ýerleri özleşdirmek, suwarymly meýdanlaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ilatyň ýaşamagy we işlemegi üçin amatly gurşawy döretmek, tebigy baýlyklary tygşytlamak maksady bilen, ykdysadyýete ylmy täzeçillikler, «ýaşyl tehnologiýalar», «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgeleri ornaşdyrylyp, ösüşiň täze — innowasion basgançaklaryna geçilýär.

Hazaryň kenarynda

Beýik Biribar türkmen halkyna täsin we gözel tebigaty eçilipdir. Güneşli Türkmenistanyň bir tarapy ençeme baýlyklary özünde jemleýän Garagum sährasyna uzap gitse, beýleki tarapy, Hazar deňziniň jana ýakymly howasy bilen göreni özüne bendi edýär. Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelim-gidimli şäherleriniň biri hem goja Hazaryň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy şäheridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jana ýakymly sergin howaly Türkmenbaşy şäherini ýurduň iri syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şäherden günbatarda  10—12 kilometr daşlykda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligi göreni haýrana goýýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy  dünýä arhitekturasynyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýurdumyzda ekologiýa we durnukly ösüş babatda uly işler alnyp barylýar

5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC — 2024) milli nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de daşky gurşawy we «ýaşyl» geljegi goramagy ugur edinýän halkara guramalaryň, akademiki bileleşikleriň, maliýe institutlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan, iki gün dowam eden forumyň işine dünýäniň 33 ýurdundan wekilleriň 270-siniň gatnaşmagy daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen daşky gurşawy goramak meseleleri babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Işewürlikde «Ýaşyl» mümkinçilikler

Daşky gurşawyň abadançylygy häzirki döwürde dünýä derejesinde iň derwaýys meseleleriň biri hasaplanylýar. Bu meseläniň çözgüdini tapmak köptaraplaýyn çemeleşmäni we tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde işewürlige we önümçilige uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de, dünýä belli kompaniýalaryň köpüsi bu meseleden çetde durman, önümlerini ýerlemekde we hyzmatlaryny ilerletmekde täzeçil çemeleşmeleri, döwrebap çözgütleri peýdalanýarlar. Işewürlikde «eko-marketing» diýlip atlandyrylýan ugruň ösmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Eko-marketing — haryt nyşanyny ösdürmegiň strategiýasy bolup, onuň esasy maksady sarp edijileriň ekologik talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugruň ýüze çykmagy ekologik medeniýetiň ösmeginiň netijesinde, sarp edijileriň jogapkärçiliginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem kompaniýalaryň köpüsi işewürlik nusgasyny üýtgedip, daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärler. Meselem, işjeň dynç alyş üçin niýetlenen «Patagonica» haryt nyşanly egin-eşikleri öndürýän kärhana köp ýyl bäri girdejileriniň 1 göterimini tebigaty aýawly saklamaga gönükdirýär. Sport lybaslaryny öndürýän «Nike» kompaniýasy köne aýakgaplardan basketbol meýdançalar

Eko­lo­gi­ýa baý­ram­çy­lyk­la­ry

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ýan­war aýy

Ekologiýa abadançylygy

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty biziň her birimizi ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gazanmaga borçly edýär. Ýeri gelende bellesek, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ekologiýa, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ony goramak meselelerine dahylly kanunlaryň, kararlaryň birnäçesi kabul edildi hem-de olar iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň täsin we ajaýyp tebigatynyň ygtybarly goralmagy, baýlaşdyrylmagy, onuň baýlyklarynyň aýawly saklanmagy kanunçylyk esasynda alnyp barylýar.