Saglyk — baş baýlyk
Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Amaly lukmançylykda ilaty ýokanç we ýokanç däl kesellerden goramak, keselleriň ýaýramagyna garşy göreş çärelerini yzygiderli we öz wagtynda geçirmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Her ýyl täze antibakterial dermanlaryň sanynyň köpelýändigine garamazdan, antibiotiklere durnuklylygy öwrenmek häzirki wagtda lukmançylykda esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar. Bedende islendik näsazlyk ýüze çykanda näsaglaryň lukman barlagyndan geçmegi hem-de lukmanyň maslahatyny almagy zerurdyr. Lukman barlaglaryň netijesinde derman serişdeleriniň görnüşlerini maslahat berýär.