Goňşy gadyry (Hekaýa)
Muhammet aganyň maşgalasyna seleňläp duran ýerden jaý berdiler. Özem bäş otagly. Girelgeden ätläp, göni ýedi ädim ýokary galsaň, jaýyň gyzyl agaçdan ýasalansoň, ýalpyldysy gözüň ýagyny iýip barýan kaşaň gapysyndan giräýmeli. Birinji gatdan bolanlygynyň bir gowy tarapy, günçykar tarapynda jaýa degipjik duran boşlaw ýeriň bolmagy. Ini ýedi-sekiz ädim bolsa-da, uzynlygyna eslije bar. Ýerligi obadan bolansoň, Muhammet aga muňa aty çykan ýaly begendi. Göçüp gelenler-ä goş-golamyny daşamakdyr ýerleşdirmek bilen başagaý weli, ol gapdal goňşularyny idäp tapdy. — Eger garşy bolmasaňyz, şu ýeri bag-bakja öwräýsem bolmazmy?